Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gözellik maşklary
Ýazylan wagty: 04 апреля 2014 Ýazan Mayichka

Gözellik  maşklary


         Gadymy grekler hem-de gündogar halklarynyň köpüsi maşk etmegi sungat hasaplapdyrlar. Olar syratly sypata, syrdamlyga maşkyň üsti bilen ýetiripdirler hem-de wagtndan öň garramagyň we birnäçe kesselleriň öňüni alypdyrlar. Gündogarda we dünýäniň köp ýerlerinde “Gözellik maşklary” diýen at bilen ýaýran bu maşklaryň ýönekeý bolsa-da, netijesiniň peýdalydygyny hünärmenler tassyklaýar. Bu maşklary howa maýyl wagtlary daşarda ýa-da oňat ýelejiredilen otagda, halyçanyň üstünde, köwüşsiz ýerine ýetirilýär. Maşk etmezden 30-45 minut öň gaýnamadyk, oňat hilli, mylaýym suwdan 150-200 gram haýal ogurtlap içmeli. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, suw bedene 20-30 minutda doly siňýär we maşk wagtynda bedendäki artykmaç çökündileriň ýumşamagyna hem soňundan bedenden çykmagyna kömek edýär.


1.    Dik durmaly. Haýaljakdan, burnuňdan çuňňur dem alyp, ýene burnuňdan haýaljakdan yzyna goýberip, 5 gezek ýerine ýetirip, soň maşka başlamaly. Aýaklaryňy has ýokary göterip, elleriňi hereketlendirip, ilki haýaljak, soň çalt hereket ýöremeli. 3 minut ýöräniňden soň kem-kemden haýal ýöräp, öňki kaddyňa gelmeli.


Hünärmenleriň bellemegine görä, bu maşk bedeniň ähli ýerinden gan aýlanyşyň sazlaşygyna, ýüregiň kadaly işlemegine iýmit siňdiriş agzalaryň çökündilerinden saplanmagyna kömek edýär.


2.    Dik durmaly. Elleriňi bykynyňa goýup, göwräňi ilki sag tarapa, soňra çep tarapa egmeli, 10 gezek.


     Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu maşk oňurgada duz ýygnamagyň öňüni alýar, çaltbanyň berk bolmagyna kömek edýär.


3.    Dik durmaly, elleriňi bykynyňa goýmaly. Soňra iki eliňi ýokary göterip, aýaklaryňy eplemän, elleriň aýasyny ýere ýetirmäge çalyşmaly, 8-10 gezek.


Bu maşk bedeniň çeýe bolmagyna, garyn boşlugyna ýag ýygnamagyna garşy, içegede alyş-çalyş kadalaşmagyna kömek edýär.


4.    Şol duran ýeriňde aýagyňy gozgaman, elleriňi bykynyňa goýup, biliňden aşagyňy ilki sag tarapa, soňra çep tarapa birnäçe gezek aýlamaly. Jemi her tarapa 5-7 gezek aýlamaly.


  Hünärmenleriň beýan etmegine görä, bu maşk aýakda gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna, dyza duz ýygnamagynyň öňüni almaga kömek edýär.


5.    Dik durmaly, eliňi bir zada diräp saklamaly. Bir aýagyňy ýerden üzüp, öňe-yza hereket etmeli. Soňra beýleki aýagyň bilen şol hereketi gaýtalamaly. Jemi 10-12 gezek.


Hünärmenleriň ýazmagyna görä, bu maşk aýakdan gan aýlanyşygyň kadalaşmagyna, bil oňurganyň çeýe bolmagyna kömek edýär. 


6.    Aýaklaryňy uzadyp, dik oturmaly. Göräňi aýaklaryňa tarap epip, eliň aýasyny aýagyň barmaklaryna degirjek bolmaly. Şol pursat tutuş bedeniň çekilen ýaly bolýar. 7-9 gezek gaýtalamaly.


     Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu maşk arka oňurganyň tutuşlygyna çeýe bolmagyna we olara duz ýygnamagyna garşy kömek edýär, adamyň bedeni çeýe we syratly bolýar.


7.    Çöküňe düşüp oturmaly. Elleriňi öňe uzadyp, kelläňi ýere degirmeli däl hem-de çöküňe düşüp oturan ýagdaýyňy bozman öňki ýagdaýa gelmeli. Jemi 5-7 gezek gaýtalamaly.


     Hünärmenleriň nygtamagyna görä, bu maşk iýmit siňdiriş agzalaryň, ýüregiň kadaly işlemegine, kellede gan aýlanyşygyň oňatlaşmagyna, bedendäki gan damarlaryň dykyn almagyna garşy kömek edýär.


 


 


 


 


 


  


Okalan sany: 499   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07980 sek. ýüklenen baýt: 40297