Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÇYDAMLYLYK IŞINDE WE YSGYNDAN DÜŞÝÄN ÝÜKLENMELERDEN SOŇ IÝMITLENMEK
Ýazylan wagty: 20 марта 2014 Ýazan NEXTTM
ÇYDAMLYLYK IŞINDE WE YSGYNDAN DÜŞÝÄN ÝÜKLENMELERDEN SOŇ IÝMITLENMEK

Türgenleriň myşsalarynda glikogen üýtgemeleriniň düzümi baralananda, türgeniň ysgyndan düşýän fiziki ýüklenmelerinden dikelmegi, şol sanda hem çydamlylygy, iki döwürde bolup geçýär we ganda  insuliniň saklanmagy ýakyn aragatnaşykda bolýar. Bu fiziologiki döreýän şertler ýüklenmelerden soň ilkinji wagtyň dowamynda glikogeniň çalt sintezi bilen düşündirilýär. Ysgyndan düşýän fiziki bedeniň ýüklenmelerinden soň ilkinji wagtda uglewodlary kabul etmegi, olary skelet myşsanyň bara-bar öwrenmegine getirýär. Şonda-da, uglewodlary yzygiderli ulanmagyna seretmän, umumy göwrümde olaryň bedene düşmegiň arasynda wajyp tapawudy we myşsada glikogeniň saklanmagy döreýär. Bu aýratynlygy nazara alaňda, diňe ilkinji 5-6 sagatda uly fiziki ýüklenmelerden we çydamlylyk işinden soň, uly mukdarda uglewodlara baýlaşdyrylan düzümli önümleri ulanmagy maksada laýyk bolýar. Ýöne has netijeli tapawudy olary türgenleşigiň tamamlanandan soň,ilkinji 30 minutda ulanmagy.

Bedene dowamly girýänuglewodlarinsulin reaksiýany getirýär. Şonuň görnüşde insuliniň umumy anaboliki täsiriniň dikelme prosessinde ulanmak bolar. Şol zerarly ýönekeý ölçegleri, skelet myşsanyň dikelmegine energetiki kuwwadyny ep-esli tizleşdirýär.

 Şonuň bilen birlikde belli, dikelmegi we hat-da gowy öwezini doldurýan, myşsada glikogeni saklaýan ýüklenmelerden soň, fiziki iş başarjaňlygyň dikelmegi bilen baglanşygy hökman däl. Bu glikogen resinteziniň tamamlanmagy bile bagly bolup, ýüklenmelerden soň dikeldiş döwürde belok sinteziň prosessini tizleşdirýär. Energiýanyň gowy öwezini doldurýan myşsa öýjügi uly fiziki ýüklenmelerden soň  adaptasion sinteziň aktiwleşdirilmegi, sarp edilen belok gurluşy üçin öňünden döreýän şerti bolýandygy hasap edilýär we bu gowy öwezini doldurýanlygy bilen okgunly ugrukdyrýar. Myşsada belok sinteziň ýokarlandyrmagy, hereketli ýüklenmeler gutarandan soň, derrew başlanýar we şonuň üçin esasy öz wagtynda myşsanyň öýüjigini ýeterlikli möçberde uglewodlary bilen üpjün etmeli bolýar. Şonuň sebäbine, çydamlylyga uly türgenleşik işinden soň, ilkinji 30 minutda uglewodlary kabul edilmegi maslahat berilýär ýa-da ysgyndan düşýän türgenleşikde uglewodly ýa-da belokuglewodly “kokteýlleri” görnüşde ( bir iýme 50-75g glýukoza düzümli), emma 60-minutdan soň – belokly iýmitini iýmitlenmek. Bu ep-esli we hakyky güýjiň maksimal derejesiniň ýokarlandyrmagyna ýardam edýär we her hilli çydamlylygyň görnüşi (güýjini, tizligi, aeroby) 10-11% ýönekeý iýmiti peýdalananda deňeşdirilýär. Şonuň ýaly ýüklenmelerden soň ulanylýan biologiki gymmaty belokly iýmitinde günde iki gezek agyr ýüklenmelerden, şeýle hem dikelmegiň işinden soň, dikelmeginiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Okalan sany: 345   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05500 sek. ýüklenen baýt: 31648