Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
SEULDA DÜNÝÄ ŞYGRYÝETINIŇ NUSGAWY ŞAHYRY MAGTYMGULA SARPA GOÝULÝAR
Ýazylan wagty: 04 апреля 2014 Ýazan NEXTTM

SEULDA DÜNÝÄ ŞYGRYÝETINIŇ NUSGAWY ŞAHYRY MAGTYMGULA SARPA GOÝULÝAR

Şu günler Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň şu ýurtdaky Ilçihanasy tarapyndan guralan çäreler ýubileý dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Beýik söz ussadynyň hormatyna şeýle çäreler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilip, nusgawy şahyryň şygyrlarynyň muşdaklarynyň ählisini birleşdirýär.

Şeýlelikde, şu gün, 4-nji aprelde Magtymguly Pyragynyň koreý dilinde neşir edilen goşgularynyň ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy bolar. Täze kitap koreýaly okyjylara ajaýyp sowgat bolar. Munuň özi şol okyjylar üçin beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ummasyz dünýäsini açar. Bu biziň halklarymyzy ruhy taýdan ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna  ýene-de bir uly goşant bolar. Soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde gumanitar gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini bellemelidiris. 

Tanyşdyryş dabarasyndan soň, dünýä edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we eserleriniň terjimelerine, türkmen we koreýa edebiýatynyň deňeşdirme seljermesine bagyşlanan meseleler boýunça okuw maslahaty geçiriler. Iki ýurduň edebiýatlarynyň ösüşinde folklor däpleri, halk döredijiligi möhüm orun eýeleýär. Şol däpler häzirki wagtda hem milli medeniýetleri baýlaşdyrmagyny dowam edýär. Bu okuw maslahaty beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň  290 ýyllygyna bagyşlanyp düýn şu ýerde, Seulda geçirilen maslahatyň bir bölegine öwrüler. 

Şol maslahatyň işine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we bu ýurtda işleýän diplomatik korpusyň, Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasynyň, ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilşi ýaly, türkmen nusgawy şahyrynyň goşgulary we garaýyşlary koreý halkynyň şygryýet we pelsepewi dünýäsine çalymdaşdyr. Türkmen halky ýaly, koreý halky hem özüniň milli däp-dessurlaryna we mirasyna uly sarpa goýýar. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde medeniýetara gatnaşyklar üçin oňat esasdyr. Häzirki döwürde ählumumy ösüş üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň hem-de umumadamzat ýörelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar. 

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanýan üstünlikleri, biziň ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşdylar.
Okalan sany: 424   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07033 sek. ýüklenen baýt: 32181