Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Egin-eşigiň görnüşi
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Egin-eşigiň görnüşi

Sportyn häzirki zaman talaplaryna görä ýaryşa gatnaşyjynyň eşigi şeýle bolmaly: gyzyl ýa-da gök reňkli ýörite üstki eşik (sambowkalar), guşak we kelte balak, şeýle-de ýörite aýakgap (borsowkalar). Şeýle-de gatnaşyjylara öňlerini goramak üçin gorag serişdeleri berilýär.

Sambo üçin üstki eşik we guşak nah matasyndan edilýär. Üstki eşigiň ýeňi penjä çenli ýetmeli, onuň giňligi ele çenli 10 sm galar ýaly bolmaly. Üstki eşigiň etekleri uzyn bolmaly däl, bilden 15 sm aşak düşmeli.
Borsowkalar – bu ýumşak gaýyşdan edilen, ýumşak dabanly, öňe hiç hili gaty taraplary çykyp durmaýan (munuň üçin ähli tikinler içerik edilen bolmaly) aýakgap. Topuklar we dabanyň uly barmak süňki ýeri gaýyşly keçe matasy bilen goralmaly.

Kelte balaklar ýüň, ýarym ýüň ýa-da sintetik trikotaždan edilýär, olar bir reňkde bolmaly we aýagyň ýokarky üçden bir bölegini ýapyp durmaly. Ilikler, jübüler we başga gödek bezeg elementleri düýbünden gadagan.
Resmi ýaryşlarda gatnaşyjylar bir hili reňkli egin-eşikde çykyş edýärler. Birinji bolup ady yglan edilen sportçy “gyzyl” burçda durmaly we şoňa laýyk reňkli eşik geýmeli.

Okalan sany: 533   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
26 марта 2014

Sportuň ähli görnüşleriniň diýen ýaly , esasan hem söweşilýän sport görnüşleriniň öz tassyklanan geýim-eşikleri bar. Şol ýokardaky goýan suratyňyzy görüp bolsa, şu makalanyň sambo barada ýazylanyny biläýmeli.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05410 sek. ýüklenen baýt: 31310