Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Owadanlygyň, ýagşyniýetliligiň we aýdyňlygyň hatyrasyna
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Owadanlygyň, ýagşyniýetliligiň we aýdyňlygyň hatyrasyna

26.03.2014

Nowruz – adamzadyň tebigat bilen birleşmesidir. Däp bolşy ýaly, muňa esas bolup türkmenistanlylaryň bag nahallaryny ekmek boýunça geçirilen ählihalk ýowaryna işjeň gatnaşmaklarydyr. Ýowar güni ýurt boýynça pürli we beýleki balaryň 771 müňden gowrak düýbi ekildi. 

Nowruz maldarlar üçin owlak guzy almak möwsüminiň tamamlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Maldarlaryň çeken zähmetleri bolan naşydan naşyja owlak-guzylar hem baýramçylyk sahnalaryna gatnaşdyryldy. Beýleki oglanjyklaryň alabaýlaryň güjüjjeklerini elde saklaýyşlary ýaly, owlak-guzylaryň eýeleri - ýaşajyk çagalar hem olardan gabanýan ýaly owlak-guzylaryny ellerinden düşürrmediler. Ekerançylar üçin bolsa Nowruzyň gelmegi ýazky meýdan işlerine badalga berilendigini aňladýar. Edil ýene-de sanlyja günden Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişiler. 

Beýleki baýramçylyklaryň her biri ýaly – Nowruza hem myhmansöýerlik mahsusdyr. Hemme ýerde saçaklar giňden ýazyldy, her-hili taamlar hödürlenildi. Gadymy däp-dessurlaryň biri bolan her bir hojalykçy zenan bugdaý maýsasyndan sememnini hökman taýýarlaýar. 


AHAL 

Halkara Nowruz baýramçylygy Ahal welaýatynyň her bir şäherinde we obasynda bahar paslynyň ilkinji günlerinden başlandy. Bäýramçylyk çärelerinden Gökdepe etrabynyň pagta egriji fabriginiň işgärleriniň arasynda geçirilen iň göreldeli ussat bäsleşigini, Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratçylarynyň sergisini görkezmek bolar. Welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk mynasibetli gyzlaryň “Läle baýramy” bäsleşigi, welaýatyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralan kosertler, sahna oýunlary geçirildi. 

Nowruzy Kaka etrabynyň Hiwabad ýaýlasynda güneşli gün garşylandy. Baýramçylyk däp-dessurlary sahnalaşdyrylan oýunlarda döredildi. Olarda waka owadan bezelen orta asyr türkmen obalarynda ýaýbaňlandyryldy. Ýaňy janlanyp başlan tebigatyň şu günlerki ajaýyp pursatlary artistlere özüniň çogly güneşi, ýeňiljek şemaly bilen oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmen folklory we häzirki zaman awtorlarynyň eserleri esasynda taýýarlanan ajaýyp konsert sanlary, intermediýalar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. 

Baýramçylyk güni Ahalyň ýaşaýjylary bilen birlikde biziň ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen köp sanly myhamnalr Köpetdagyň eteginde Nowruzt garşy aldylar. Bu ýerde köpçülikleýin gezelenç geçirildi we giň göwrümli sahnalaşdyrylan oýunlar görkezildi. Ahalteke bedewine atlanan jigitler, owadan lybasly gelin-gyzlar, el hünäriniň ussatlary zenanlar, türkmen obasynyň keşbiniň aňyrsynda düýe we dowar sürülerini bakýanlar, hiňňillikler bu ýeriniň bezegi boldular, ýurudň iň goawy sunagat ussatalry tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler, folklor toparlary çykyş etdiler. Köp sanly myhmanlar at üstündäki oýunlara we sportuň milli görnüşlerine syn etdiler, bu baýramyň däbe öwrüülen görnüşini dadyp gördüler. 


BALKAN 

Baky ýaşlygy alamatlandyrýan Nowruz baýramy Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabatda Balkan daglarynyň eteginde – türkmen topragynyň durkuny täzelän bahar peýzažyna mahsus bolan ýaşyl dag eňňitlerinde geçirildi. 

Milli halylar bilen bezelen ak öýleriň hatarlary, halk senetçileriniň önümleri, ýaňy aýak biten guzyjykdyr owlaklar, köşekler hemmelere halk durmuşynyň özboluşlygyny we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdyp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten baýramçylyk däp-dessurlaryny görkezdi. Häzirki we geçen döwrüň özboluşly arabaglanyşygyny sahna çykyşlarynda we folklor çykyşalrda görkezildi. Olarda Nowruzy garşylamagyň çarwadarlardan we ekerançylardan miras galan hakyky milli däp-dessurlar beýan edildi. Öz durmuşynda köp zatlary gören – howanyň ýagdaýy, üstüşyr geçip barýan guşlaryň özlerini alyp baryşlaryndan, daşky gurşawy synlamak bilen, asman gümmezindäki ýyldyzlaryň ýerleşişimden we halk alamatlaryndan aklyňa sygmajak ýagdaýda oba hojalyk ýylynyň, geljekki hasylyň nähili boljakdygyny öňünden aýdyp bilen ak sakgally ýaşulylar bu dabaralaryň ýaraşygy boldular. Halk arasynda “Ýylyň nähili boljakdygyny – Nowruz aýdar” diýen pähim hem bar. 

Baýramçylygyň dowamynda halk ussatlary bu ýere ýygnanlara gülli keçeleriň, halylaryň, haly önümleriniň we beýleki el işleriň nähili edilýändigini görkezdiler. Bu önümlerdäki dürli reňkler bahar älemgoşaryny ýatladyp, olaryň daşky gurşaw bilen örän sazlaşyklydygyny görkezdi. 

Şu ýyl doglan gününiň 290 ýyllygy bellenilýän türkmen akyldary we şahyry ... Magtymguly Pyragy dabaranyň iň hormatly myhmany boldy. Şahyryň keşbinde çykyş edýänler türkmeniň beýik oglunyň bahar paslyny, bu sebitleriň owadanlygyny wasp edýän goşgularyny okadylar. Elbetde, küşt depdi tansy hem baýramçylyk dabarasynyň şatlygyny has hem artdyrdy, Bu tansy diňe bir welaýatyň folklor-etnografiki toparnyyň agzalary ýerine ýetirmän, eýsem köp sanly baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar hem ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar düzzüm we ýaglyga towusmak oýunlarynda hem özlerini synap gördüler. 


DAŞOGUZ 

Daşoguz şäherinde Milli bahar baýramyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabaralry täze binanyyň dabaralary bilen utgaşyp gitdi. Gülüstan ýaşaýyş massiwinde iki ýüz elli orunlyk täze çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa berildi. 

Baýramçylygyň öň ýanynda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň we welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançalarynda meşhur sazandalaryň, tansçylaryň, bagşylaryň, folklor toparlarynyň, belli estrada aýdymçylarynyň, ýaş zehinleriň gatnaşmaklarynda konsert nomerleri görkezildi. 

21-nji martda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky owadan seýilgähde Nowruz baýramy garşylandy. Säher bilen bu ýere tebigatyň janlaşyny aňladýan gadymy we baky juwan Milli bahar baýramyny bilelikde bellemek üçin daşoguzlylaryň ýüzlerçesi ýygnandy. Hemmeler biri-birilerini gyzgyn gutladylar, hoş sözleri aýytdylar, ata watanyň güllläp ösmegi üçin we her bir öýe abadançylyk arzuw edip, zähmetde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler. Halk sazlarynyň owazlary, bagşylaryň ýürekden ýerine ýetiren aýdymlary alyslarda ýaňlandy. 


Welaýat medeniýet müdirliginiň, şäher merkezi Medeniýet öýüniň meşhur folklor toparlary, tans ansambllary, iň gowy professional we höwesjeň döredijilik toparlary, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň okuwçylary özleriniň konsert maksatnamalaryna käzirki zaman we nusgawy eserler esasynda çuňňur milli däp-dessurlary beýan edýän çykyşlaryny goşupdyrlar. 

Däp boýunça geçirilýän söwda ýarmarkasynda mele-myssyk çörek, gatlama, beýleki çörek önümleri, süýji-köke, kulinariýa önümleri, gündogaryň süýji önümleri görkezildi. Halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatyň önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy. Pälwanlaryň türkmen göreşi boýunça tutluşyklary görkezildi. 

LEBAP 

Lebapda Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar has öňünden başlady. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy örän giňden düzüldi. Türkmenabatda welaýat kärdeşler arkalaşygynyň guramagynda dokma we oba hojalyk pudaklarynyň işgärleriniň bäsleşigi geçirildi. Köýtendag etrabynda ýaşyl begrese bürenen dag eteginde Lebabyň iň gowy aýdymçylarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmaklarynda uly konsert guraldy. 

Baýramçylyk gününiň esasy dabaralary Türkmenabadyň “Çar bag” seýilgäh toplumynda geçirildi. Bu ýerde şäher ýeňil we azyk senagaty kärhanalary özleriniň önümleriniň köp sanly sergilerini guradylar. Welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri göçme sergini guradylar. Onda biziň ata-babalarymyzyň ulanan mis, keramiki we agaç önümleri aýratyn orun eýeledi. 

Haly düşelen giň meýdanda baýramçylyk komserti geçirildi. Türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň milli gňrnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Lebabyň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, täzeleniş baýramynyň waspy uly joşgun bilen wasp edildi. Şeýle hem welaýatyň etrapdyr şäherleriniň tans we folklor toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. 


MARY 

Konsertler, sahnalaşdyrylan oýunlar welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň meýdançalarynda, şeýle hem Wekilbazar etrabynyň täze atçylyk sport toplumynda geçirildi. Dabaralaryň esasy geçirilen ýeri bolsa Murgabyň ajaýyp kenary bolan Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginiň çäkleri boldy. Bu ýere sebitiň ähli etraplaryndan wekilýetler ýygnandy. 

Şahyrlar türkmen halkynyň medeni-taryhy mirasynyň beýikligini görkezýän ruhlandyryjy goşgularyny okadylar. Çagalar we ýaşlar bu ýerde gurlan örän uly hiňňilikde şatlandylar. Ýaş jiitler öz bedewleri bilen ussatlyklaryny görkezdiler. Çagalar we ýetginjekler öýleriniň zehinlileri halk ertekileri esasynda kiçi sahna oýunlaryny görkezdiler. Folklor toparlary we artistler gülkili sahna bilen çykyş etdiler, bagşylar we tans toparlary, ýaş aýdymçylar öz çykyşlarynda gadymy Nowruz baýramyny, Watanyň giňişliklerini, bereketli türkmen topragyny, onuň ruhy baý halkyny wasp etidler. 

Bezelen ak öýlerde we çadyrlarda türkmen halkyna mahsus bolan gadymy däp-dessurlar dikeldildi, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmaklarynda ýaglyga towusmak, tanap çekmek ýaly halk oýunlary oýnaldy, türkmen göreşi tutuldy. 

Amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň, oba hojalyk önümleriniň sergisi baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň we onuň filiallarynyň ylmy işgärleri, şeýle hem şahsy muzeýleriň eýeleri milli erkek we zenan lybaslaryny, türkmen halkynyň medeni we durmuş predmetlerini görkezdiler.

Çerkez NYÝAZMÄMMEDOW, Toýjan BORJAKOW, 
Ismail IBRAGIMOW, Marstal BEKTASOW, 
Alekseý ÇERNÝAÝEW, Romella MARTIROSOWA, 
fotosuraty H.MAGADOWYŇKY

Okalan sany: 928   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
26 марта 2014

Awtor ähli welaýatlaryň Nowruz baýramyny belläp geçişini diýseň gowy suratlandyrmagy başarypdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06782 sek. ýüklenen baýt: 55309