Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Ikiçäk gürrüň
Ýazylan wagty: 29 марта 2014 Ýazan Marala

Ikiçäk gürrüň
_____________________________



gaýdanda badym,
Indi maňa söýmek ýokdyr diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy.
Şübhe bolmaz ýüregimiň päkdigine.
Ynansamam başky söýgiň bardygna,
Ynanamok başga söýgiň ýoklugna.

Ynha, dymyp dursuň
meniň garşymda,
Egniň ketenili, başyň
öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme üçin biz ýeke gezek söýmeli.

Özüň dek bir gyzy
söýüpdim menem,
Ol başgany söýdi, ol indi ene.
Öňkidenem otly, has çuň söýgi bilen
Men ikinji gezek söýýarin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik,
Gel, onda biz şol düzgüni bozalyň.
Söýgi kitabyna iki söz
bilen:
«BAŞARSAŇYZ, SÖÝÜŇ!» diýip ýazalyň.

Okalan sany: 744   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
29 марта 2014


Şu agzamyzam diňe söýgi barada ýazýarla hemişe, ýazyber, ýazyber.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05926 sek. ýüklenen baýt: 31126