Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Ýazylan wagty: 28 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, halkara derejesine eýe bolan hem-de medeni we taryhy umumylygy bilen baglanyşýan halklary parahatçylyk, döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň esasynda jebisleşdirýän Nowruz baýramy bilen birek-biregi ýene-de bir gezek mähirli gutladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, taraplaryň türkmen we azerbaýjan halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini nygtadylar. Türkmen we azerbaýjan halklary doganlyk halklar bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň baştutany şu ýylyň başynda ýurdumyza gelen Kawkazyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol wekiliýetiň düzüminde Azerbaýjanyň wekilleri hem bardy. Oňa jogap edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýan Türkmenistanyň geljekde-de bu netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitjekdigini nygtady.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlary özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we onuň täze möhüm usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparynyň uly ornuny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Liderleri Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Şol geňeşmeler bolsa oňyn döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, bu möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda goňşy döwletleriň Liderleri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Okalan sany: 435   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07612 sek. ýüklenen baýt: 33437