Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sambonyň görnüşleri
Ýazylan wagty: 25 марта 2014 Ýazan NEXTTM


Sambonyň görnüşleri
Sambo sportynyň iki görnüşi bar: sport sambosy (göreş) we söweş sambosy.
 
Sambonyň düzgünleri
Samboda ýaşa we jynsa görä agram kategoriýasy boýunça bölmek göz öňünde tutulan.
Sport sambosynda garşydaşy zyňmak, saklamak we aýaklaryna, ellerine agyryly usul ulanmak rugsat berilýär. Samboda garşydaşy eliň, aýagyň we göwräň kömegi bilen zyňmak mümkin. Zyňmak – bu samboda ulanylýan usul bolup, onuň kömeginde garşydaşy deňagramlylykdan çykaryp, halyň üstüne dyz çökdürmek ýa-da göwresiniň bir ýany bilen taşlamak mümkin. Saklamakda samboçy garşydaşyna kellesi ýa-da göwresi bilen gysylýar we şu ýagdaýda ony 20 sekuntlap saklaýar. Eger-de samboçy garşydaşyny ýykyp, özi dik halda saklansa, agyryly usul ulansa, garşydaşyndan 12 ball köpräk alsa, ol möhletden öň ýeňip biler.
4 ball berilýär:
-                     garşydaşy arkan ýykyp, özi hem ýykylsa;
-                     garşydaşy gapdallaýyn ýykyp, özi ýykylmasa;
-                     20 sekundyň dowamynda garşydaşyny saklasa.
 
2 ball berilýär:
-                     garşydaşy gapdallaýyn ýykyp, özi hem ýykylsa;
-                     garşydaşyny kükregine, egnine, garnyna ýyksa, özi bolsa ýykylmasa;
-                     20 sekuntdan az, 10 sekuntdan köp wagtda garşydaşy saklap bilse.
1 ball berilýär:
-                     garşydaşyny kükregine, egnine, garnyna ýykyp, özi hem ýykylsa.
Agyryly usul diýip ýatan halda garşydaşy ýeňilmäge mejbur edýän tehniki herekete aýdylýar. Samboda garşydaşyň aýaklaryndaky we ellerindäki myşsalary we bogunlary gysmak, “düwün”, “ryçag”  etmek rugsat berilýär. Tutluşyk wagty arassa 3-5 minut.
Häzirki wagtda samboda ýaryşlary geçirmegiň alty hili görnüşi bar:
·                   ýarymfinalçylar bilen geçýän teselli beriji söweşli olimpiýa ýaryşy;
·                   finalçylar bilen geçýän teselli beriji söweşli olimpiýa ýaryşy;
·                   teselli beriji söweşsiz olimpiýa ýaryşy;
·                   alty jerime utugyna çenli;
·                   iki ýeňilişe çenli;
·                   toparçalara bölünen halda töwerekleýin ýaryş.
Sambo ýaryşlarynda ýedi sany ýaş toparlary göz öňünde tutulan:

Topar

Ýaşy

Kiçi ýaş

11-12 ýaş

Ýetginjekler

13-15 ýaş

Orta ýaş

15-16 ýaş

Uly ýaş

17-18 ýaş

Ýuniorlar

19-20 ýaş

Ulular

20 ýaş we ondan ýokary

Weteranlar

35-39, 40-44, 45-49, 50-54, 55-59, 60 we ondan ýokary

Okalan sany: 435   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05813 sek. ýüklenen baýt: 42881