Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ HALKARA HOWA MENZILINIŇ TÄZE TERMINALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Ýazylan wagty: 27 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ HALKARA HOWA MENZILINIŇ TÄZE TERMINALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY


Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzili toplumynyň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara howa ýollarynyň çatrygynda aýratyn amatly ýagdaýy eýelemek bilen, ýurdumyz ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerini has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.

Ýük daşamagyň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäginde ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawyny üpjün edýär. Bar bolan amatly mümkinçilikleri peýdalanmak üçin ýurdumyzda ulag ýollarynyň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ýollaryny ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary amala aşyrylýar, zerur bolan düzümi ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy tarapyndan «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnama üç döwri: 2012—2015-nji ýyllary, 2016—2020-nji ýyllary we 2021—2030-njy ýyllary öz içine alýar. 

Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda,  «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň buýurmasy boýunça «Polimeks Inşaat Taahhüt ve San.Tic. A.Ş.» türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde geçirijilik ukyby bir sagatda 1600 ýolagça barabar bolan täze Halkara howa menziliniň toplumyny gurýar.

Gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýolagçylara ýokary derejede hyzmat edilmegini guramak maksady bilen, esasy ýolagçy terminalynyň gurulýan döwründe häzir hereket edýän terminalyň ýerinde birinji tapgyryň barşynda 2-nji ýolagçy terminalyny, wagtlaýyn VIP—terminalyny, emeli uçuş-gonuş zolagyny, uçarlar  üçin duralgalary, öwrüm ýollaryny, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň edara binasyny hem-de beýleki birnäçe desgalary we binalary gurmak meýilleşdirildi.     

…Şanly waka mynasybetli Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminaly baýramçylyk lybasyna beslenip, bu ýerde ählumumy ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň  hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, howa menziliniň işgärleri mähirli garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentine desganyň ulanmaga taýýardygy barada hasabat berýär. 


Şanly waka mynasybetli uçarmanlaryň lybasyna beslenen çagalar döwlet Baştutanymyza ýörite taýýarlan goşgularyny aýdýarlar. 

Bu ýere ýygnananlar «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» awiaulag kärhanasynyň «Laçyn» aýdym-saz toparynyň  ýerine ýetiren ajaýyp tansly çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti ajaýyp çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlaryň öňünde söz sözledi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, olary halkara howa menzili toplumynyň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we Türkmenistan özüniň adyl «açyk gapylar» we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyryp, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýän diýip belledi.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hem ulag ýollaryny ösdürmek bolup durýar.  Şol sanda howa ýollaryny ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary amala aşyrylýar, zerur bolan düzümi ösdürmek boýunça uly işler hem geçirilýär. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, kabul edilen «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy» Türkmenistanyň esasy howa ýollary ulgamynyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek, pudagyň täze enjamlar bilen üpjün edilmegini, ýokary derejede hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, döwrebap uçarlaryň satyn alynmagyny, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagy, şeýle hem uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi we elbetde, täze howa menzilleriniň gurulmagy we bar bolan howa menzilleriniň durkunyň täzelenilmegini göz öňünde tutýar, olar şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplara gabat geler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mysal hökmünde Türkmenbaşy Halkara howa menzilini, Türkmenabatdaky täze howa menziliniň gurluşygyny, Daşoguzda uçuş-gonuş zolagyny we beýlekileri görkezdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň buýurmasy boýunça Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menzili toplumynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Bu toplumyň gurluşygyny türkmen we daşary ýurt hünärmenleri çalt depginler bilen alyp barýarlar. Gurluşygy iki tapgyrda alyp barmak göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, esasy ýolagçy terminalynyň gurulýan döwründe ýolagçylara ýokary derejede hyzmat edilişini guramak maksady bilen, şu gün Halkara howa menzili toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu terminal 14 müň inedördül meýdany tutup, esasy bellenilişi ýaly, täze döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan we sagatda 1200 ýolagça ýokary derejede hyzmat etmäge mümkinçilik berer diýip belledi. 

Halkara howa menzili toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly barada aýdylanda bolsa, ol üç bölekden: ýerli gatnawlar böleginden; işewürlik böleginden; halkara gatnawlary böleginden ybarat bolup durýar.

Şeýlelikde, şu gün 2-nji ýolagçy terminalyny dabaraly açyp, ulanmaga bermek bilen, şeýle hem Aşgabat şäherinde täze halkara howa menzili toplumynyň birinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamlaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz 2-nji ýolagçy terminalynyň halkara gatnawlary bölüminiň girelgesine bardy we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda däbe öwrülen toý bagyny kesip, binanyň içine girdi.     

Bu ýerde «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy ýolagçylar üçin ýerine ýetiriljek hyzmatlar bilen tanyşdyrýar. 

Terminalyň halkara gatnawlary bölüminde ýolagçylaryň amatlylygy üçin ýerli we daşary ýurt awiakompaniýalarynyň awiapetek satylýan bölümleri, sorag-jogap gullugy, kafe, dermanhana we pul alyş — çalyş bölümleri döredildi. 

Bu ýerde gümrük barlag bölümi, 15 sany döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýolagçylary hasaba alyş we goşlary kabul ediş, el goşuny barlamak üçin enjam, migrasiýa barlagy ýerleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow terminalyň elektron-tehniki enjamlarynyň işleýiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Olar gadagan edilen zatlaryň geçirilmegini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. 

Ýolagçylar hasaba alnandan soňra 535 orunlyk garaşylýan zala geçýärler. Bu ýerde ýolagçylara haly dükanyň, kafeniň, Internet-kafeniň, ilkinji tiz kömek hem-de enäniň we çaganyň otagynyň, namaz otaglarynyň hyzmatlaryndan, dermanhananyň, işewürler zolagynyň we Duty Free dükanlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. 

Hormatly Prezidentimiz 2-nji terminalyň gurluşy bilen tanyşmagyny dowam edip, desganyň tehniki üpjünçiligi, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň guralyşy, işgärleriň iş şertleri bilen gyzyklanýar. Howa menziliniň terminaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmäge ukyply bolup, degişli enjamlaryň toplumyna eýedir we göwrümli ýük terminalyny öz içine alýar. Bu ýerde durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan ulgamlary, şol sanda howa gämilerine ýangyç guýujy beket göz öňünde tutulypdyr.

Terminalyň Duty Free dükany milli Liderimiziň esasy üns beren künjegi boldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolagçylary we myhmanlar üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Bu ýerde ýolagçylar mümkin bolan sowgatlyklary, amaly-haşam sungatynyň önümlerini, haly önümlerini, zergärçilik bezeglerini, abraýly halkara bäsleşiklerinde ýokary sylaglara mynasyp bolan meşhur türkmen çakyrlary, konýaklary satyn alyp bilerler. Diňe süýji däl-de, eýsem, saglyk üçin peýdaly, kakadylan gawundan süýjüler, miwelerden ýasalan içgiler we önümleriň ştrih-kodlary bilen belgilenen beýleki görnüşleri hödürlener. Milli Liderimiz halkara howa menzillerinde hyzmat etmegiň dünýä tejribesiniň ýurdumyzyň paýtagtynyň täze howa menzilinde hem öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz howa gämileriniň duralgasyna çykýar we terminalyň CIP zalyna gelýär. 

Howa menziliniň  işgäri milli Liderimizi bu zalyň enjamlaşdyrylyşy, ýolagçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrýar.   CIP zolagy ikä bölünýär. Olaryň biri uçýan ýolagçylar üçin, ikinjisi gelýän ýolagçylar üçin bolup durýar. Garaşylýan bölümde ýolagçylary bellige almak we Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan wizalary bermek hem-de bank işgärleriniň iş otaglary göz öňünde  tutulypdyr.

Milli Liderimiz CIP zolagy gözden geçirip, ýolagçylar üçin ýokary amatlylyk derejesiniň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi.   

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli ugurlaryň zalyna tarap ugrady.  

Howa menziliniň işgäri döwlet Baştutanymyza binanyň ugurdaş mümkinçilikleri we tehniki gurluşy barada gürrüň berýär. 

Hususan-da, ýerli ugurlaryň ýolagçylarynyň garaşýan zalynda ähli amatlyklar üpjün edilendir. Bu ýerde ýolagçylar üçin awiýa petekler satylýan hem-de sorag-jogap bölümi we garbanyşhana göz öňünde tutulandyr. Ilkinji kömek beriş otagy we dermanhana bar. Ýolagçylary bellige almak ýörite enjamlaşdyrylan ýerleriň ýedisinde geçiriler. Ýolagçylar üçin uçuşa garaşyş zaly 334 orna niýetlenendir. Onda garbanyşhana, poçta aragatnaşygynyň bölümi, namaz okamak üçin otag göz öňünde tutuldy. 

Täze terminalyň ähli zallary maglumat beriş tablosy we ýörite görkezijiler bilen enjamlaşdyrylandyr, munuň özi howa menziliniň içinde ýolagçylaryň hereket etmegini ýeňilleşdirýär, olarda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin doly derejede oňaýly şertler hem döredildi. 

Howa menziliniň toplumynyň ähli binalarynyň milli binagärligiň parçalary we öwüşgünleri bolan iň döwrebap usullar bilen sazlaşykly utgaşyp, özboluşly, bir bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilendigi guwançlydyr. 

Degişli migrasiýa, serhet we gümrük düzgün-kadalaryny berjaý etmek üçin bölümler, goş-golamlar alynýan zallar zerur enjamlar bilen üpjün edilendir. 

Howa menziliniň toplumynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyrylypdyr hem-de bagy-bossanlyga öwrülipdir. Bu ýerde, umuman, alnanda, 360 ulag üçin niýetlenen duralga hem bar. . 

167 müň inedördül metre barabar meýdanda uçarlaryň 19-sy üçin duralga ýerleşýär. Bu ýerde wideogözegçilik üçin dürli ýokary tehnologiýa enjamlary oturdylypdyr, olar gözegçilik etmegiň merkezi bölümine birikdirilipdir. Mundan başga hem gulluk üçin girilýän we çykylýan ýerlerde şol ýere girmäge gözegçilik etmegiň ýörite kartoçka ulgamy oturdylypdyr. 

Şeýlelikde, terminalda ýolagçylar üçin has oňaýly şertler döredilendir. Bildirilýän talaplara laýyklykda, ulag ýolunyň terminaly Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen birleşdirilýän böleginiň doly durky täzelenildi. Terminala barylýan amatly geçelgeler ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlygy tamamlandan soň bu waka — täze halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyşy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Bu ýerde «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow hormatly Prezidentimize paýtagtymyzdaky Halkara howa menziliniň şu gün açylan 2-nji terminalyna täze «Boeing 777-200 LR» uçarynyň gelendigi baradaky hoş habary aýdyp, milli Liderimizden täze uçaryň howa menziline gonmagyna rugsat bermegini haýyş etdi. 

Döwlet Baştutanymyz milli raýat uçarlarynyň üstüni ýetiren täze uçaryň gonmagyna rugsat berip, dabara gatnaşyjylary döwrebap uçaryň gelmegi bilen gutlady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlaryň hoş owazy astynda terminalyň VIP binasyna tarap ugrady, şol ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, duşuşyklary, ýygnaklary we maslahatlary geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  täze terminalyň açylyş dabarasyna gatnaşmak we «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna täze uçary bermek üçin türkmen paýtagtyna gelen «Boeing» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny—Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynda söwda boýunça wise-prezidenti Martin Bentrotty we Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda boýunça sebitleýin direktory Serdar Gurzyny kabul etdi. 

Kompaniýanyň wekilleri döwlet Baştutanymyza özara bähbitli  hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip,  hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyşy bilen gutladylar. 

Sol pursatda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar häzirki dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde ýene-de bir möhüm wakanyň şaýady boldular, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça gurlan täze «Boeing 777-200 LR» uçarynyň ilkinjisi gondy. 

Täze uçaryň menzile gelmegi mynasybetli ýaşuly nesliň wekilleri milli dessurlary ýerine ýetirdiler. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi hakynda bolan pikir alyşmalaryň barşynda «Boeing» kompaniýasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýdylan teklipleriň, islegleriň hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada döwlet Baştutanymyza habar berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribä we iň täze tehnologiýalara eýe bolan  dünýäniň esasy awiatehnika öndürijilerinden uçarlaryň häzirki zaman görnüşlerini satyn almak bilen  raýat uçarlarynyň üstüni ýetirmegi geljekde-de maksat edinýändigini nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň baryp 1992-nji ýylda GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup «Boeing» uçaryny satyn almaga buýurma iberendigini we şol ýylyň noýabr aýynda «Boeing 737-300» kämil uçaryň ýurdumyzyň uçarmanlarynyň ygtyýaryna gelip gowşandygyny aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyza ilkinji getirilen «Boeing 737-300» uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde ýakyn wagtda dörediljek howa ulaglary muzeýine gymmatlyk hökmünde bermek baradaky karara gelendigini habar berdi we degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleriň oňyn çözülmegi bilen baglanyşykly wezipeleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.   

Bu habary guwanmak bilen belläp, myhmanlar hormatly Prezidentimize kompaniýanyň işine şunuň ýaly ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de geljekde-de Türkmenistanyň howa ýollary ulgamynyň ösmegine özleriniň mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar howa menziline gelip gonan «Boeing 777-200 LR» uçara münýärler. Milli Liderimiz türkmen tarapynyň ýörite buýurmasy esasynda gurlan täze uçaryň içiniň enjamlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy. Hususan-da, şertnama laýyklykda, uçarda ýolagçylara has ýokary amatlylygy üpjün etmek maksady bilen, oturgyçlaryň aralygy giňeldildi we beýleki amatlyklar döredildi. 

Uçar bilen tanyşlygyň barşynda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işgäri milli Liderimize bu uçaryň gurlan mahalynda ulanylan innowasion tehnologiýalar we tehniki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. 

Bu kysymdaky howa gämisi 300-e çenli we şondan hem köp ýolagçylar üçin niýetlenendir. Onuň uçuş uzaklygy 15 müň 500 kilometre golaýdyr. «Boeing 777-200 LR» uçary dünýäde iň uzyn aralyga gonman uçmagy amala aşyrmaga ukyplydyr, ol 21 müň 601 kilometre barabardyr. 

Milli Liderimiz ýolagçylar üçin kinofilmlere tomaşa etmäge, aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýän hususy multimediýa ulgamy bilen tanyşdyryldy. Uçarda GSM we Wi-Fi aragatnaşygyny peýdalanmak mümkindir. Uçaryň daşynda oturdylan kamera bortuň içinde bolup geçýän anyk ýagdaýy görkezýär. 

Şu kysymdaky «Boeing» dünýäde iň uly iki hereketlendirijili reaktiw uçardyr. Onda awiasiýanyň tutuş taryhynda iň kuwwatly reaktiw hasaplanýan «General Electric» GE90-115 hereketlendirijisi oturdylandyr. Onuň esasy aýratynlygy 6 tigirli şassiden peýdalanmakdan ybaratdyr.

Gullugyň işgäri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan söhbetdeşlikde «Boeing» uçaryny öndüriji kärhananyň bu taslama boýunça iň täze tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda dolandyryşyň elektro distansion sanly ulgamy, düzülýän awionika, suwuk kristal displeýler bilen aýnadan ýasalan kabina bar. 2003-nji ýylda goşmaça serişdeler hökmünde uçuşlaryň elektron žurnallary girizildi. 

«Boeing 777-200 LR» uçarynyň gurluşy kompozit serişdeleri ulanmagy özünde jemleýär, olaryň agramy tutuş gurnawyň umumy agramynyň 9 göterimine barabardyr. Bu serişdeler dolandyryş gurallaryny we kabinanyň düşegi üçin hem peýdalanyldy. Fýuzelýažyň esasy bölegi tegelek kesişmesi bilen tapawutlanýar we onuň yzky bölegi keser kysymly bolup durýan yzky konusa geçýär, şol ýerde kömekçi güýç beriji enjam bar. 

Uçaryň ganaty ýokary howplara garşy durmaga ukyply bolmak mümkinçiliginde ýasalyp, ol 905 km/sag. uly tizlik üçin niýetlenendir. Ganatynyň gurluşy ozalky uçarlar bilen deňeşdirilende örän giň we galyňdyr. Şonuň netijesinde peýdaly agramlylyk hem-de uzaklylyk artdyryldy. Mundan başga-da, uçuşyň belentligi ýokarlandy, şeýle hem uçuş görkezijileri gowulandyryldy.

Uzak aralyga niýetlenen «Boeing 777-200»  uçarlaryň kagyz çyzgylary bilen däl-de, diňe üç ölçegli kompýuter taslamalar bilen işlenip taýýarlanandygy bellärliklidir.

Milli Liderimiz gullugyň işgäri bilen söhbetdeşlikde  uçaryň esasy aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow beletlik bilen tanyşdyrandygy üçin hünärmene minnetdarlyk bildirdi. 

Täze uçar «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň  uçarlarynyň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda howa ulaglarynyň sanynyň artmagy bilen birlikde täze  halkara howa ugurlaryny açmak boýunça işler hem alnyp barylýar. Bu bolsa ýolagçy we ýük gatnatmagyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Ine, 2013-nji ýylda Ýewropa ugurda, şol sanda  Fransiýanyň paýtagty Pariže yzygiderli ýolagçy ugurlary açyldy. Mundan başga-da Urumçi (HHR) şäherine yzygiderli ýük daşamaklyk amala aşyrylýar.

Ýerüsti düzümler hem ösdürilýär. Halkara ülňülerine laýyklykda, Türkmenabat, Daşoguz, şäherlerinde zerur hemme düzümleri bolan täze howa menzilleriniň, Mary şäheriniň howa menziliniň täze ýolagçy terminalynyň gurluşygy alnyp barylýar, Lebap welaýatynyň Atamyrat we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär. Howa tehnikalarynyň seljerilişi amala aşyryldy. Oňa laýyklykda, ýerli ugurlar boýunça 50-den 100 ýolagça niýetlenen döwrebap uçarlary satyn almak meýilleşdirilýär.

«Boeing 777-200 LR» uçarlarynyň gelmegi bilen Kuala-Lumpur, Hoşimin we Toronto şäherlerine howa gatnawlary açmak göz öňünde tutulýar.  


Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmek geosyýasatyň möhüm şertine, döwletlere we sebitlere uly ykdysady hem-de syýasy artykmaçylygy üpjün etmäge, olaryň strategik bähbitlerini birleşdirmäge ukyply kuwwatly serişdä  öwrüldi. 

Bularyň hemmesi ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şertleriniň birine öwrülmegi üçin mümkinçilik döredýär. Döwrebap, ýaýbaňlandyrylan we howpsuz halkara howa düzüminiň döredilmegi dünýä ösüşiniň hakyky talabyna öwrülýär. 

Geografik taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan üçin  üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň deňiz terminallaryna çykmak bilen, Ýewraziýanyň ägirt uly giňişligini öz içine alýan ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn ulag gatnaşygy düzüminiň kemala gelmeginde iri birleşdiriji çatryk hökmünde Türkmenistanyň orny düýpli birleşmegiň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine hakyky laýyk gelýän görnüşde çykyş edýär. 

Aşgabat şäherinde gurulýan halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy  terminalynyň şu günki açylyş dabarasy  diňe Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin sebitiň barha ösýän ulag düzüminiň binýadynyň has-da pugtalanmagyny şertlendirýän ýagdaýdyr.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň ahyrynda döwrebap yklymüsti üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala gelmeginde möhüm halka hökmünde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň  ähmiýetini nobatdaky gezek nygtady hem-de bu ýere ýygnananlaryň hemmesine öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Okalan sany: 1586   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
27 марта 2014

tuweleme!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06005 sek. ýüklenen baýt: 63500