Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kämillik ýolunda
Ýazylan wagty: 20 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Kämillik ýolunda

Golaýda paýtagtymyzyň birinjiligi geçirildi. Suwda ýüzmek ýaryşyna gyzlar hem gatnaşdylar we başarnyklaryny görkezdiler. Şonda 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde sport ussatlygyna dalaşgär Keýik Weliýewa ýeňiş gazandy. Keýik 200 metre erkin usulda ýüzmekde hem öňüne türgen geçirmedi.

Bu türgen geçen ýyl Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Ol talyp ýyllarynda hem ençeme ýaryşa gatnaşyp, öz başarnygyny görkezdi. Ýurdumyzyň çempionatlarynda öňdäki hatarlarda boldy. Geçen ýyl Türkmenistanyň kubogy ýaryşynda 100 metr aralyga brass usulynda 1-nji orny eýeledi. Ol geçen ýyl Indoneziýada geçen Yslam ýurtlarynyň ýaryşyna hem gatnaşdy. Ol 400 we 800 metr aralyklara ýüzmekde hem tapawutlandy. Geçen ýyl 400 metr we 800 metr aralyklarda 1-nji ýeri eýeledi. 

Has uzak aralyk bolan 3000 metrde hem ähli arkadaşlaryndan ozmagy başardy. Her ýyl Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen sport ýaryşlaryna giň gerim berilýär. Keýik geçen ýyl Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýaryşda hem özüni görkezdi. Ol 3000 mert aralykda ýeňiş gazandy. Şu ýyl bolsa “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçjek ýaryşlara hem ykjam taýýarlyk görýär. Golaýdaky geçen paýtagtyň birinjiligi onuň üçin şu ýaryşlara taýýarlygyň bir tapgyry boldy.

Keýik Weliýewa häzir Aşgabat şäheriniň 26-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär. Mekdepde sportyň ösmegine özüniň şahsy goşandyny goşýar. Okuwçylary sporta çekmekde görelde bolýar. Sportda gazanýan üstünliklerini onuň tälimçisi Tatýana Konstantinowna Krowýakowa deň paýlaşýar.

Keýik diňe bir suwda ýüzmek bilen meşgullanman, eýsem, ýeňil atletika bilen hem meşgullanýar. Bu başarjaňlygy onuň fiziki taýýarlygyny ösdürýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşyp, bu ugurdan kämilleşýär.

Okalan sany: 403   Jogaplar: ( 1 )

Betman
20 марта 2014

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05344 sek. ýüklenen baýt: 31413