Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Gülmek ömürden.
Ýazylan wagty: 03 апреля 2014 Ýazan NEXTTM

Gülmek ömürden.

Adamlar, tebipler adamyny dürli ýollar bilen bejerýärler. Däri-derman berýärler, berhiz saklamagy tabşyrýarlar. Sebäbi, agzyňa berk bolmak , ýagny buýrup bilmek, gereklmejek, saglygyňa zeper ýetirjek tagamlary, önümleri iýmezlik-saglyk ugrunda göreşmegiň bir ýolydydr.

Bir bende gün-günden egbarlap barýarmyşyn. Näme etse-de, haýry degmeýämiş. Üstsine-de, bir bolgusyz ynjy oňa maza berenokmyş. Lukmana barsa, ol näsagy mazaly barlap, seniň ilki bilen gözüňi bejermeli, çem gelen zady iýmekden, aşa semiremekden saklamaly. Seň bar derdiň başy – ýakar ýakmazy iýmekden başlanypdyr diýipdir. Näsaga çakyny bilip iýmegi, wagtyny hoş geçirmegi, halys iýesi gelip dursa, gülkili eserleri, degişmeleri okamagy sargapdyr. Köpiräk gülmek, wäşi adamlar bilen tirkeşmek saňa derdiňden saplanmaga kömek eder, diýipdir.

Türkmen halkynyň ajaýyp nakyllary bar, akyldarlarynyň sargytlary, aýdan pähimleri bar. „Gülki ömürdendir“ diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Gülki esasy bejeriş serişdeleriniň biridir.

Bir zaman bir baý adam agyr kesele ýolugupdyr. Gün-günden horlanyp, çöpe dönip barýamyşyn. Lukmanlaryň etmedik emleri galmadyr. Ahyry, keseliň emini tapmansoňlar: „Göwün islän zadyny iýibersin, Indi biziň etjek alajymyz ýok. Uzaga gitmese gerek“ diýipdirler. Ol ýagdaýy näsaga aýtmasalaram, pahyr öz ýagdaýyna gowy düşinýän bolmaly. Em-ýom edilmesi kesilsoň, ölsemem galanja ömrümi şadyýanlykda geçireýin, toý-tomaşa baraýyn, aýdym-saz diňläýin, wäşiräk adamlaryň ýanyna köpiräk baryp, göwnümi açaýyn diýip,obadaky, goňşy obadaky şady horramlyklara gatnaşyp, käte olary öýüne çagyryp, üýşmeleň etmäge başlapdyr. Görse günme-günden göwni açylyp, haýyr tapyp başlapdyr. „Gülkä gülmeseň göwün galar“ diýip, jak-jaklap gülýämiş. Soňa waka onuň özem ýanyna baranlara degişmeleri aýdyp berenmiş. Şorta söz tapsa başga zat gözlemändir.

Günleriň birinde ony bejeren lukman näsagyň ogluna duşup, kakasynyň halyny sorapdyr. Ogly: „Gaty göresiňiz gelse, ertir goňşy obadaky Rahym aga toý edýär, şoňa baraýyň, kakam bilen degişip gülüşersiňiz“ diýipdir. Lukman özüni tutan,  loh-lohlap gülüp oturan näsagynyň aýak üstüne galanyny töweregindäkiler bilen ýomak aýdyşyp oturanyny görüp, aňk bolupdyr. Eden dermanynyň gülkidigini eşidip, şol günden soň öz ýanyna baran nahoşlara gülki gözlemegi maslahat beripdir.

Gülki dürli-dürli bolýar. Adam ýürekden gülende wagty hoş bolup, bir ýaşaýar. Ol hoş gylygy bilen ilem güldirýär, goňşusynyň gürrüňdeşiniň göwnüni göterýär. Ýöne il içinde aýdylyşy ýaly „ýalan gülmek“, „bir gepläp, iki gülmek“ gowy häsiýet däl. Ýalandan başlygyna, barlyrak adama ýaramsaklyk edip, onuň aýdýan zady gülküli bolmasa-da gülen bolmak asylly adama ýaraşmaz.

Ýazyjylar, şahyrlar degişgen bolýar. Bir gün Beki Seýtäkow özüniň başlyklyk edýän redaksiasynda, daşyna oglan baryny üýşürip, gürrüň berýämiş. Oglanlar ýazyjynyň gürrüň berýän gülküli pursatlaryna hezil edişip gülüşip, wakyrdaşyp oturanmyşlar. Bir zadyň aladasyna gumra şahyr Mämmet Seýidow ýaşulynyň degişmelerine üns  berip bilmän, işliräk bolupdyr. Beki aga oňa degip: „Mammet seniň ömür janyň degişmedir weli, meniň gürrüňleririme kän üns bereňok, ýyrşaraýmasaň, gülüp oturanyňy göremok“ diýse, degişmede utulmany halamaýan şahyr: „Beki aga, bular senden doly aýlyk alýarlar, men bolsa siziň redaksiaňyzda ýarty aýlyk alýlyga işleýän“ diýipdir. Hemmeler gyzyl gyran bolupdyr.

Hawa, gülki ajap zat. Ýürekden gülmek, ömrüňi uzaldýar. Çagalaryň bilen gülüşmek, maşgalaň agzybirligini berkidýär, seniň keýpiňi çag edýär. Aýratynam çaga gülküsi, çaganyň şatlygy seniý wagtyňy hoş edýär.

Bir atly –abraýly, döredijilikde uly işler bitiren kompozitor: „Çaga gülkisiniň şeýle joşduryjydygyny ömrümiň ahyrynda duýdum. Öňden bilip, şol çaga gülkisine mynasyp eser ýazan bolanymda, il-gün meniň gadrymy hasam belentgötererdi. Beýle şähtiňi açyjy serişde bardygyny arman giç duýdum“ diýipdir.

Gülki ynsanyň hemrasy bolsa, onda arman galmaz. Ependi, Aldarköse, Ataköpek mergen, Pyhy Tagy.... ýene-ýeneler halkymyzyň göz guwanjydyr, halkyň aladasyny edip, oňa gülki paýlandyrlar, Ýaşlar şol gülkiden paýyny almalydyr.

Okalan sany: 1547   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
03 апреля 2014

rofl

Mayichka
03 апреля 2014


Indiden beýläk men diňe gülip ýaşajak.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05623 sek. ýüklenen baýt: 35753