Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport täleýnamasy
Ýazylan wagty: 25 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Sport täleýnamasy
 
Her bir ene – ata öz çagasynyň kämil ösüp ýetişmegini arzuw edýär.  Hem – de her kimiň öz ugry we maslahatlary bar. Emma bu ýerde bir ýalňyşlyk bar. Ol hem ene – atalaryň öz has köp gatnan gurnaklaryny hasaba almagydyr. Olar sporta düýbünden başgaça garap bilýärler. Geliň ýyldyzlara ýüz tutalyň. Olar çaganyň öz ýyldyzyna baglylykda ukyp başarjaňlygyny aýdarlar.

Hamal (21.03-20.04)
Bu çagalar örän gujurlydyrlar. Eger çaga bilen meşşgullanylmasa, onuň  başga tarapa öwrülmegi mümkin. Olar utuşa ymtylýarlar, emma olaryň sabyr – takaty bolmaýar. Çaga özüni gujur – gaýratyny sportuň şu görnüşlerinde görkezip bilýär: boks, sambo we içinde göreş bolan sportuň beýleki görnüşleri.
 
Sowur (21.04 – 20.05)
Bu çagalary bir zat bilen gyzyklandyrmak kyn. Olara öz maksatlaryna ýetmek mümkindigini görkezmeli. Olara tutanýerlilik we erjellilik, öz saýlan ýoly bilen gitmek häsiýetleri mahsus. Ol erjelligi talap edýän sportuň görnüşleri bilen meşgullanyp biler.
 
Ekizekler (21.05 – 21.06)
Olar öz ukyplaryny sportuň ähli görnüşlerinde ulanýarlar. Olar sportuň bir görnüşini öwrenip, oňa bolan gyzygy gaçyrýarlar we beýleki bir görnüşi bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şol sebäpden şeýle çagalara netije gazanmak kyn bolýar. Ekizekler topar oýunlarynda özlerini has oňaýly duýýarlar. Meselem: woleýbol, gandbol, futbol, welosiped ýaryşlary we tansyň dürli görnüşleri.
 
Seretan (22.06 – 22.07)
Bu çagalary hiç bir ýagdaýda hem mejbur edip bolmaýar. Mejbur etmek diňe olaryň gorkusyny we gaýgysyny köpeldýär. Suwda ýüzmek olaryň sporta bolan islegini döredip biler. Şol sebäpden olary suw toplumlaryna ibermeli. Olaryň tebigaty suw bolany sebäpli, olar sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanýarlar: suwda ýüzmek, akwalangly suwa bökmek.

Eset (23.07 – 23.08)
Her bir ýaş eset şahsy ösüşe ýetmäge arzuw edýär. Egerde ol öz işini gerekli depginde alyp baryp, boş wagty hem meşgullansa, onda netije garaşylýan ýagdaýdan hem ýokary bolmagy mümkin. Ony öwmek hem gerekdir. Sportuň görnüşleri: buzda typmak we sportuň beýleki indiwidual görnüşleri.
 
Sünbüle (24.08 – 22.09)
Şeýle çagalara ýaşlykdan özüne bolan ynamy ýokarlandyrmak gerek. Öz – özüne baha bermesini olary öwüp ýokarlandyrmaly we uly maksatlary goýmaly.  Öz – özüne göwnüniň ýetmezligi sportda esasy päsgelçilikleriň biri bolup durar. Olaryň özleri tertipliligi, ykjamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Bu çagalaryň intellektual başarjaňlyklary örän ýokarydyr. Sportuň görnüşleri: küşt, şaşka.
 
Mizan (23.09 – 23.10)
Bu çagalara özünde estetika bolan sportuň görnüşleri zerurdyr. Köp mizanlary sportdaky gödeklilik özüne çekmeýär. Olar iki bolup meşgullanylýan sportuň görnüşlerinde gowy netijeleri gazanýarlar: typmak, şeýping, aerobika.
 
Akrap (24.10 – 22.11)
Ene – atalar ýaş akrabyň güýç - kuwwatynyň çagalykdan daşarda sarp edilmegine ýol bermeli däldirler. Ýaş sportsmenler agyr işlerden gaçmaýarlar, bäsdeşlik olarda utmaga bolan höwesi döredýär. Olary boks, ýaryşlar, sportuň howply ýagdaýly görnüşleri özüne çekýär.
 
Kowus (23.11 – 21.12)
Şeýle çagany sporta bermekden ozal, onda bedenterbiýä bolan höwesi döretmeli, şeýle hem saýlanan ugruň gowy taraplaryny görkezmeli. Olar sportuň şu görnüşleri bilen gyzyklanýarlar: ýaýdan atmak, halkany zyňmak.
 
Jedi (22.12 – 20.01)
Sportuň haýsam bolsa bir görnüşini saýlap, bu çagalar baýrak almana däl – de, türgenleşigi we erjelligi bilen ýeňişe bolan öz ýoluny saýlap almana ymtylýarlar. Şeýle çagalary goldamak we olara dynç almagy öwretmek zerurdyr, sebäbi olar türgenleşige köp güýjüni sarp edýärler. Sportuň görnüşleri: alpinizm we sportuň çydamlylygy talap edýän beýleki görnüşleri.
 
Daluw (21.01 – 19.02)
şeýle çagalar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilýärler. Netijeleri we ýeňişleri gazanmaga, özüni sportuň başga görnüşlerinde synap görmäne ymtylýarlar. Ene – atalaryň esasy wezipesi çaganyň dürli talaplaryny kanagatlandyrjak, öz güýjüni ähli zada bir wagtda gidirmez ýaly sportuň haýsy bolsa bir görnüşine ugrukdyrmakdyr. Sportuň görnüşleri: basketbol, welosiped we motosiklet ýaryşlary.
 
Hut (20.02 – 20.03)
Ene – atalar çaganyň real maksat goýmagyna, öz başarjaňlyklaryny bilmeklerine  kömek bermelidirler. Sebäbi hutlary sportuň içinde bedenterbiýe maşklary bolan görnüşleri özüne çekýär. Suwuň tebigaty Hut çagalara jadyly täsir edýär. Sportuň görnüşleri: sinhron suwda ýüzmek, çeper gimnastika, baýdarkada, kanoeda we ýahtada ýüzmek.

Okalan sany: 441   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
28 марта 2014

AL saňa gerek bolsa diňe şu saýtda türkmen dilinde onda-da sport täleýnamasyny okap bolýar. Başga hiç ýerde ýok zatlaryň biri.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06007 sek. ýüklenen baýt: 36388