Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Magtymguly hem ýaşlar.
Ýazylan wagty: 25 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Magtymguly hem ýaşlar.

Türkmenistanyň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pragynyň eserlerini okamadyk, okamaýan, gaýtadan göz gezdirmeýän türkmen ýok bolsa gerek.

Şahyryň 290ýyllyk toýy mynasybetli onuň eserlerine ýene bir gezek ýüzlenmeli, onuň döredijiligine dünýä ýüziniň adamlarynyň,alymlarynyň, şahyrlarynyň garaýşy bilen tanyşmak isledik. Şonda Magtymgula bolan garaýşyň gün-günden, ýyl-ýyldan ösýändigine, kyýjylarynyň artýandygyna, mertebesiniň belent tutulýandygyna göz ýetirdik.Türkiýede, Astrahanda ýadygärliginiň açylandygyny öňüräkden bilýärdim. Eserleriniň, indi ençeme dile goşmaça terjime edilendigini we toý mynasybetli çet ýurtlarda çap edilýändigini eşitdik. Meň göz öňüme ýer şary, onda Magtymgula giň gerim berilişi geldi. 

Magtymguly uly akyldar. Paýhasy bilen döwürdeşlerini haýran galdyran şahsyýet. Ol hut şu günem saňa içgin täsir edýär. 
Bir ýigidiň aslyn bileý diýseňis,
Märeke-de otur-turuşyn göriň.
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owal ykrarynda duruşyn göriň.

Il içinde „her kimiň ýedi atasy bolýar“  diýen düşünje bar. Azady Magtymgulyny dünýä indiren adam. Üstesine onuň ylym  atasy hem halypasy.

„Ylym öwreden ussat- kyblam pederdir“  diýip, Azadyny belende çykarýar. Biziň paýhas atamyz bolsa Magtymguly bolýar. Ol her setirinde her jümlesinde ýaşlara nesihat berýär.
Asla adamzada ajy söz diýme.
Pakyra-misgine delagat ýagşy.
Bahyla ugrama, ýüzini görme,
Möhüm bitirmäge kinaýat ýagşy.

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil.
Gamgynygöreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara, hemaýat ýagşy.

Magtymguly atamyz bize ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy sargaýar. Ýz ömriňi adamlara, Watanyňa, halkyňa hyzmat etmäge gönükdirmegi tabşyrýar.Ýaşlyk bilen adyňy şöhlelendirmegi öwredýär.
Ýagşylykda ile özini tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolan.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan,
Öz yzzatyn gidir, işden hor bolar.

Biziň ajaýyp döwrümiz, bagtyýarýaşlarymyz bar. Olara bir zat diýseň diňleýärler, aýdanyňy etjek bolüarlar. Köpiň ugruna ylgaýarlar, il-güniňe Watanyna gulluk edýärler. Olar üçin Magtymguly ýaly sahawatly kişiniň her bir sözi gymmat.

Men arada, Garagum žurnalynda Kakajan Müşşikowyň „Perzende Pent“ diýen goşgusyny okadym. Şahyryňbeýik akyldara öýkenişi meni haýran galdyrdy. Ol şele ýazýar:
Saýa berilendir şahyryň kalby,
Asmanda haky saý, Zeminde halky.
Arş deý sahawatly, Ýer deý rysgally,
Ýakyn-ýadyň bilen gara-gadyr bol.
Erk isleseň, dagda göwher daş bolgun,
Görk isleseň, daglara ber, joş bolgun,
Göwräň garrasa-da, göwniň ýaş bolsun,
Gözleriň lebleriňde asal bol.

Men şahyryň goşgusyny doly getirmedim. Onuň zerurlygam ýok. Esasy zat, biziň halkymyzyň öz akyldaryna  goýan sarpasy, ondan öwrenmegi, onuň pikirlerini goldamagy, dowam etdirmegidir. Biziň öňümizde öýkönişe ajaýyp işler dur. Şolaryň many saçýan setirlerine hormat goýmagymyz, olardan  görelde almagymyz zerur. Şeýle adamlar biziň döwürdeşlerimiziň arasynda bolmagy, olaryň nesil hakda alada etmegi ajaýyp häsiýet. Biz olara guwanmaly. Halypalarymyzyň mertebesini belent tutup, akyldarymyza bil baglamaly. Ýaşlarymyzy ruhy belent adamlar edip ýetişdirmeli. Şonda beýik akyldar şahyrymyzyň wesýetlerini ýerine saldygymyz bolar.


H.Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 723   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05661 sek. ýüklenen baýt: 36940