Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÝAŞ TÜRGENLERIŇ ÝARYŞLARYNDAN ÝYLYŇ ESASY ÝARYŞLARYNA ÇENLI
Ýazylan wagty: 29 марта 2014 Ýazan NEXTTM

ÝAŞ TÜRGENLERIŇ ÝARYŞLARYNDAN ÝYLYŇ ESASY ÝARYŞLARYNA ÇENLI

1996-1999-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda köp günlük ýaryş tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar, ýagny Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan we Aşgabatdan bolan türgenleriň 40-dan gowragy 3 sany toparlaýyn ýaryşlarda, aýratyn badalga bermek bilen iki sany aýratyn ýaryşlarda we toparlaýyn ýaryşlarda ýeňijileri hem-de baýraklara mynasyp bolanlary ýüze çykardylar.

Köpetdagyň ugry bilen geçýän ýollarda indi ençeme on ýyllyklaryň dowamynda welosiped sporty boýunça ähli milli ýaryşlaryň geçirilýändigini belläp geçmeli. Şol ýol soňky ýyllarda esasy sport “ýyldyzlary” üçin halkara okuw türgenleşik  ýygnanyşyklarynyň yzygiderli geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär. Hususan-da, ol Russiýanyň bütindünýä meşhur “Katýuşa” toparynyň wekilleri üçin şeýledir, olar her ýyl gyşyna iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin Türkmenistana gelýärler. Biziň myhmanlarymyz ýurdumyzyň howasynyň bütin ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosiped sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýändigini belleýärler we ýollaryň birkemsiz oňatdygyny nygtap geçýärler.  

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi, bu holding “Katýuşa” welosiped toparynyň  resmi hemaýatkäri  bolup durýar. Bu  duşuşygyň barşynda ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda welosiped sportuny boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri bellenildi, şeýle hem Türkmenistanda dünýä derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek meselesi gozgaldy.

Welosiped sporty ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga esasy dalaşgärleriň biridir. Şol oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Ýakyn wagtlarda türkmen welosipedçileri  häzirki zaman ýapyk welotregi sowgat alarlar, ol Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň toplumyna girer, şol ýerde Aziada geçiriler. 

Häzirki birinjilikde häzirlikçe aşgabatlylar iň oňat sport görkezijilerini görkezýärler: ýokarda sanalyp geçilen ýaryşlaryň ählisinde hut paýtagtymyzyň welosiped sürüjileri, ýagny Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň okuwçylary ýeňiş gazandylar.

Wýaçeslaw Kutuzow alty tapgyryň jemleri boýunça hormat sekisiniň ýokarky basgançagyna çykdy. Oňa 27 kilometr aralykda bölekleýin badalga bilen hususy ýaryşlarda iki gezek birinji orny eýelemek, şeýle hem 82 we 87 kilometr aralyklarda toparlaýyn ýaryşlarda iki gezek üçünji orny gazanmak başartdy. W.Kutuzowyň jemi görkezen wagty 9 sagat 06,06 minuda barabar boldy. 

Umumy ýaryşda ikinji orny eýelän Kakabaý Ataýew ýeňijiden 5 minutdan hem az wagty görkezdi, ol 87 kilometr aralyga iň oňat wagty we 27 kilometrlige hususy ýaryşlaryň birinde ikinji netijäni gazandy. 

Wepa Akmyradow baýrakly üçünji orny eýeledi, ol toparlaýyn ýaryşlarda, ýagny 82 we 98 kilometr aralyklarda iki gezek ýeňiş gazanandygyna garamazdan, jemleýji wagtda kümüş medalyna mynasyp bolandan 80 sekunt pes görkezijini gazandy. 

Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryşa iň ýaş gatnaşyjylaryň Daşoguz welaýatynyň toparyndan 14 ýaşly Orazmuhammed Nurmedowyň we Aşgabatdan Döwlet Baýramowyň bolandygyny hem belläp geçmeli. Olar eýýäm häzirki wagtda hakykatda ussatlyklary bilen uly ýaşly bäsdeşlerinden pes çykyş etmeýärler, ýaryşlarda olaryň gazanan netijeleri muňa şaýatlyk edýär: Orazmuhammet 98 kilometre toparlaýyn ýaryşda ikinji orny eýeledi, Döwlet bolsa 27 kilometre bölekleýin badalga bilen hususy ýaryşyň wise-ýeňijisi boldy. 

Hünärmenleriň pikiriçe, bu ýaş türkmen welosipedçilerine uly sport üstünlikleri garaşýar. Şol sanda olaryň V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň düzüminde çykyş etmek mümkinçilikleri hem bar. 

Häzirki wagtda welosiped sportunyň türkmen ussatlary ýylyň esasy milli ýaryşyna, ýagny erkek adamlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler, ol 1-nji aprelden 10-njy aprel aralygynda şol ýollarda geçiriler. Çempionatyň jemleri boýunça ýygyndy topar düzüler, şol toparyň öňünde Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek wezipesi durýar, şol oýunlar  şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriler.
Okalan sany: 421   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
29 марта 2014

Aprel aýynda ýene-de ählimiz bilelikde weposiped süreris.

Mayichka
29 марта 2014

Sasoltan sen tigir sürmegi halaýaň öýdýän, menem gowy görýän geçen ýyldaky ýaly bu ýyl hem heziller edip tigir süreris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05429 sek. ýüklenen baýt: 36112