Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
SÖÝGI SONETI
Ýazylan wagty: 20 сентября 2012 Ýazan Kab

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?
Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin?
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli!
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni?
Olar size girip-çykýandyr belki,
Seň girip-çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.
Sen aýtsaň-aýtmasaň, bir zat aňladym:
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Awtory Italmaz Akmyradow.
Okalan sany: 1586   Jogaplar: ( 17 )

Kab
20 сентября 2012

Aý, bul-a bolmady. Goşgy formasy ýitipdir. Düzedip bolarmyka?

Salam
20 сентября 2012

duzediler shu gun ya ertir...

Arantes
20 сентября 2012

Tuweleme, gowy goshgy!

Kab
20 сентября 2012

Hany plus goýulýan ýer nirede?

admin
20 сентября 2012


admin
20 сентября 2012

yurejik plus shol teswirlere goyup bolanok entak yone olam bolar

MERLIN
20 сентября 2012

Dogurdanam goshgy formasy yitipdir

bayko
20 сентября 2012

nadip tema acmaly?

Arantes
20 сентября 2012

@bayko, http://wap.nexttm.com/new/

bayko
20 сентября 2012

aaa boldy saol arantes 

Molnia
20 сентября 2012

Menem geldim hemmäňize salam

Arantes
20 сентября 2012

@bayko, bolanyna gora gowy zatlar yazyp dur ;) @molnia, salam! Hosh gelding

Molnia
20 сентября 2012

Arantes dos men ertirdäki ýyldyrym Indi ertiri bloklasalar biz bärik üýşeris

admin
20 сентября 2012

bloklamasalaram gapymyz achyk blum

Arantes
21 сентября 2012

Geliwer yyldyrym, mena elimden geldigiche her ikisinde

HEZRET
28 сентября 2012

Awtory Italmaz Akmyradow.  bu senmi    Kab

Kab
28 сентября 2012

Ýok, men däl, bu merhum şahyr Italmaz Akmyradowyň soneti.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05479 sek. ýüklenen baýt: 36895