Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Meniň oglum - serhetçi!
Ýazylan wagty: 22 февраля 2013 Ýazan NEXTTM


Meniň oglum - serhetçi!

Men Aman Hudaýberdiýewiň kakasy Merdan Hudaýberdiýew. Adam çagalary üçin ýaşaýar, olar üçin gowusyny edesi gelýär. Emma çagalaryň aladasyny çenden aşa edip, ene-atanyň ýalňyşýan wagty hem bolýan eken. Şol sebäpli maşgalamyzda bolup geçip, soňy bähbide ýazan ýagdaýy bilen siziň bilen paýlaşasym gelýär.

Meniň körpe oglum Aman Hudaýberdiýewi harby gulluga göýbermekden gorkýardym, sebäbi ol ejizjedi, ine bir günem ol „Ýaşlyk“ teleýaýlymynda türkmen serhetçileriň watanyny goraýşy baradaky türkmen telefilmlerini gördi we ýanyma gelip, özüniň harby gulluga arza ýazyp gitjekdigini aýtdy. Men ejesi bilen oňa garşylyk görkezjek boldum, emma ol öz öňündäki maksadyndan dänmedi. Şeýlelikde biz etrap harby wekilligine baryp arza berdik.

Oglum Aman harby lukmançylyk barlagyndan geçdi. Onuň boýy 1,65 metr, agramy bolsa 57 kg deň boldy. Soňra 2011-nji ýylyň noýabr aýynda oglumyň ýazan arzasyna seredilip, ol Serhet gullugynyň Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän 2103 harby bölümine çagyryş boýunça harby gulluga alyndy.

2012-nji ýylyň maý aýynda Aman öz gullukdaş esgerleri bilen serhet tabşyrygynda duran wagty 2 sany serhet bozujyny saklap görkezen edermençiligi üçin komandirleri tarapyndan „Ussat Serhetçi“ nyşany bilen sylaglanypdyr.

Şeýle-de oglumyň gullugynda görkezen edermenligi üçin maňa we ejesine komandirleri tarapyndan minnetdarlyk ugratdylar.

2013-nji ýylyň noýabrynda gullugyny tamamlap öýe gelende, ogulum has hem daýawlaşyp geldi. Onuň harby gullukdan daýawlaşyp gelenini gören harby gullukdan gorkup ýören dostlary Durdymyrat Akmyradow, Çary Begjanow we Ruslan (familiýasy ýadyma düşenok) dagylar muny görüp, haýrana galdylar we özleriniň harby gulluga gidesi gelmän ýörendiklerine puşman etdiler, sebäbi oglumyň gyz klasdaşlary we goňşy gyzlarymyz Selbi, Jeren, Mähri we Dursunjemal dagylaryň Amanyň ers-mers bolup, görmegeýleşip, owadan bolup gelenini görüp, Amanyň daşyndap pyr-pyr aýlandylar.

Amanyň dostlary hem muny görüp, öz arzalary bilen Serhet gullugynda harby gullugyny geçmäge höwesleri artdy. Men şonda oglumyň agramyny we boýuny ölçemeklik üçin gapana mündürenimde, Amanyň agramy 69 kg, boýy bolsa 1,71 metre ýetipdir.

Komandirleri tarapyndan Amany serhet gullugynda işe galmaklyga teklip edipdirler, Aman şol teklibi gollap, Serhet gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek üçin 2014-nji ýylyň tomsunda Serhet institutyna dokument düzetmegiň ugrunda gezip ýör.

Menem ata ýüregimden indi oglum Amanyň durmuşda öz ýoluny özbaşdak tapyp biljekdigine diýseň begenýärin.

Okalan sany: 4679   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04318 sek. ýüklenen baýt: 33086