Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Nowruz
Ýazylan wagty: 20 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda, 
Ebirler awaz urup, dag kylar duman peýda.

Nowruz baýramy öz köklerini ençeme asyrlardan alyp gaýdýan gadymy baýramdygyny we onuň adamzat gatnaşyklarynda dost-doganlygy we agzybir hyzmatdaşlygy berkidýän baýramdygyny  taryhy maglumatlar ykrar edýär.  Musulman halklarynyň milli hakydasynda we senenamasynda gadymyýetden bäri arzyly orny bolan Nowruz baýramy 2009 ý 24 döwletiň goldamagy bilen Ýuneskonyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010ý. fewral aýynda bolsa BMG. Baş assambleýasynyň 64-nji mejlisinde ýörite Rezolýusiýa kabul edilip, onda her ýylyň 21 marty halkara Nowruz güni diýip yglan edildi.  Bu sene gündogar halklaryň milli baýramy bolup, biziň ýurdumyzyň hem baharyň we ruhybelentligiň güni hökmünde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynda –da hemişelik girizildi. 

 Irki döwürlerde-de Bahar pasly bilen şeýle-de Nowruz bilen baglanyşykly  milli däp-dessurlar barada meşhur “Awesta” kitabynda-da, Omar Haýýamyň “Nowruznama” atly eserinde-de, Abu Reýhan Biruninyň hem “Gadymy halklardan galan ýadygärlekler” atly kitaplarynda  ynandyryjy Nowruzyň waspy beýan edilipdir. Şeýle-de 18 asyryň nusgawy şahyrlarymyz Şebdaýy, Beýik Magtymuly Pyragy hem öz goşgularynda Nowruz baýramy şeýle setir bilen ýatlaýarlar :””  Bu şahyrlarymyzyň edebi mirasyndan ruhlanyp biziň türkmen suratkeşlerimiz hem bu bahar paslynyň gaýtalanmajak pursatlaryny özleriniň  ajaýyp edýitlarynda, peýzaž eserleriň üsti bilen Nowruzyň waspyny doldurýalar.   

Okalan sany: 468   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
20 марта 2014

Hemmanizi Nowruz bayramyäyz bilen gutlayan!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08967 sek. ýüklenen baýt: 31109