Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Poeziýanyň golýazma ýadygärlikleri
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Poeziýanyň golýazma ýadygärlikleri

26.03.2014

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň işgärleri üçin aýratyn waka bolup durýar. Olar Magtymgulynyň taryhy döwürlerini, nusgawy şahyryň döredijiligini öwrenmek bilen meşgullanýaralr, ylmy işleri, şahyryň öň çap edilmedik goşgulary girizilen goşular ýygyndysyny çap edýärler. 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda “Magtymguly Pyragy we umumy ynsanýet medeni gymmatlyklary” ady bilen geçiriljek halkara ylmy maslahatyna aýratyn üns berýärler. Bu ylmy maslahatyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurtlaryndan alymlar gatnaşarlar. 


Magtymguly Pyragynyň edebi-poeziýa mirasy esasan hem institutda saklanaýan, şeýle hem daşary ýurtlarda beýleki golýazmalar saklanýan ýerlerde saklanylýan golýazma diwanynyň – liriki goşgularynyň ýygyndysynyň sanawyndan ybaratdyr. Meselem, Britaniýanyň milli muzeýinde we Sankt-Peterburgyň döwlet gündogary öwreni instituynda saklanylýar. 

Bu golýazmalaryň köpüsi ХIХ asyryň başyna we ХХ asyryň birinji ýarymyna degişlidir. Şeýle hem Magtymgulynyň goşgularynyň köpüsi türkmen bagşylarynyň dilinden ýazylandyr. Olaryň aýdymlary bolsa nesilden nesile geçip gelýär. 

Institutyň saklama we durkuny täzelemek bölüminiň işgärleri Magtymgulynyň golýazma diwanlaryny pasportlaşdyrmagy geçirdiler. Olaryň sanawynda golýazma kitaplaryň formatlary, kagyzlaryň sortlary, syýanyň düzümi, hatlaryň grafikasy, golýazmanyň möçberi we gymmatlylygy görkezilýär. Bu beýan etmeler golýazma gaznalaryny saklaýjylar we durkuny täzeleýjiler üçin peýdalydyr. 

Türkmen nusgawy şahyry Magtymgulynyň golýazma kitaplaryny öwrenmek täze taryhy maglumatlay açmaga kömek eder. Bu bolsa öz nobatynda bu beýik şahyryň golýazma gymmatlyklarynyň aýawly saklamak meselesine örän uly üns berilmelidigini talap eder. 

Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndyda çap edilenine 170 ýyldan hem gowrak wagt geçipdir., soňra bolsa başga dillere terjime görnüşinde çap edilipdir. 1872-nji ýylda rus gözlegçisi F.Bakulin Magtymgulynyň iki goşgusyny terjime görnüşinde çap edip, “türkmenleriň ählisiniň hormat goýmagynda, tire-taýpalary tapawutlandyrmasyz... Onuň goşgularynyň aýratyn bentleri durmuşda ýolbaşçylyk etmek hökmünde ýaňlanypdyr: aýratyn goşgulary köplenç gürrüňdeşlikde akylly, parasatly pikir hökmünde getirilipdir” diýip ýazýar 

Magtymgulynyň ýaşan döwrüni we döredijiligini öwrenmekde türkmen alymlaryna esasy işler degişlidir. Bu babatda magtymgulyşynaslar B.M.Kerbababýewe, B.A.Garryýewe, R.Rejepowa we A.Aşyrowa uly orun degişlidir.

Ýusup Mämmedow, 
Milli golýazmalar instituty, 
fotosuraty H.Magadowyňky

Okalan sany: 539   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
26 марта 2014

Milli golýazmalar institutynyň işgärleri ýyrtylyp könelişen kitaplara täzeden jan berýärler. Bu edaranyň işgärlerine BEREKELLA diýeliň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15144 sek. ýüklenen baýt: 36216