Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde sebitde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we oba hojalyk işleriniň barşy, ýerlerde durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdy. 


Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyna ugramazyndan öňürti paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky, hususan-da, halkara howa menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň halkara howa menziliniň birinji nobatdakysy bolan 2-nji Ýolagçy terminalynyň açylmagy ýurdumyzyň ulag düzümini kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm tapgyry alamatlandyrar diýip belledi. 

Ýurdumyzda, esasan-da, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine her bir düzümiň öňjeýli goşant goşmaklygyny arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlady we bu ýerden Daşoguz welaýatyna tarap ugrady. 

Az salymdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz şäheriniň howa menzilinde gondy. 

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbir, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri mähirli garşylaýarlar. 

Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar. Hormatly ýaşulular duz-çörek hödürleýärler. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler, Türkmenistana bolsa rowaçlyk arzuw edilýär. 

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisi bilen mähirli salamlaşyp, ýaşulular bilen söhbetdeş boldy we ýurdumyzda hem-de demirgazyk welaýatda amala aşyrylýan özgertmeler babatda olaryň pikiri, ýerli ýaşaýjylaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdiler. 

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde welaýatyň geljekki gurluşyklary barada anyk maglumatlary berýän taslamalar bilen tanyşdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa we Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Esasan-da, wise-premýer medeniýet günleriniň geçiriljek ýeri, çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän ak öýleriň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada habar berdi. Şeýle hem ol esasy medeni çäreleriň geçirilýän ýerinde oturdyljak uly göwrümli ekran, sahnany abadanlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama, bu künjegiň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlygy, suw çüwdürimleri hakynda aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä ulgamyna goşulyşmagyň giň medeni we maglumatlar giňişligini döretmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligi ýaly çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz medeni çärelere döwrebap çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmagyň, olaryň başlangyçlaryny hem-de hünär taýdan ussatlyga gyzyklanmalaryny höweslendirmegiň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. 

Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň netijeli guralydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara döredijilik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, medeniýet edaralarynyň bilim we terbiýe ulgamynyň özara gatnaşyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns bermelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geçiriljek çäreler barada aýdyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmak, medeni çäreleriň guralýan ýerleriniň bezeg aýratynlyklarynda milliligiň äşgär duýulmagyny üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna sebitde gurluşygy alnyp barylýan we geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň taslamalaryny hem-de çyzgylaryny hödürledi. 

Hödürlenen taslamalaryň hatarynda “Daşoguz” şypahanasynyň täze binasynyň taslamasy hem bar. Bu şypahana Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşer. Şypahananyň köne binalarynyň golaýynda 200 orunlyk, üç gatly döwrebap şypahananyň binasy peýda bolar. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Munuň özi dynç alýanlara halkara ülňüleriniň derejesinde hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz şypahananyň çägini bagy-bossanlyga öwürmek meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, bu işe alymlary çekmek, şeýle hem demirgazyk welaýatyň toprak-howa şertlerinde oňat ösýän we ýerli tebigy görnüş bilen aýratyn zaslaşyk döredýän agaç nahallaryny seçip almak babatda tabşyryklar berildi. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan maldarçylyk toplumynyň, Köneürgençde ýylda 6 müň tonna nah ýüplügini öndürýän pagta egriji fabrigiň, şeýle hem Köneürgençdäki kuwwatlylygy 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän zawodyň taslamalary görkezildi. Täze kärhanalar welaýatyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün eder. Ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmaga esaslanýan döwrebap tehnologiýalar bu wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam eder. Kärhana demirgazyk sebitiň pagtaçylyk pudagyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky hem-de Boldumsaz etraplaryndaky kuwwatlylygy 50 müň tonna önüme barabar bolan elewatorlaryň gurluşygynyň taslamalary bar. Ýokary ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyklykda gurulýan kuwwatly elewatorlar birnäçe desgadan ybarat bolan tutuş toplumdyr. Olaryň hatarynda bugdaýy guratmak üçin meýdançalar we gallany wagtlaýyn saklamak üçin bassyrmalar, ammarlar, edara binasy, barlaghana we beýleki otaglar bar. Bugdaý saklanýan desga özbaşdak energiýa üpjünçilik, ýyladyş, howa çalşyş we ýangyn howpsuzlygy ulgamlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde işgärler üçin ähli şertler dörediler, toplumda naharhana, ýuwunylýan otag, dynç alyş otagy we beýleki kömekçi jaýlar bolar. 

Elewatorlar düýbünden täze tehnologik işi bilen tapawutlanar. Awtomatik usulda işleýän kompýuterler bugdaýyň uzak wagtlap saklanmagy hem-de guradylmagy üçin şertleriň döredilmegine aralykdan gözegçilik eder. Dolandyryşyň we awtomatlaşdyrmagyň toplumlaýyn ulgamy gallany ölçemekden, onuň hilini barlamakdan başlap, bugdaýyň saklanjak ýerine hem-de usulyny kesgitlemäge çenli ähli işleri sazlaşykly ýerine ýetirer. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň taslamasy hödürlenildi. Bu merkez iň täze ýokary tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün ediler. Bu ýerde keselleri has takyk anyklamak we zerur bolan halatynda tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler göz öňünde tutular. Mundan başga-da, onuň düzümine ýöriteleşdirilen awtoulaglar üçin niýetlenen duralga girer. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Daşoguz şäherinde täze welaýat kitaphanasynyň gurluşygynyň taslamasyna garady. Bu kitaphana şäheriň merkei böleginde, iki gektradan gowrak bolan meýdançada ýerleşer. Ýedi gatly binada giň okalga zallary, uly we kiçi kitap gorlary, kitaplar muzeýi, seýrek duş gelýän kitaplaryň saklanýan ýeri, Internet-zal, maslahatlar zaly, mejlisler üçin kiçi zal, surat laboratoriýasy, kiçi çaphana, kinoproektor otagy ýerleşdiriler. Kitaphananyň gümmeziniň aşaky böleginde obserwatoriýa gurlar. Bezeginde däp bolan milli binagärligiň ýörelgeleri ulanyljak täze welaýat kitaphanasy şäheriň beýleki ak mermerli täze desgalary bilen aýratyn sazlaşyk döreder. 

Demirgazyk welaýatyň merkeziniň şäher etegindäki Daşoguz-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda şu welaýata mahsus bolan haly göli görnüşindäki täze bazar gurulýar. Bu bazar 35 gektar meýdanda ýerleşer. Söwda merkezinde azyk, senetçilik önümlerini, trikotaž we beýleki harytlary satmak üçin bölümler gurnalar. Onuň merkezi böleginde milli önümleriň dürli görnüşlerini, şol sanda haly önümlerini satmak üçin niýetlenen dört sany söwda meýdançasy ýerleşdiriler. 

Mundan başga-da, welaýat merkezinde degişli düzümli 5 ýyldyzly myhmanhana gurulýar. 

Milli Liderimiziň garamagyna şeýle hem Daşoguzdaky 3 müň orunlyk metjidiň gurluşygy baradaky taslama hödürlendi. Bu metjit tokaý zolagynyň golaýynda 6 gektar meýdanda ýerleşer. Bu ýerde zyýaratçylar üçin myhmanhana, şeýle hem dini dessurlary berjaý etmek üçin ýörite otag we 1500 orunlyk sadaka berilýän jaý gurlar. 

Döwlet Baştutanymyz Ruhubelent etrabyndaky gara mallar üçin (300 baş) fermanyň hem-de süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhananyň çyzgylary bilen tanyşdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Daşoguz şäherindäki haly fabriginiň gurluşygynyň taslamasyny gözden geçirdi. 

Milli Liderimiz bu ýerde guralan tanyşdyryş dabarasyna gatnaşýan Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa we wise-premýr B.Nurmyradowa ýüzlenip, sebitiň zenanlarynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, aýal-gyzlaryň el işini ösdürmek üçin degerli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz bu taslama bilen tanşyp we ony, umuman, makullap, her bir sebitiň özüniň medeni mirasynyň hem-de däp-dessurlarynyň özboluşly aýratynlyklarynyň bardygyny nygtady. Şeýle aýratynlyklary halyçylykda hem görmek bolýar. Onda gadymy türkmen halkynyň döredijilik garaýyşlarynyň ösüşi, onuň çeperçilik we bezeg ýörelgeleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu barada gürrüň edip, türkmen halysynyň özboluşly aýratynlyklaryny, täsin hem-de özüne çekiji nyşanlary, tebigy boýaglary taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary hakynda durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” atly kitabynda bu ajaýyp senet barada inçelik we ussatlyk bilen gürrüň berýär. 

Döwlet Baştutanymyz bu taslamalar bilen tanşyp we olar babatda birnäçe teklipleri hem-de bellikleri aýdyp, täze desgalaryň daşky bezegine düýpli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar babatda anyk teklipleri we bellikleri aýdyp, demirgazyk sebitde amala aşyrylýan ähli gurluşyk işleri ýokary talaplara doly laýyk gelmelidir diýip aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik maýa goýum, gurluşyk taslamasyna sebitiň durmuş we ykdysady ulgamynyň nukdaý nazaryndan garalmalydygyny hem-de serişdeleri talabalaýyk peýdalanmagyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belläp, bar bolan maýa goýum gurallarynyň we tehnologiýalaryň mümikinçiliklerini içgin öwrenmegi tabşyrdy. Olar welaýaty ösüşiň hil taýdan täze derejä çykarmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkimine ýüzlenip, sebitiň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini belledi we bu bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan maldarçylyk toplumyna tarap ugraýar. 

Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyzy duz-çörek bilen garşylaýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň fewralynda Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze maldarçylyk toplumyny gurmak hem-de şu etrapda döwrebap “Täze oba” ilatly nokady döretmek baradaky çözgüt beýan edilipdi. Ine, häzirki wagtda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen toplumyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basyp, sebitiň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Täze maldarçylyk toplumyny synlamagyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu toplumy gurmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Toplumyň düzümine gara mallaryň 500-si üçin niýetlenen ferma, kuwwatlylygy ýylda 2 müň tonna önüme barabar bolan süýdi gaýtadan işleýän seh, şeýle hem ammarlar we beýleki desgalar girýär. Fermany bir wagtyň özünde 40 sany sygyry sagmaga niýetlenen döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. 

Daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün ediljek täze kärhananyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň maldarçylyk pudaynyň önümçilik düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Mundan başga-da, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan, ägirt uly kuwwata eýe bolan oba hojalyk pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder. Geljekki desganyň işe girizilmeginiň durmuş taýdan ähmiýeti hem örän uludyr, çünki munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

Milli Liderimiz ýerli hojalykda işleýän adamlar, şol sanda sagymçylar bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz olaryň zähmet we durmuş şertleri, iş-aladalary bilen gyzyklandy. 

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmak, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtap, maldarlaryň hem-de telekeçileriň bu işe işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. 

Soňra milli Liderimiz döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edilen fermany gözden geçirdi. Häzirki wagtda şol ýerde bellige alnan gara mallaryň 190-sy hem-de göleleriň 128-si saklanýar. Bellige almak çäresi elektron usulda deňeşdirmegiň öňdebaryjy we giňden ulanylýan tehnologiýasydyr. Bu usul mallaryň baş sanyny hasaba almak, mallaryň sagdynlygyna gözegçilik etmek, degişli maglumatlar binýadyny döretmek üçin ulanylýar. Mikroçipleriň kömegi bilen deňeşdirilen mallary seljerip, olaryň agramyny we önümliligini nazara almak, şahsy iýmitlendirmek we bejermek usulyny ulanmak, arassa tohumly mallaryň köpeldilmegini üpjün etmek bolar. Her alty sagatdan, sygyrlar sagylýan mahaly, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen alynýan süýdüň möçberi we hili kesgitlenilýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz eti we süýdi gaýtadan işleýän toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi sowadyjy ammaryň, taýýar önümleri gaplaýjy bölümiň, mesge hem-de peýnip we beýleki süýt önümlerini öndürýän bölümiň, uýaldylan önümleriň bölüminiň, şeýle hem çig mal merkeziniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Şu merkeziň düzüminde barlaghana hem bolup, onda çykarylýan önümleriň hiline gözegçilik edilýär. Bu toplumda günde 7,5 tonna süýt gaýtadan işleniler. Gaplaýan enjam sagatda peýnir, gaýmak, gatyk ýaly süýt önümleriniň 1 müň gabyny gaplamaga niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz süýdi gaýtadan işlemek, ýag, peýnir, gaýmak, dorog we beýleki önümleri öndürmek boýunça bölümleriň işiniň tehnologiýasy bilen tanyşdy. Oňat enjamlaşdyrylan sehler ýurdumyzyň et-süýt önümlerini öndürýän kärhananyň gazananlaryny doly açyp görkezýär. Ol ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny artdyrýar, öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de dünýäniň kämil tejribesine uly ähmiýet berýär. Döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen, gaýtadan işlenen süýdüň düzümine gözegçilik etmek baradaky tehniki zal bolsa hödürlenýän önümiň hilini täze derejä çykarýar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Milli Liderimiz bu maldarçylyk toplumynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünärini kämilleşdirmek işiniň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda zerur çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Mundan başga-da, toplumda edara binasy, kömekçi we ammar jaýlary ýerleşýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde, ähli amatlyklar bilen birlikde, toplumyň işgärleri üçin oňaýly iş şertleri dörediler. Durmuş üpjünçiligi ulgamy üçin tehniki desgalaryň birnäçesi göz öňünde tutuldy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň ünsüni özümizde zyýansyzlandyrylan gaplary taýýarlamak, şeýle toplumlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerli tebigy şertleri öwrenip hem-de ylmy taýdan esaslandyryp gurmak, bu toplumda işlejek hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak meselesine çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra şu toplumy gurýan Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis Ltd.” kompaniýasynyň wise-prezidenti Seda Gengöri döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda alyp barýan işleri, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi hem-de geljekde amala aşyrmagy meýilleşdirýän taslamalary barada aýtdy. Ol öz üstüne alnan borçnamalaryň ýerine ýetiriljekdigine, Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanyň geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üns berjekdigini nygtady. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, dikuçara tarap ugrady. 

Milli Liderimiz bu ýerden öri meýdanlaryna tarap ugur aldy. 

Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyz welaýatyň öri meýdanlaryny synlap, ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, azyk ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezientimiziň dikuçary öri meýdanynyň golaýyndaky meýdança gonýar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz awtoulagda çopan goşuna tarap ugraýar. Milli Liderimiz “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz akabasynyň üstünde gurlan köprüde saklanyp, giň möçberli tebigaty goraýyş taslamalarynyň biri hökmünde onuň uly ähmiýetini nygtady we munuň bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. 

Hususan-da, milli Liderimiz ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşan ýerleri gaýtadan dikeltmek, täze suwarymly meýdanlary dolanyşyga girizmek wezipelerini çözmäge ylmy taýdan çemeleşmek meselesine aýratyn üns berip, suw hojalygy we ýerden peýdalanmak ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz tebigaty goramagyň hem-de daşky gurşawy gowulandyrmagyň döwletiň we jemgyýetiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli baýlyklaryň bir bölegi hökmünde tebigy ulgamyň durmuş-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna girizilendigini aýtdy. Çünki ilatyň saglygy, durmuş we ekologiýa taýdan abadançylygy özara baglanyşyklydyr. 

Milli Liderimiz inženerçilik-tehniki we ulanyş görkezijilerine ünsi çekip, ýol-ulag düzüminiň desgalary gurlanda, ulagyň agramy, ýük göterijiligi, hereketiniň tizligi nazara alynmalydyr, berk we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy çopan goşuna gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çopan Esen Hojaahmedow mähirli garşylady.

Çopan bilen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz iş-aladalary bilen gyzyklandy. Öz nobatynda, çopan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we türkmen halkynyň badançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle aladalar üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Esen Hojaahmedow döwlet Baştutanymyza özleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi we oňat dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerleri synlap, meýdanda ösýän ösümlikler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň köpüsi, şol sanda sazak, gandym, şora we beýlekiler gymmatly bejeriş häsiýetine eýedir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi hem ösümlikleriň hut şu melhemlik häsiýetlerine hem-de türkmen halkynyň olary ulanmak babatdaky köp asyrlyk däp-dessurlaryna bagyşlanýar. Türkmen lukmanlarynyň ýankitabyna öwrülen bu işiň halkara ylmy jemgyýetçiliginiň hem ägirt uly gyzyklanmasyny döretmegi tötänden däldir. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çölleriň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi, özboluşly howa şertleri çuňňur öwrenilmäge mynasypdyr. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli baýlygy bolan mähriban tebigatymyzy aýawly saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu mesele bilen baglanyşykly ähli zatlara ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz çopan bilen birlikde dowar sürüsiniň bakylýan öri meýdanyna geldi. Şu ýerde baş çopan öz maşgalasynda maldarçylyk bilen ençeme nesliň meşgullanyp gelýändigini aýtdy. Onuň ogly Serdar hem maşgala däbini dowam edip, çoluk bolup işleýär. 

Döwlet Baştutanymyz maldarlaryň nesilleriniň kemala gelmegi barada çopan bilen gürrüňini dowam edip, akja guzyny eline aldy we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň adamlara getirýän uly peýdasy barada durup geçip, ilatyň we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde duran wezipeler barada aýtdy. 

Duz-tagam dadylansoň, hormatly Prezidentimiziň baş çopan bilen mesawy söhbetdeşligi çök çaýyň başynda dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagynda işleýänleriň ählisine berk jan saglyk, üstünlikler we maşgala abadançylygyny arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy we awtoulaga tarap ugrady. 

Soňra milli Liderimiz dikuçarda Daşoguz şäherine tarap ugur aldy we uçuş mahaly welaýatyň ekin meýdanlaryny synlady. 

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň dikuçary Daşoguz şäheriniň howa menzilinde gonýar. Milli Liderimiz bu ýerde iş saparynyň jemleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, kanun çykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we milli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady hem-de deputatlar düzüminiň ünsüni parlamentiň işiniň wajyp ugurlaryna çekdi. Şol iş bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam etmelidir. 

Döwet Baştutanymyz wise-premýer B.Nurmyradowa we medeniýet ministri G.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligini ýokary guramaçylyk dereejsinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Oňa ýurdumyzyň belli medeniýet işgärleri we sungat ussatlary işjeň gatnaşmalydyr. Mundan başga-da, bu giň möçberli medeni çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli döredijilik çärelerini geçirmek zerurdyr. Munuň özi iň zehinli adamlary seçip almaga we olary döwlet derejesinde höweslendirmäge mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň medeniýet, sungat we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerini görkezmelidir. 

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda maldarçylyk toplumlaryny gurmak boýunça ähli meseleleriň çözülmegini üpjün etmegi we bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy O.Gurbannazarowa we Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy A.Myradowa obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak we onuň önümçilik düzümini giňeltmek, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň kärhanalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe we ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganowa ýüzlenip, ýerli telekeçileri giňden çekmegiň we şunuň bilen baglylykda, zerur işleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy. 

Milli Liderimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowa Aşgabadyň Halkara howa menzilindäki täze ýolagçy terminalynyň açylyşyna guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowe içeri işler edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmekde bu edaralara möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň awtoulag ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylardan gullugyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyny ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitläp, welaýatyň häkimine bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk dolandyryş we guramaçylyk çärelerini görmegiň sebitleýin maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we şol çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen mähirlii hoşlaşyp, Aşgabada ugrady.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 1661   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06650 sek. ýüklenen baýt: 91703