Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
GARA GÖZLERIŇ
Ýazylan wagty: 23 февраля 2013 Ýazan HEZRET
GARA GÖZLERIŇ
Ýandyrdy janymy, ýakdy bagrymy,
Sürmeli şol gara gözleriň seniň,
Säherler yzlaýyp, ýollarda ýörsem,
Şekerden şirindir sözleriň seniň.

Yşkym zahyr boldy ulus-ilime,
Şum rakyplar düşdi meniň yoluma,
Gözlerimden akan ganly silime,
Gark olar guba gazlaryň seniň.

Ýarymy çagyrsam, bir bäri bakmaz.
Özgäniň ýagşysy köklüme ýakmaz,
Wepaly ýar ýaryn beýle byrakmaz,
Daşdan gaty eken näzleriň seniň.

Köýünde dolanyp, kähi oýana,
Yşkyňda bolup men däli-diwana,
Garyp aşyk bolmuş näzli juwana,
Öwrülip gelmezmi ýazlaryň, seniň.
Okalan sany: 459   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05629 sek. ýüklenen baýt: 29129