Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ömrüme Pent "Talyplyk döwri" (RmX)
Ýazylan wagty: 29 марта 2014 Ýazan Betman
Ömrüme Pent "Talyplyk döwri" (RmX) 

Talyp, talyplygyň çyn bolýan bolsa,
Okuw okap, diplomyňy alyp git.
Talyplyk düşünjäň çuň bolýan bolsa,
Ýatyp, turup, okap, ýatyp, turup git.

Hem kopýa ber, hem kopýadan akyl al,
Kitapdan däl, internetden nakyl al,
Alan balyň gözlerine basyp al,
Kopýalarňy bildirmänjik zyňyp git.

Ders wagtynda mugallymlarňa belet bol,
Ders soralsa depderiňe seret bol,
At soralsa Serdar, Diýar, Meret bol,
Adyň aýtman başga biri bolup git.

Synag döwri kynlyk bilen geçiler,
Kelle agyrtman göni kopýa açylar,
Dersden gaçsa hemme üýşüp gaçylar,
Tutulaýsaň, soň ýene-de ýanyp git.

Bagt paýlansa 3 baýlygy ilki al:
"Dersde ýatmak" bilen "Dersden terki" al,
"Çäreden azat sen" diýen erki al,
Soň tapylar galan zady zyňyp git.

Ha köwüş geý, ha kostýum geý, tahýa geý,
Parhy ýokdur, geýseň bolar talyp deý,
Forma nomer 1'siz talyp bormy heý?!
Dekanyň ýanynda sessiz, dymyp git.

"Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?"
Synagdan ýykylsaň kyýamat şodur.
Her "mugallym" atlyga goýmagyn gadyr,
Oň diňe adyna hormat goýup git.

Ýeňip ýaşa, dersde, ýyllyk işde ýeň,
Daşarda ýeň, tejribelik işde ýeň,
Iň möhümi bolsa diplom işde ýeň,
Ýeňilmegem öwren, ýöne ýeňip git.

Derslere girmegiň nobaty ýagşy,
Synaga girmegiň nobaty ýagşy,
Men diňe bir zatda nobata garşy,
Diňe islän wagtyň çärä gelip git.

Başarsaň talyplaň içine garyş,
Talypdan dost tutun, mugallymdan tanyş,
Maşyn sürmekde dostlaň bilen ýaryş,
Okuwa-da öz ulagňa münüp git.

Ýene bir söz magtanmak däl, öwüt däl,
Bu goşgyny okamagyň sargyt däl,
Muny senden başga okajak gyt däl,
Ýöne senem okap, teswir ýazyp git.

Awtory - Nabelli 

Okalan sany: 807   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
29 марта 2014

Goşgyny okadym, teswirimi ýazyp gideýin menem. Umumana bu goşgyny bir ýeserje, garagolja talyp ýazana meňzeýär. Ýöne şuňa meňzeş degişmejikler ýazylyp durulsyn.

Mayichka
29 марта 2014


Degişgen özem žurnalist talyp üýtgedip ýazan bolmaly bu goşgyny, erbet däl.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05500 sek. ýüklenen baýt: 32566