Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ILI DIŇLESEŇ DIŇLE, ÝÖNE ÖZ BILENIŇI ET
Ýazylan wagty: 23 марта 2014 Ýazan Sasoltan

                             ILI DIŇLESEŇ DIŇLE, ÝÖNE ÖZ BILENIŇI ET


   Parasatly Jygalybeg  Röwşenjigi  syrtyna alyp,  bazara ugrapdyr. Şonda bir topar adam:
-
Aý eşek amanat bolaýsa gerek, ýogsam artlaşyp münmezdilerle  -diýip, olaryň duşudan
ötýär.
Ol sözi eşiden garry agtygy bilen ulagyndan düşüşine, ony öňüne salyp sürgüläp ugraýar.
- Bu akmaga serediň. Eşeg-ä boş. Özem dyzdan kirşeniň içi bilen aýagyny süýräp... Jyda bolmasa, ojagaz oglany bir mündürmeli ahyryn - diýip, soňky duşanlar dillenýär.
Ondan soň goja eşege atlanyp, Göroglyjygy hem eýerdip ugraýar. Emma soňky duşanlar hem ýöne geçäýmändirler.
- Eý-ho, bi zaňňaryň ýüregi nähilikä? Çaga ýetim-ýesir halatynda-da oňa beýle zulum edip bolmaz-a. Ol neress-ä süpüdikläp gelýär. Özi bolsa...
- Oglum, Röwşenim, gel, eşege indi sen mün, pyýada men ýöräýin - diýip, Adybegiň atasy eşegiň öňüne düşüberýär.
- Ýeri, indi muňa näme diýersiň?! A-how, aksakgal, oglanyň görjegi öňünde. Seň welin, köpüň ötüp, azyň galypdyr. Eşege özüň münseň bolmadymy?
Şonda Jygalybeg agtygyna ýüzlenýär:
- Görgüňmi, guzym? Ili diňle, ýöne öz bildigiňi et, hoşmy?


Okalan sany: 368   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06015 sek. ýüklenen baýt: 31079