Nowruz geldi ülkäme.
Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýramy.
Ony şahyrlarymyz uly hyjuw bilen wasp edipdirler. Omar Haýýam „Nowruznama“ eserinde, „Şeýdip dünýäniň taryhy başlandy“ diýip ýazsa, Magtymguly atamyz:
Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty,
Gije- gündiz hormaty
Günähim güzeşt eýle!
diýip, milli baýrammyza uly hormat goýýar.
Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir.
Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Mukaddes „Awestada“ ol täze üylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Şonuň üçin bolsa gerek „Ýylyk nähili boljakdygy Nowruszdan görüner“ diýen pähim öňden bellidir. Nowruzyň öňi syrasynda ot üakylyp, ondan obanyň ilatynyň ählisi böküp geçip, günälerini ýuwupdyrlar. Nowruzda esasan ösümliklerden taýýarlanylan tagamlary iýipdirler. Et we süýjilikler goşulan tagam uly gazanlarda bişirilipdir. Baýramçylyk saçaklarynyň başyna, şol gün öýe gelenleriň ählisi geçipdirler.
Nowruzda ähli günäler unudylýar. Adamlar birek-birege myhmançylygabaryp, hoş dilegleredüärler, gülüşip-degişip, bir-birlerine şatlyk paýlaýarlar. Täze lybslar geýip, göwünlerini ga;kyndyrýarlar. Hiňňildiklerde uçyp ýagşy arzuwlar edýärler.
Ir wagtlar ýigitleröz halaşýan gyzlary bilen aç-açan gürleşip bilmänsoňlar, ondan çykalga gözläpdirler. Gyzlaryň bolýan öýleriniň depesine çykyp, tüýnikden öz magşuklaryna sowgatlaryny sallapdyrlar. Gyzlar sowgaty kabul edip, yzyna, şol sallanan ýüpe öz sowgatlaryny- tahýa, ýaglyk, ahltajyk,... ýaly ýadygärlik sowgadyny dakyp göýberipdirler.
Ylmy-tehnologiki ösüşdöwründe, ýagny biziň döwürdeşlerimiz , pederlerimiziň däbine eýerip Nowruz baýramyny has giň, has şowhunly bellemäge başladylar. Ol güler ýüzliligiň, şadyýanlygyň, sahylygyň alamatyny özünde jemleýär. Halklary biri-birine golaýlaşdyrýar.
Biziň ülkämizde Nowruz baýramy has giňden bellenilýär. Obalarda, şäherlerde, ýörüte meýdançalarda hiňňildikler dikilýär. Hiňňildigem, onuň töweregem, her köçe, her jaý bezelýär. Al-elwan bolup duran meýdanda hoş owazly gyz-gelinler, basan ýeinden ot çykyp duran ýigitler bezelen geýinişip, owsun atyp ýöriş edýärler, aýdym aýdyp, saz çalýarlar, tans oýnaýarlar. Folkýor toparlarymyz giňden çykyş edip, gadymy däp dessurlarymyzy ile ýaýýarlar. Monjuk atdy oýnaýarlar.
Nowruz geldi, ýaz geldi,
Garga gitdi, gaz geldi.
Oturan adamlara,
Bilbilden owaz geldi.
Geldi täze Nowruzlar,
Seýrana çykdy gyzlar.
Ýaryň gyýa bakyşy,
Ýürek bagrymy duzlar.
Noeruz geldi bu gije,
Gije atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.
Nowruz baýramynda diňe bir folklor toparlarymyz çykyş etmän, ilata iň söýgüli artistlerimiz hyzmat edýärler. Olar öz döwürleriniň ajaýyp adamlarynyň gazanan ýeňişlerini aýdym-saz bilen baýraklaýarlar, gözel tebigatymyzy, asuda asmanymyzy, gün-günden gül açýan ýurdymyzy, Berkarar döwletimizi, Bagtyýar ýaşlarymyzy wasp edýärler. Çagajyklaryň çykyşlary hasam ýakymly bolýar. Döredijilik işgärlerem bu ýylyň ýylyna bellenilýän milli toýumyza sowgatly gelýärler. Olar barada indiki çykyşymyzda gürriň ederis.
Milli Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!
Hudaýberdi Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
20 марта 2014
menem Nowruz bayramy bilen sizin hemmanizi gutlayaryn, sagaman agzybirlikde tutyan toyunyz gutly bolsun!
20 марта 2014
hawa, nowruz bayramy geldi baglar pyndyklap gul achyar, adamyn shahyi acylyar, emma mena bu nowruzda chykysh edip bilemok, gynanyan,
20 марта 2014
gynanma, bu yyl cykysh edip bilmeseniz indiki yyl bar, onsanam siz aydym aytyanyzmy tans edyanizmi name bilen chykysh edyaniz
20 марта 2014
Berdi aganyn yazyan makalalaryny howes okayan, bu gyzykly makalalar dine shu saytda bar, nowruz hakynda gutlag gozlap googl arkaly gozlesem ine ine shu sahypanyn ustunden geldim, men sheyle-de bu sayty gun asha girip gyzyklanyan okayan gyzykly maglumatlar bar bolsa saytyn agzalary bilen paylashyan, gadyrdan saytyn agzalary we admini sizin hemmanizi menem oz gezegimde gutlayaryn janynyz sag bi+olsun, gorjeginiz gowulyk bolsaun, Nowruz bayramynda semeni iymegi unutman
20 марта 2014
Asmandakykebelejik barmyn bir gorunyan bir yityan seninem bayramyn gutly mubarek bolsun!Nowruz geldi, ýaz geldi,Garga gitdi, gaz geldi.Oturan adamlara,Bilbilden owaz geldi.
20 марта 2014
semeni nadip bishirilyar bilyaniniz bar bolsa yazayyn menem synanshyp gorjek
20 марта 2014
aslynda semini bishirmek namani anladyar men onden bari bilemok shol dap dessury kim bilyar
20 марта 2014
Nowruz baýramy mynasybetli ähliňiz saýta üýşupjik geläýdiňizmi.
MILLI BAHAR BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN !!!
20 марта 2014
Men bilýän semeniň bişirilşini. Ilki bugdaýy ekmeki, soňra az wagtdan ösüp çykanja gökje otlary usullyk bilen ýygyp almaly şony hem bişirmeli.
20 марта 2014
Aslynda semeniň döreýşi ol bir rowaýat.
20 марта 2014
shey diysenizle men bilmandirin bu bugdayyn name uçin osdirilyandigini, peydasy kandirde adm uçin
20 марта 2014
semenin rowayaty barada bilyan bolsanyz taze sahypa-da paylashayynda Sasoltan
20 марта 2014
Asmandakebelejik sen wagtynda goýduň semeniň suratyny berekella saňa...
20 марта 2014
noruz bayramy hakynda kop zatlary okadyk bildik, semeni hakynda-da bilsek kem bolmaz
20 марта 2014
Semeni Äşe patmanyň aşy her ýyl nowruz baýramynda esasy üýşüp bişirilýän tagam. Ýaňy hem ýazyşym ýaly bugdaý ekilip belli bir möçberde onuň ýaşylja otunyň suwuny sykyp alýarlar hem azajyk un goşup çala otda ir säherden bişirip başlaýarlar. Gazany ataranyňdan soň bir günläp bişirmeli haýyr sogap üçin goňşy golamlar gezekleşip kömekleşýärler. Ertesi irden taýýar bolansoň gazany açyp görmeli şonda semeniň ýüzünde çyzyklar emele gelýär, il içinde bu hadysa Äşe patmanyň eliniň yzy diýýilýär. Ine bilýänlerimi size ýetirdim .
20 марта 2014

kim iyip goren bolsa tagamy nahili aydyn
menem Nowruz bayramy bilen sizin hemmanizi gutlayaryn, sagaman agzybirlikde tutyan toyunyz gutly bolsun!