Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýurdumyzda geçiriljek sport habarlary...
Ýazylan wagty: 18 февраля 2013 Ýazan NEXTTM
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller institutynyň sport binasynda Basketbol boýunça ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş başlandy. Bu bäsleşige welaýatlarymyzyň ählisinden toparlar gatnaşýarlar.

  ‘’Aşgabat’’bedenterbiýe sport toplumynda 17-21 Fewral aralygynda Dzýudo göreşi boýunça ýaş-ýetginjekleriň, uly ýaşly erkekleriň aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. 

    Paýtagtymyzyň Oguzhan köçesindäki sport toplumynda Fewral aýynyň 17-23 aralygynda sagat 10:00 Futzal boýunça ýetginjekleriň arasyndaTürkmenistanyň çempionaty başlanar.

  ‘’Aşgabat’’köpugurly stadionynda Baýdak baýramyna bagyşlanyp şu aýyň 21-28 aralygyndaTennis boýunça ýaryş geçiriler.

 Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde Fewral aýynyň 21-28 aralygynda Küşt boýunça 12-18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş başlanar.

  Paýtagtymyzyň ‘’Galkynyş’’bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda Fewral aýynyň 21-24 ne Adaty karate boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlanar.

  Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde Fewral aýynyň 22-24 Kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.

  „Köpetdag“ sport toplumynda Fewral aýynyň 24-26 sagat 10:00 Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň gyşky birinjiligi geçiriler.

  „Aşgabat“ bedenterbiýe sport toplumynda Fewral aýynyň 25-27ne Grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanar.

    „Aşgabat“ bedenterbiýe sport toplumynda Fewral aýynyň 25-27 Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlanar.

  Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi    „Aşgabat“  köpugurly stadionynda Fewral aýynyň 27-28 başlanar.
Paýtagtymyzyň „Galkynyş“ bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda Fewral aýynyň 28-ne Kik-boksing boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlanar.

Okalan sany: 515   Jogaplar: ( 4 )

HEZRET
18 февраля 2013

Sagbol! gowy habarlargood

shutnick
18 февраля 2013

good

marala
19 февраля 2013

Tüweleme T-da ýaryşlar köp, şular ýaly ýaryşlar netijeli boluberse dünýäde T-an spot ýaryşlary boýunça birinjiligini gazanar.

Betman
19 февраля 2013

Sportyň netijeleini hem biziň bilen paýlaşsaňyz gowy. halladym 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12689 sek. ýüklenen baýt: 34211