Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Mellek ýerler, ýaşaýyş jaýlar has elýeter bolar
Ýazylan wagty: 28 марта 2014 Ýazan GundogarNews

Mellek ýerler, ýaşaýyş jaýlar has elýeter bolar

28 –nji fewralda geçiren Minstrler  Kabinetiniň mežlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow „Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” Karara  gol çekdi. Bu  resminama laýyklykda, ýurdumyz boýunça 240 müň 710 hojalyk üçin goşmaça 35 müň 671 gektar, şol sanda Ahal welaýatynda 1 müň 443,5 gektar, Balkan welaýatynda 840,6 gektar, Daşoguz welaýtanda 10 müň 072,6 gektar, Lebap welaýatynda  9 müň 525,5 gektar, Mary welaýatynda 13 müň 789 gektar ýer gaznasyny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryna Ýer gaznasyndan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer böleklerini bermek hem-de ýaşaýjylaryň isleglerine görä bir we iki gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. Häzirki  ilata mellek ýer bermek üçin Ýer gaznasyna berlen 35671 gektaryň içinde Aşgabat şäheri boýunça paýlanjak mellek ýerleriň hasaby ýok. Diýmek, Aşgabada näçe hojalyga mellek ýeriň gerekdigi indi kesgitlenip belli edilmeli. Ýöne muňa garamazdan,  paýtagtymyzda hem hojalyklara mellek ýerlerini bermek boýunça arzalar päsgelçiliksiz kabul edilýär.

Mellek ýerleri almak üçin her bir ýerli Geňeşiň arçynlygy köpçülikleýin ýagdaýda 1–nji martdan ilatdan arza kabul edip başlady.  Öň mellek ýer üçin arza tabşyranlara gaýtadan arza bermek talap edilmeýär. Ilata mellek  ýerleri döwlet derejesinde döredilen ýörite Toparyň çykaran Karary esasynda beriljekdigini aýtmak gerek.  Mellek ýeri almak isleýän raýatlardan, hojalyklardan talap edilýän   resminamalar olaryň başga bir ýerde mellek ýeriniň ýa–da ýaşaýyş jaýynyň ýokdugyny kepillendirýän resminamalardan durýar. Hiç bir ýerde ýaşaýyş jaýyň, mellek ýeriň ýokdugy hakynda ýazgyda duran  ýeriň degişli edaralaryndan kepilnama, maşgala ýagdaýyň barada kepilnama. Ýazgyda duran ýeriňden güwanama. Şu resminamalary taýyn edip arza ýazyp, öz ýerli Geňeşiň arçynlygyna şu mesele boýunça nobata durýandygyňy hasaba aldyrmaly.  Türkmenistanyň dürli künjeginde ýaşaýan ýaş juwanlar är–aýal bolan bolsalar,  olaryň özara ylalaşan ýerinden mellek ýer almagy göz öňünde tutulandyr. Mysal üçin, Aşgabatly gyza öýlenen Daşoguzly ýa Lebaply ýigidiň paýtagtymyzdan mellek ýer ýa–da ýaşaýyş jaý almagyna hiç bir bökdençlik döredilenok.

Häzirki düzgüne görä, şäherde ýaşaýan raýatlara 0,8, şäherçelerde ýaşaýanlara 0,10, oba ýerinde ýaşaýan hojalyklara bolsa 0,12 gektar mellek ýerini bermek meýilleşdirilipdir.  Şu düzgün boýunça mellek ýerler paýlanylsa, Türkmenistanyň Ýer gaznasyna mellek ýerleri paýlamak üçin berlen 35671 gektar ýer,  azyndan 315 müň hojalygy mellek ýeri bilen üpjün eder. Bellemeli tarapy, mellek ýerleri paýlamak boýunça ilatyň isleg–arzuwy doly hasaba alnypdyr. Ýurdumyzda ilatymyzyň gür ýerleşen ýerlerine has köp mellek ýerlerini bermek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýtana 10 müň 072,6 gektar, Lebap welaýatyna 9 müň 525,5 gektar, Mary welaýatyna 13 müň 789 gektar mellek ýerleriniň paýlanjakdygy biziň aýdanlarymyzy doly subut edýär. Ilatymyzyň has gür hem Aşgabat şäherinden uzakda ýerleşen  bu üç welaýatymyzyň hojalyklaryna beriljek mellek ýer 33388 gektar bolup, ol azyndan bu welaýatlarda 300 müň hojalygy mellek ýer bilen üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň maýynda çykaran Kararyna laýyklykda mellek ýerlerini alan hojalyklar hat-da  lisenziýasy bolmadyk gurluşyk toparlaryna hem ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp bilýärler.  Ýöne mellek ýerini alan hojalyklara owadan, gelşikli ýaşaýyş jaýyny  gurmalydygy aýdylýar. Eger mellek alan hojalyk wagtlaýyn ýaşamak üçin kiçeňräk jaý gurmak islese, onda göz öňünde tutýan ýaşaýyş jaýynyň ýerini belli edip,  oňa hem ýol beriljekdigini ýerli Geňeşiň  arçynlyklary tassykladylar.  Mellek alan hojalyk islegi boýunça döwletden kredit alyp, jaý gurmak islese, olara hem  30 ýyllyk ýeňillikli  kredit esasynda jaý gurlup beriljekdigi kepillendirilýär. Häzir ýurdumyzda döwlete degişli bolmadyk hususy gurluşykçylar Topary hem az däl. Şonuň üçin hojalyklaryň döwlete degişli  ýa–da hususy gurluşyk firmalaryna, has dogrusy, saýlap,  ylalaşan gurluşyk edarasyna jaý saldyrmaga mümkinçilikleri bar.

Türkmenistanda hereket edýän düzgüne görä, mellek ýerini alan raýatlar iki ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýyny salmaga borçly.  28-nji fewraldaky geçen Ministrler Kabinetiniň mežlisinde aýdylyşy ýaly, aňyrsy 3–4 aýdan  ýurdumyz boýunça 240710 hojalyga mellek ýeri paýlanylyp berler. Mellek ýer alan hojalyklar öz isleglerine hem mümkinçiliklerine görä, bir ýa iki gat ýaşaýyş jaýlaryny salyp  bilýär. Her hojalygyň ortaça 80–85   metr kwadratdan kiçi bolmadyk ýaşaýyş jaýyny gurjakdygyna ynam etse bolar.  Şu ýönekeý hasabymyzdan ugur alyp, mellek ýerini alan hojalyklaryň iki ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýyny salmalydygyny göz öňünde tutsak, onda geljek iki ýylda paýlanylan 240 müň hojalygyň her biri ortaça  80–85 metr kwadrat jaý guranda hem, ýurdumyz boýunça agzalan möhletde 20 million metr kwadrat ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga beriljekdigini arkaýyn aýtsa bolar. Munuňam üstesine Türkmenistanyň oba–şäherlerinde döwlet tarapyndan gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bardygynam bellemek gerek.  Has dogrusy, döwletiň möhüm pudagynda, harby gullugynda işläp, mellek ýer alyp jaý salmaga mümkinçiligi bolmadyk hojalyklarymyz üçin  döwletiň ýaşaýyş jaýlaryny gurýandygyny, gurjakdygyny hem nygtamalydyrys.

Türkmen döwleti hojalyklara ýaşaýyş jaýyny gurmak, mellek ýerlerini bermek boýunça has öňden taýynlandy. Diňe soňky iki ýylyň içinde  Türkmenistanda (Balkanda, Baharlyda hem Köýtendagda)  üç  sany uly sement zawody guruldy.  Keletede bar bolan sement zawodynyň durky täzelenip, öňküsinden iki esssä golaý sement öndürjiliginiň artandygyny hem bellemek gerek. Ýurdumyzda gurluşyga zerur bolan demir harytlaryny, ýuwlan çagyllaryň dürli görnüşini  öndürýän zawodlaryň öndürjiliginiň görnetin ýokarlanandygy hem köre hasa bildirip dur. Gurluşyk üçin zerur bolan gumuň–çägäň almaly ýerleri anyk kesgitlenendir.  Garaz, şu ýylyň tomsundan raýatlarymyz has köpçülikleýin ýagdaýda jaý salyp başlanlarynda gurluşyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlamazlygy üçin ähli çäreler görlüpdir.  Ýerli geňeşligiň arçynlarynyň birnäçesiniň aýtmagyna görä,  köp çagaly, maýyp ýa –da gazanjy pes  bolan  hojalyklara ýeňillikli bahadan gurluşyk harytlaryny bermek hem göz öňünde tutulýar eken. Gurluşykda işledilmeli tehnikalaryň, kranlaryň aladasy hem öňünden edilipdir. Başlanjak uly gurluşykda işlediljek tehnikalaryň ýüzlerçesi täzeligine taýyn dur.

Häzir käbir raýatlarymyz özlerine mellek ýer ýetmez öýdüp howatyrlanýarlar, ýöne olara howatyrlanmaga hiç hili esasyň ýokdugyny arkaýyn aýdyp bileris.  Çünki mellek ýeri paýlamak üçin  Ýer gaznasyna berlen 35671  gektar ýer ýurdumyzdaky mellek ýer almak isleýän hemme hojalyklara ýeterlikdir.  Alan mellek ýerinde öz güýji bilen ýaşaýyş jaýyny salmak isleýänlere hem döwlet raýatyň saljak jaýyny zamun alyp, ýeňillikli  kredit berse,  ýaşaýyş jaýlaryny özleri gurjaklaryň has köpeljekdigine ynam etse bolar. Sebäbi käbir raýatlarymyz özleri jaý gurmak isleýärler.  Ilatyň şu islegini hasaba almak gerek.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, ýakyn iki –üç ýylda Türkmenistanda müňlerçe hojalyklarymyz täze alan hususy mellek ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bolarlar Bu bolsa biziň ýurdumyzda hususy mellek ýerleriň hem ýaşaýyş jaýlaryň has elýeter boljagyny aňladýar. Ine muňa welin guwanmazlyk mümkin däl.

Döwletmyrat Ýazkulyýew

Türkmenistanyň YA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri

- See more at: http://gundogar-news.com
Okalan sany: 1243   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
28 марта 2014


Halkymyzyň köpüsüni gyzyklandyrýan döwrüň esasy meselesi mellek ýerleri, ýaşaýyş jaýlary barada awtor diýseň gowy ýazmagy başarypdyr.

Mayichka
29 марта 2014

Waý menem mellek ýerler barada nähili maglumat barka diýip gözläp ýördüm, şula bolaýdy awtora köp sagbolsun aýdýaryn. Menem mellek ýerini almak üçin nobata durdym, belki ýakyn günlerde bizede nesip etsindä täze jaý salyp jaý toýuny tutmak.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06210 sek. ýüklenen baýt: 40530