Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sagdyn ýaşaň !
Ýazylan wagty: 27 марта 2014 Ýazan Sasoltan






Sag­dyn dur­muş ýörelgesi, sag­lyk diýmek nä­me?                                           


Gü­nüň do­wa­myn­da 30 mi­nut be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak adam saglygyna


peý­da­ly­dyr. Eger-de oňa si­ziň wag­ty­ňyz ýok bol­sa, on­da ge­ze­lenç ediň.


 


Aw­to­bus­da gat­na­ýan bol­sa­ňyz bir du­ral­ga öň dü­şüň. Aw­tou­lag­da gat­na­ýan bol­sa­ňyz ja­ýyň ga­ty­na bas­gan­çak­lar­dan ga­lyň. Köp­räk he­re­ket et­mä­ge çal­şyň. Peý­da­ly iý­mit­le­niň. Dü­zü­min­de klet­çat­ka­lar bolan we bi­tin dä­ne­li iý­mit­le­ri köp­räk iýiň, köp şe­ker­li süý­ji we ha­myr­ly iý­mit­le­ri az­rak iýiň. Gök önüm we mi­we­le­ri hem ýat­dan çy­kar­maň. Na­har­la­ry ösüm­lik ýa­gyn­da taý­ýar­laň, haý­wan ýag­la­ry­ny ulan­ma­gy azal­dyň. 

Ar­tyk­maç ag­ram­dan daş­da dur­ma­ga çal­şyň, ag­şam 6-dan soň na­har­lan­maň. Gün­de 3 ge­zek­den köp iýip-iç­mäň. Gü­nüň do­wa­myn­da köp­räk su­wuk­lyk içiň. Su­wuk­lyk be­de­ni­mi­ze oňaý­ly tä­sir edip, be­de­ni tä­miz, sag­dyn sak­la­ýar. Na­ha­ry pes ýy­ly­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­la­ma­ga çal­şyň. Şeýt­seňiz iý­mi­tiň wi­ta­min­le­ri­ni go­wy sak­lar­sy­ňyz. Gü­nü­ňi­ziň ka­da­sy­ny ýö­re­diň. Şol bir wagt­da ýa­typ-tu­ruň. Bu özüňi sag­dyn we ra­hat duý­ma­gyň iň ýö­ne­keý my­sa­ly­dyr. Psi­hi­ki de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­laň. Ga­har­lan­maň, nerw öý­jük­le­ri di­kel­ýän däl­dir. Di­kel­ýär hem diý­ýär­ler, ýö­ne ga­ty ha­ýal ýag­daý­da. Şo­nuň üçin hem­me ýer­de ru­hy dur­nuk­ly­ly­gy­ňyzy sak­laň. Be­de­ni­ňi­zi saz­laň. Iň go­wy usul­la­ryň bi­ri hem so­wuk we gyz­gyn suw­da gap­ma-gar­şy­lyk­ly su­wa düş­mek­dir. Suw di­ňe bir peý­da­ly bol­man, eý­sem, uky­dan go­wy aç­ýar. El­bet­de, çi­lim çek­mäň, al­ko­gol­ly iç­gi­ler­den we beý­le­ki zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da du­ruň. Se­bä­bi bu­lar sag­ly­gy­ňyza zy­ýan ýe­tir­ýän esa­sy fak­tor­lar bo­lup dur­ýar. Se­ýil­gäh­ler­de köp­räk ge­ze­lenç ediň. Ýag­şy­lyk ediň. Ýag­şy­ly­ga ýag­şy­lyk bi­len jo­gap be­ril­ýän­dir. Ol hök­man si­ze go­wy ýag­daý we şat­lyk­ly pur­sat bi­len gaý­dyp ge­ler.


Okalan sany: 522   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
28 марта 2014

Ýazylanlary okap ähliňize sagdyn, şadyýan, ruhubelent ýaşamagy arzuwlaýaryn.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,23232 sek. ýüklenen baýt: 36501