Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ILKINJI GUWANDYRYJY ÄDIMLER.
Ýazylan wagty: 26 марта 2014 Ýazan Sasoltan

 ILKINJI GUWANDYRYJY ÄDIMLER.


       Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, Türkmenistanyň raýatlarynyň jan – saglyklary, berk bedenli, sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.


       Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Şaja Batyroň adyndaky 18-nji orta mekdebimizde hem 2012 – nji  ýylyň noýabr aýynyň 1-den bäri “Boks” sporty resmi taýdan açyldy. Oňa dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Obamyzdaky mekdepde jemi 92 okuwçy bolup, şonuň 33(4-10 synplary) sanysy oglanlardyr. Olardan Boks gurnagyna 21 sanysy gatnaşýar.


        Ýakynda 2014 – nji mart aýynyň 7 - sine Kaka şäheriniň sport mekdebinde sportyň bu görnüşi boýunça 1998 – 1999 – njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň arasynda I - nji ýeri almak ugrunda ýaryş geçirildi. Biziň 18 – nji mekdebimizden ýaryşa gatnaşan 4 türgeniň 2-si: 48 kg agramda Patdyýew S, 63-kg agramda Çaryýarow Jelaletdin Türkmenistanda birinjilik ugrundaky Mary şäherinde geçirilýän ýaryşa jemi 186 türgen gatnaşdy. Biziň iki türgenimiz Ahal welaýatyndan açylyşa gatnaşdyrylan 7 türgeniň düzümine gatnaşdyryldy. Ýaryş Halkara derejeli emin Nurmuhammet Patdyýew tarapyndan örän guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.


        Biziň 2 agramda çykyş eden türgenlerimiz bu uly ýaryşda çykyş edip, baýrakly orunlara düşmedik – de bolsalar, olar tejribeli garşydaşlary bilen söweşip tejribelerini artdyrdylar.


        Biziň 2 agramda çykyş eden türgenlerimiziň boks äleminde ilkinji äden – guwandyryjy ädimleri hasap edýärin.


        Hormatly Prezidentimiz 2014 – nji ýylyň 1-30 – nji aprel günlerinde Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” günlerini geçirmek barada örän ýerlikli mesele goýdy. Biz hem öz gezegimizde Deşt obamyzda we goňşy obalarymyzda öz türgenlerimiz  bilen “Görkezme çykyşlaryny” gurnap dabaraly geçirdik.


 


Okalan sany: 489   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
27 марта 2014


Baharly etrabyndaky Deşt obasy dagyň depesinde ýerleşýärmi. Ol ýerde häzirki güne çenli sport mekdebi döredilmedikmikä, geň zat, aý bolsa-da hiçden-giç ýagşy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06053 sek. ýüklenen baýt: 33538