Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Rowayat - Enanin gargyshy
Ýazylan wagty: 27 марта 2014 Ýazan Krassavchik
Rowaýata görä bir wagtlar bir baýyň ogly bolupdyr. Oňa „Baýogly“ diýip at goýupdyrlar. Ata-enesi ony zatdan kem etmändir. Oňa elmydama Watany eziz görmegi, halka wepaly bolmagy sargapdyrlar. Ýöne ol ýigit olaryň bu nesihatlaryny unudypdyr. Haçan-da obasyna duşman çozanda, ol eline ýarag alyp, duşman bilen söweşmegiň deregine öz janyny halas etymegiň aladasyny edipdir. Oglanyň atasy, obadaşlary duşman bilen bolan söweşde wepat bolupdyrlar. Obasy weýran edilip, harabaçylyga öwrülipdir.
Bipeýan oglunyň namartlygyna namys eden ene iň soňky deminde: „Ýurduň haraba bolsun, ylahym!“ diýip, ogluna gargapdyr. Enäniň gargyşy bilen ol oglan baýguşa öwrülipdir. Şondan bäri hem baýguş harabalykda mesgen tutunypdyr. Il-gün hem bu guşy betbagtçylygyň alamaty hasaplap, jaýlarynyň töweregine gonsa, ony kowýarlar.
Okalan sany: 593   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
28 марта 2014

Şu ýaşyma çenli baýguşy nämeden ýazgarýanlaryny bilmän gezipdirin indi bilýän .


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09851 sek. ýüklenen baýt: 29973