Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Işgärler üçin maşklar
Ýazylan wagty: 02 апреля 2014 Ýazan Mayichka

 


                                    Işgärler  üçin  maşklar


 


 Sagdyn  durmuş  ýörelgesiniň  adamlaryň öndürijilikli  zähmet  çekmegi  üçin örän  wajypdygy  hakyndaky hakykat şu  gün ýa-da  düýn döremändir. Muňa  adamlar ir  döwürlerden  bäri  göz  ýetiripdirler. Hut  şonuň  üçinem, Hormatly Prezidentimiziň  öz  halkyna  peşgeş  beren Beýik Galkynyş  eýýamyndaky özgertmeleri sagdyn,  berk bedenli, ruhubelent  we  bilimli  nesli  kemala   getirmekden  durýar.


      


       Kämahal  işde  ünsüňiz  bölünýär, pikirleriňizi bir ýere jemlemek  kynlaşýar, ýöne  ýere eliňiz  işden  sowaýar. Ine, şol ýagdaýlarda  özüňi çalt  dürsemek  üçin, otugyjyňyzdan  turman şu  aşakdaky  birnäçe ýönekeý  hereketleri ýerine  ýetirmegi  maslahat  berýärin. 


       Elleriňizi  döşüňiziň  üstünde  goýuň we olary  gaty  gysyň. Oturan  ýeriňizde  barmaklaryňyzy  oturgyjyň  arkasyna   degrip, dürli  taraplara  öwrüliň. Soňra  birikdirilen  elleriňiz  bilen  dyzyňyzy  tutuň, öňe  hem-de  gapdallara  egiliň. Dikeliň, uludan  dem  alyň we bu  maşky  gaýtalaň. Elleriňiz  bilen  oturgyçdan  tutup, kelläňizi  egniňiziň  bir   tarapyna  egiň.  Kelläňizi  galdyryň, soňra  egniňiziň  beýleki  tarapyna  egiň. Eliňizi garşy  egniňizden  tutup, kelläňizi  ýokaryk  galdyryň hem-de ony dürli  taraplara  öwrüň.


 


Okalan sany: 486   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05291 sek. ýüklenen baýt: 36073