Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmen sporty ösüşde
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Türkmen sporty ösüşde

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda däl, eýsem welaýat merkezlerinde, şäherdir etraplarymyzda hem türkmen ýaşlarynyň sportyň dürli görnüşlerine gatnaşmaklary üçin ýetginjekler hem mümkinçilikleri  bolan çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň, toplumlarynyň açylmagy biziň her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar. Şeýle bolandan soňra türkmen ýaşlarynyň diňe bir öz ýurdumyzda däl, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp görnükli orunlara eýe bolmaga giň şertler bar. Sportyň haýsy görnüşine gatnaşmak isleseň çagalar we ýetginjekler sport mekdepdir toplumlarda öz ugruna berlen tälimçiler seni höwes bilen garşy alýar. Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň sport baradaky komitetiniň çagalar we ýetginjekler sport mekdebine-de ýaşlaryň bir müňe golaýynyň gatnaşýanlygy, olaryň döwlet ýaryşlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, görnükli orunlara mynasyp bolup gelmekleri-de bu mekdep-de giň ýagşy ýola goýulýanlygyndan habar berýär.

Serdar şäheriniň sport komitetiniň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň “Sarydaş” futbol topary 2013-nji ýylda Türkmenistanyň milli çempionatynyň 1-nji ligasynyň final oýnunda Türkmenistanyň milli çempionatynyň 1-nji gatnaşan toparyň arasynda çempion bolmagy başardy. Bu mekdepde sportyň dürli ugurlaryndan türgenlere tälim berýärler.

Sportyň Tekwando ÝTF görnüşi boýunça tälimçi Orazberdi Annamyradow Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynda çykyş edip, II-nji orna mynasyp bolan bolsa onuň türgeni Merdan Ussaýew Özbekistanyň Buhara şäherinde geçirilen Tekwando ÝTF halkara ýaryşynda III-nji orna mynasyp bolup geldiler.

Şonuň ýalyda döwlet derejesinde geçirilen bäsleşikde sportyň boks görnüşi boýunça Meýlis Eşmiýew 69 kilogram agramda III-nji orun, Sapar Bagyýew 64 kilogram agramda I-nji orun, Sähet Orazgulyýew 52 kilogram agramda III-nji oruny eýläp, mekdebiniň abraýyny arşa göterdiler. Aşgabatda geçen ýylyň ahyrynda geçirilen 1-nji sportakiýadasynda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky geçirilen ýaryşda bu çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň türgenleri Begmyrat Halmyradow II-nji orna, Daýanç Annaseýidow, Serdar Bagyýew dagylar boks görnüşi boýunça baýrakly orna eýe boldular. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde Hormatly Prezidentimiziň Tagallasy bilen açylan çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň we sport toplumlarynda sportçylaryň türgenleşmekleri üçin hem talabalaýyk ýola goýlan. Arassa jaýlar gerekli sport enjamlar bilen üpjün edilen. Tomsuna salkyn, gyşyna ýyly jaýlardyr. 

Otaglar sportyň her ugrundan meşgullanmaga giň mümkinçilikli. Sportyň daşarda oýnalýan meýdançalary-da talaba laýyk ýagdaýda. Şeýlelik-de sportyň dürli ugurlaryna türgenleri çekmeklik kynçylyk döretmeýär. Munuň şeýledigini bolsa ýany belleýşimiz ýaly Balkan welaýatynyň Serdar şäher sport komitetiniň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň mysalynda-da aýdyň görýäris. Mekdebiň açylanyna heniz ýyl ýarym bolandygyna garaşmazdan gazanylan netijeler göwnüňi göterýär. Döwlet ýolbaşçylary sportyň hemme ugurlaryndan meşgullanmak üçin ägirt ýokary mümkinçilikler döretdiler. Biziň çagalar we ýetginjekler sport mekdebimiziň türgenleri her bir gatnaşýan sport ugurlarynda yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň gazanýan netijeleri 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek V-nji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdyklaryna güwä geçýär. 
Balkan welaýatynyň Serdar şäher sport baradaky komitetiniň ýolbaşçysy sport ussady Bäşim Annamyradow höwes bilen gürrüň berýär.

             Goý, türkmen sportçylarynyň üstünligi üstünlige ulaşsyn.                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                          

Okalan sany: 610   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
26 марта 2014


Türkmen sporty häzirki ajaýyp zamanamyzda hakykatdan hem görülip eşidilmedik derejede belentliklere ýetdi. Mundan beýläk hem diňe milli sportumyz öňe gider. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10535 sek. ýüklenen baýt: 36212