Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýaş türgenlerimiziň üstünligi.
Ýazylan wagty: 29 марта 2014 Ýazan Mayichka

Ýaş türgenlerimiziň üstünligi.


Tähranda taekwon-do (ITF) boýunça  Eýran Yslam Respublikasynyň 12-nji açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşa jemi 9 döwletden türgenler gatnaşdylar. Bu bäsleşikde çykyş eden türgenlerimiz dört sany medal gazanmagy başardylar.


  51 kilogram agram derejesinde Mary welaýatyndan Çary Muhammetgulyýew jemleýji duşuşykda täjigistanly türgeni 4:0 hasabynda arassa ýeňip hormatly birinji orny eýelemegi başardy.


  57 kilogram agramda aşgabatly Mergen Jumanazarow eýranly garşydaşyny  4:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy. Maksat Allanazarow bilen Allanur Gurbanow 63 kilogram agram derejesinde bürünç medal eýelemegi başardylar.   


Okalan sany: 337   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
29 марта 2014

Taekwon-do sporty boýunça geçirilen halkara ýaryşynyň ýeňijilerini gutlaýaryn.

Betman
31 марта 2014

shol yenijini menem gutlayan,good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06591 sek. ýüklenen baýt: 31131