Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ MERKEZINDE GURLUŞYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Ýazylan wagty: 20 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ MERKEZINDE GURLUŞYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň merkezi künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şol sanda birnäçe desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary we olary durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda giň gerimde we toplumlaýyn durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasy hem-de onuň barşynda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, esasan-da, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman öňdebaryjy gurluşyk usullarynyň sazlaşmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şäheriň merkezi künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen gyzyklanyp, Hökümet binasynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew häzirki döwürde Aşgabady ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, gurluşyk desgalarynda durmuşa geçirilýän çäreler we gurulýan binalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň, täze tehnologiýalaryň we dünýäniň iň kämil tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, paýtagtymyzda adamlaryň ýokary durmuş ülňüleriniň berjaý edilmegi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi bilen baglanyşykly ähli wezipeleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Paýtagtymyzy gurşap alan giň möçberli özgertmelerde ilatyň we Aşgabada gelýän myhmanlaryň amatly ýaşaýyşy, göwnejaý dynç alyşy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda bina edilen we häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we beýleki ähmiýetli desgalar, döwrebap düzümleriň kemala getirilmegi döwrüň talabydygyny nygtady.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, esasan-da, paýtagtymyzda halkara derejesindäki köpçülikleýin çärelere taýýarlygyň çäklerinde ak mermerli Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek işlerine giň gerim berildi diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa paýtagtymyzyň ýollarynda ulaglaryň sanynyň artýandygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy sebäpli şäheriň ulag ýollarynyň käbirinde hereketiň çäklendirilýändigini nazarda tutup, olar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bilen bilelikde halk köpçüligine yzygiderli ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Munuň özi körpe nesilleriň çagalar baglaryna, okuwçylaryň mekdeplere, şeýle hem talyplaryň ýokary okuw mekdeplerine, raýatlarymyzyň bolsa iş orunlaryna öz wagtynda baryp bilmekleri üçin has-da möhümdir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça alnyp barylýan zerur bolan düşündiriş işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem ak mermere beslenýän Aşgabatda hereket edýän ýolagçy awtobuslarynyň käbiriniň ugurlarynyň üýtgeýändigini, hut şonuň üçinem ýolagçylaryň haýsy ugurlar boýunça gatnasa amatly boljakdygyny ilat köpçüligine yzygiderli ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine bu işde hiç bir bökdençligiň ýüze çykmazlygy bilen baglanyşykly meseleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu künjekde bina edilýän desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, meýdançada we seýilgäh zolagynda ugurdaş düzümleriň döredilmegine ünsi çekip, olarda oturdyljak yşyklandyryş sütünleriniň, ekiljek bag nahallaryň, dürli gülleriň şu künjegiň aýratynlygy, tebigy şertleri bilen utgaşmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagytmyzyň merkezi künjeginde gurulýan binalaryň aýratynlygy, olaryň bezegi bilen baglanyşykly gürrüňini dowam edip, bu ýerde oturdylan uly monitoryň ähmiýeti barada durup geçdi. Milli Liderimiz şunuň ýaly uly göwrümli monitorlaryň paýtagtymyzyň ýene-de birnäçe ýerlerinde oturdylmalydygyny, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda olarda geçirilýän ýaryşlaryň göni ýaýlymda görkezilmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirden taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Şonda paýtagtymyzyň ilaty we Aşgabadyň myhmanlary şäheriň dürli künjeklerinde Aziýada oýunlaryna tomaşa edip bilerler ýaly şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýew bu ýerde döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlary we onuň barşynda Aşgabatda hem-de paýtagtymyzyň töwereklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olaryň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de çyzgylary görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat soňky ýyllarda sebitiň iri işewürçilik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi diýip belledi. Sazlaşykly ösýän we häzirki zaman şäheriniň nusgasyny özünde jemleýän paýtagtymyzda öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik pikirleriň täze gazananlary milli binagärlik däpleri bilen utgaşmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, sýahatçylyk we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara ähmiýetli merkeze öwrülmelidigini belledi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olarda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly ulanylmalydygyny hem-de gurulýan desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň üpjün edilmelidigini, olarda ýokary hil derejesiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Hökümet binasynyň öňündäki meýdançanyň we seýilgäh zolagynyň gurluşygyna ünsi çekip, olaryň bina edilişine, bezeg aýratynlyklaryna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň hem-de onuň töwerekleriniň ösdürilişi bilen tanyşlyk çäresiniň jemini jemläp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe häzirki döwürde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň birine öwrülmegine gönükdirilendir diýip belledi we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

TDH
Okalan sany: 447   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05684 sek. ýüklenen baýt: 37896