Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
OWAZA GURŞALAN GÖZELLIK DÜNÝÄSI
Ýazylan wagty: 29 марта 2014 Ýazan Mayichka

    OWAZA GURŞALAN GÖZELLIK DÜNÝÄSI


Ynsan kowmunyň ýaşaýan dünýäsi owaza gurşalan:Arşy-agladan öwüsýän bady-saba, daragtlaryň şemala başlaryny ikiýana yralap çykaryp owazlanmasy, parç alan maýsaly meýdanlaryň ygşyldysy, deňiz gomlarynyň,daşlaryň kükregini ýaryp akýan tereň çeşmeleriň, asman şalygyndan ak nur bolup inýän ýagyş-ýagmyrlaryň,guş-gumrylaryň sesler... bu barlygy,älem-jahany owaza gaplaýar.Tebigatyň şeýle owazlar dünýäsine ýene-de bir dünýä goşulýar,ol ynsan kalbynyň duýguly ruhy dünýäsinde köňül öýi bilen gudratly elleriniň sazlaşygynda gudrat bilen dünýä inýän şaý-sepleridir.Näzikden mylaýym şaňňyrdysy bilen dünýäni owaza gaplanda,ynsan oglunyň heserlenme tapmasy,duýgular dünýäsiniň boý bermeýän ummanynda guwwas bolup ýüzmesi,ahyrda ol oawzly we diýseň owadan dünýäniň baky bendiwany bolup galmasy onuň gudraty dälmidir eýsem?!
Gudraty güýçli Beýik Taňry bu gözellik dünýäsiniň nurana gujagynda ýaşaýan asly nurdan dörän türkmen halkyna onuň inçe syrlaryny öwrenmäge,bilmäge, ony ylham atly bedew atyň ganaty bilen yçyp-ýerläp zehin zülmiýasynyň müňbir öwüşgini bilen beýan etmäge giň ýollary bagyş edipdir. Dünýäde iňbir gadymy halklaryň biri bolan halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdyp,üzülmez tylla kökeni bilen biziň şu günlerimize gelip ýeten amaly-haşam sungaty esasy şahasydyr.
Taryhyň gatyna siňen ýüzýyllyklara ser salanyňda, türkmenleriň altyn-kümüş çaýyp,ussatlyk bilen ýasan şaý-seplerinie dünýä ýüzüniň maýyl bolandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gadymy döwürde Altyndepede,Marguşda,Nusaýda,Hazar ýakalarynda,Sumbar,Etrek jülgelerinde,Maşady-Missirian düzlüginde Oguz nesilleriniň senetçileriniň miras goýan sungaty özüniň müň öwüşginli dünýäsi bilen nur saçypdyr.Gadymy maglumatlar Orta asyrlarda diňe gadymy Merwiň özünde 14 müňe golaý zergäriň şaý-sep ýasamak bilen meşgullanandygyny, bu gadymy mekanyň ýörüte zergärler köçesiniň bolandygyny, şol köçäniň ugrunda dürli şaý-sepleriň satylandygyny habar berýär.
Türkmen her bir halal işe ömür örküni baglajak bolsa, ak pata alyp, ol ugra degişli pirinden hümmet-medet isläpdir.Zergärçilik işlerine ykbalyny baglan türkmenlerimiz hem bu halal senede başlanlarynda owaly Taňrydan, soňra zergär-kümüşçileriň piri Baýat Göweçden medet diläpdirler. Şunlukda,yhlas bilen zehiniň ýugrumyndan asyrlara,müňýyllyklara şaýat boljak şaý-sepleriň owazly kökeni döräpdir.
Geliň ata-babalarymyzyň hünärli gollaryndan çykan şaý-sepleriniň atlandyrylyşy we olaryň haýsy ýaşdaky adamlara niýetlenendigine garap geçeliň.
Çagany durmuşyň güli, nesil ulgamynyň dowamy hasaplan pederlerimiz zergärçilik işlerinde olar üçin maýasy mähek, şyňňyrdysy owazly nusgalaryň ençemesini dokapdyrlar.Olar burma,dogaçyr, ýylançyr, gözmonjuk, goçbuýnuz we bukawdyr.
,,Gyzly öý—gyzyldan halka’’, ,,Gyzy baryň ýazy bar’’ diýlen ýaş gyzoglanlar üçin hem milli şaý-sepleriň ençemesi döredilipdir. Hünärli gollardan çykan sytara, çapraz, dagdan, gupba, gülýaka olaryň guwanjyny, şatlygyny goşalandyrypdyr.
Elbetde, bu işlerde ýaş oglanjyklar hem ünsden düşürilmändir. Şonuň üçin olara ok-ýaý, ilikkilt, bäzbent ýaly haşamly önümler ýasalypdyr.
,,Gyzly öý soltanly öý’’, ,,Gyzly öýe rehnet ýagar’’, Gyz—öýüň torbasy, ene—unuň urbasy’’ diýlip, ojakda şirin söz bilen söýlen uly gyzlar hakynda hemişe alkadalanypdyr. Sümsüle, akdyrma, eňselik, teneçir, şakäkil, boýuntowuk olaryň Aýdan ary,Günden nurly tebigy gözelligine gözellik göşupdyr.Olaryň dakynýan bu şaý-sepleriniň şaňňyrdyly owazy gulaklara nem bolup inip,kalplara mähir bolup siňipdir.
,,Gelin gowusy eliňi ýaga,diliňi bala batyrar’’, ,,Gelnimiň—aýagy, çopanymyň—taýagy’’, ,,Ýagşy gelniňher dograny ýag bolar’’ diýlen daraýy daňlara çalymdaş gelinler üçin döredilen owazy owuz deýin çapraz-çaňňa, mylaýym nury bilen toweregine menek-menek ýalkym berip duran şelpeli-gaşly gülýaka, gönjük, bukaw, emelik, bilezik, kökenli ýüzük olarň kaddy-kamatyny has-da görnümdar görkezipdir.
Hak tarapyn ýaradylyşynda gözellik paýy berlen, ojagyň-öýüň ýaraşygy, öýi öý edýän, tebigy dünýäsi nura beslenen türkmen zenanlary üçin ýasalýan şaý-sepler hem aýratyn gözel häsiýete eýedir. Hünärli barmaklardan dörän maňlaýlyk, asyk, egme, aragerbi, goza,burunhal orta ýaşan aýallary nurana keşbini has-da nurly görkezipdir.
Bu işlerde erkek kişiler hem çetde galdyrylmandyr.Tegbent, küküşil kemer,sytaraly kemer olaryň dal gerdenine ýaraşyk beripdir.
,,Garry—öýüň sütüni’’, ,,Gartaşan aýal—pähim horjuny’’ diýlen ýüz-gözleri perişde pisint nurana aýallara dakynmak üçin zergärleriň döreden dürli şaý-sepleri-de giden bir tarypyn söz ýetmez tasin dünýä. Kebelek, gyňajujy, ildirgiç, heýkel, tumar, burunysyrga, bilekse ýaly ol şaý-sepler her sözi pähim-parasada ýugrulan enelerimizi has-da mähriban görkezipdir.
Hawa, biziň söze sarpa goýýan pederlerimiz zergärçilik, kümüşçilik işleri dogrusynda birnäçe parasatly pähimleri hem döredipdirler. Muňa “Şaý-sepim bar—şalygym bar’’, ,,Kümüşçi dostuň bolsa, kümüşden çekijiň bolar’’,
,,Kümüşleriň külkesi, asýa unuň belkesi’’, ,,Zer gadyryny zergär biler,ýer gadryny—kärgär’’ ýaly onlarça setirler aýdyň mysaldyr.


Okalan sany: 518   Jogaplar: ( 3 )

Betman
31 марта 2014

,,Kümüşçi dostuň bolsa, kümüşden çekijiň bolar’’-- Bay dostun bolsa, elin pully bolar.rofl


Betman
31 марта 2014

bir az gulesheli diydim,, gowy yazylan makala, adam eli gyzyl gul diyenleri-de

Mayichka
31 марта 2014

Betman senem gowuja degişýäňle.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08851 sek. ýüklenen baýt: 36669