Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
YSSY HOWA ŞERTLERINDE TÜRGENIŇ IÝMITIŇ AÝRATYNLYGY
Ýazylan wagty: 22 марта 2014 Ýazan NEXTTM


YSSY HOWA ŞERTLERINDE TÜRGENIŇ IÝMITIŇ AÝRATYNLYGY

Fiziki taýýarlygy we sport bilen ýokary temperatura şertinde meşgullanmak, organa we bedeniň gurluşyna aşa agramy getirýär. Şeýlelikde has uly dartgyny ýürek-damarda we termoregulýator gurluşynda barlaýar. Ýokary temperatura şertinde fiziki ýüklenmelerde  uglewod ulanyşynyň  ýokarlandyrmagy skelet myşsada, beýnide, miokartda ugradylýar. Bu glikogeniň ýokary harçlanmasyny we myşsada süýt kislotasynyň toplanmagynagetirýär. Mundan başga, suwuň ýitirilmesi bedeniň gaty gyzmagyna we deride gan geçmegiň ýokarlandyrmagyna, şonuň bilen birlikde içki agzalarda ganyň azaltmagyna, gipoksiýanyň ösmegine getirýär. Ýüregiň işleýşini we ganyň goýalmasyny kynlaşdyrýar.

Türgenleşik wagtynda yssy klimat şertinde der bilen birlikde beden üçin wajyp elektrolitler ýitýär. Uly ýitirmeler natriý, kaliý we başga  hloridler bilen miokardyň   işiniň bozulmagyna getirip bilýär.

Şonuň üçin yssy klimat şertinde sport we fiziki taýýarlygy bilen meşgullananda, ilki bilen mineral duzlary we mikroelementleri düzümine girýän suwuklyk ulanmagyny ýokarlandyrmak zerur, suw we ýörite içgiler görnüşünde. Içgiler sowuklyk görnüşde  bolmaly. Eger-de ýörite içgiler ya-da mineral suwlar ýok bolsa , onda ýönekeý gazly suwy bir bulgura 0,5 çaý çemçesi nahar duzy goşup içmeli.

Şeýlede birinji naharlary suwukluk ýagdaýda ulanmagy maslahat berilýär. Iýmit

5-6 saparlyk, az-azdan bolmaly we ýeňil siňýän önümleri goşmaly: aşlar, darog, towuk eti, balyk, gök önümler, we miweler. Şeýle-de “Panangin” we “Asparkam” derman serişdeleri ulanmagy maslahat berilýär, olar elektrolitiň disbalansyny aýyrýar, gaty ýadamany we miokarydyň aşa ýadamagynyň oňüni alýar.

Okalan sany: 461   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
22 марта 2014

Türgenleşik wagtynda howanyň yssy klimat şertinde türgenlere hemmetaraplaýyn ünsi güýçlendirmek zerurdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07542 sek. ýüklenen baýt: 31823