Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bank hünärmenleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilişi
Ýazylan wagty: 04 апреля 2014 Ýazan Krassavchik

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary
netijesinde günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny berkitmäge
gönükdirilen çäreler toplumynda zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda,
harytlara we hyzmatlara bolan islegleri kanagatlandyrmakda, ýurduň ykdysady,
maliýe we bank toplumyny ösdürmekde ýokary hünär derejeli, başarnykly we
tejribeli hünärmenleriň bolmagy Berkarar döwletiň bag-tyýarlyk döwrüniň talaby
bolup durýar.



Şu nukdaýnazardan, hünärmenleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmakda we olary gaýtadan taýýarlamakda, ylmyň we
tehnologiýanyň, halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almak
bilen hünär bilimlerini çuňňur öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredýän milli
Liderimiziň atalyk aladalary ýurdumyzda kabul edilen «Bilim hakyndaky»
Kanunynda, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanynda Döwlet gullugy akademiýasyny döretmek hakyndaky» Permanynda özüniň
çuňňur beýanyny tapýar.



Bedew bady bilen öňe barýan mähriban
Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýola goýlan hünäri
ýokarlandyryş işi bazar ykdysadyýetiniň derwaýys meseleleriniň biri bolup,
maliýe çygrynyň her bir edarasynyň ykdysady ösüşiniň, onuň bazardaky abraýynyň,
şeýle hem bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şertleri bolup durýar. Şoňa görä-de,
günsaýyn ösýän bäsdeşlikde guramaçylyk üýtgeşmelerini, dolandyryşyň
ýörelgelerini elmydama çalşyp durmak zerurýeti işgäriň hünär derejesiniň
ösüşini, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hil taýdan ýokarlanmagyny, zähmete
başgaça – döredijilikli, innowasion gatnaşygyň bolmagyny şertlendirýär.



Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň
Döwlet maksatnamasynda bellenilişi ýaly, bank işgärleriniň hünär derejesiniň
yzygiderli kämilleşdirilmegi, işiň netijeliligine oňyn täsir edýär. Bu babatda
işgärler syýasatynyň öňünde bank hünärmenleriniň bilim derejesini
ýokarlandyrmakda ykdysady okuwlaryň gurnalmagy, olaryň hünär derejeleriniň
yzygiderli kämilleşdirilmegi, bu işde halkara maliýe guramalary, daşary ýurt
Merkezi banklary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýaly ençeme möhüm çäreler,
wezipeler goýulandyr .



Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli,
ba-şarnykly bank hünärmeni öz işinde wezipe borçlaryndan daşary, dürli
görnüşdäki zähmet wezipelerini utgaşdyrmaly bolýar, şeýle hem menejmentiň,
marketingiň, psihologiýanyň we sosiologiýanyň esaslaryny bilmekligi talap edýän
çözgütleri kabul etmeli bolýar. Beýle üýtgeşmeler okatmaklyk meselesiniň
ähmiýetini ýokarlandyrmagyň, işgärleri taýýarlamagyň we işgärleri edarada
okatmaklyk ulgamyny kämilleşdirmegiň zerurlygyna getirýär. Işgärde ol ýa-da
beýleki iş endikleriň, bilimleriň ýetmezçiligi, öňde goýlan meseleleri
netijesiz çözmeklige eltýär, şeýlelikde işgärde stress ýagdaýy döreýär, şeýle
hem iş motiwasiýasynyň peselmegi ýüze çykýar. Şonuň üçin hem işgärleriň
netijeli okadylmagy, girdejiden daşary, edara üçin täze işgärleri çekmeklige,
guramaçylyk maksatlaryna üstünlikli ýetmeklige ýardam berýän möhüm
haýyrlylygyň, ýagny kol-lektiwde durmuşy-psihologik klimatyň jebislenmegine,
işgärler potensialynyň ýü-ze çykmagyna, guramaçylyk we özüňi alyp barmagyň
nusgawy medeniýetiniň emele gelmegine ýardam berýär.



Şeýlelik
bilen, hünäri ýokarlandyryş diýlende nämä düşünýäris? Alym W.R.Wesniniň
bellemegine görä, hünäri ýokarlandyryş – bu işiň kesgitli görnüşine zerur
bolan, işgärdäki hünär bilimlerini kämilleşdirmek we çuňlaşdyrmak maksady
bilen, hünärmeni okatmaklyk bolup durýar.



Ýöne,
kämahallar, hünäri ýokarlandyryş okuwlary diýlende, diňe iş ýerinde ýa-da
ýörite okuw jaýlarynyň çäklerinde gurnalan okuwy göz öňüne getirýärler.
Hakykatda bolsa, bu giňişleýin hadysa bolup, diňe bir okuw prosesi bolman,
eýsem öz-özüň üstüňde işläp, öwrenmeklikden, ökde hünärmenler bilen tejribe
alyşmakdan, sergilere gatnaşmaklykdan, ýörite edebiýatlary okamaklykdan we ş.m.
ybarat bolup durýandyr.



Hünäri
ýokarlandyryş okuwlaryna höweslenmegiň sebäpleri bolup iş ornuňy, wezipäňi
saklamak, täze wezipä geçmek, wezipede ýokarlanmak, zähmet hakynyň
ýokarlanmagy, täze bilimlere bolan gyzyklanma, täze iş endiklerini öwrenmek,
işewür gatnaşyklary giňeltmek we ş.m. çykyş edýär.



Hünäri
ýokarlandyryş okuwlar toplumy ilki bilen, hünärmenleri okatmaklyga bolan
zerurlygy kesgitlemekden başlanýar. Munuň üçin ilki bilen, hünärmeniň bilim we
endik taýýarlygy bilen oňa bildirilýän talaplar arasyndaky laýyklyk derejesi
ýüze çykarylýar.



Şu
nukdaýnazardan, hünärmenleri okatmaklyk zerurlygyny we onuň wagtlaýyn, maddy,
intelektual resurslaryny seljermek esasynda okatmaklygyň maksady, meýilnamasy,
şeýle hem okuwyň netijeliligine baha bermegiň kriteriýalary emele gelýär.
Hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny gurnamak zerurlygynyň çeşmeleri bolup,
attestasiýalaryň netijeleri, ösüşiň indiwidual meýilnamalary, hünärmenleriň hut
özünden gelen islegler we teklipler, edaranyň ösüş strategiýasy çykyş edýär.



Hormatly
Prezidentimiziň maliýe we bank toplumynyň hünärmenleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, bank ulgamynyň
hünärmenleriniň hünär derejeleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak we bu ugurda
geçirilýän okuwlaryň netijeliligini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda 2010-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň
Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde hünäri
ýokarlandyrmak bölümi döredildi.



Bank
mekdebiniň bu bölüminde ýörite tassyklanan okuw meýilnamasy esasynda bank işine
degişli dürli ugurlary öz içine alýan hünäri kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn
okuwlar yzygiderli geçirilýär.



Bölümde
geçirilýän okuwlaryň esasy maksady bank hünärmenleriniň Türkmenistanyň Merkezi
bankynyň pul-karz syýasatyny amala aşyrmakda, bank işiniň netijeliligini
artdyrmak, şeýle hem bank töwekgelçiligini dolandyrmak bilen baglanyşykly ýüze
çykýan meseleleriň dogry çözgüdini tapmaklyga ugrukdyrylandyr. Hünäri
ýokarlandyryş bölüminde okuw meýilnamasyna laýyklykda dokuz ugur boýunça otuz
hepdelik okuwlar geçirilip, 2012-2013-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça 400-den
gowrak bank işgärleri hünär derejelerini ýokarlandyrdy.



Bu
okuwlardan daşary hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 13-nji aprelinde
geçiren Türkmenistanyň Mi-nistrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinde
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
ýanynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça iki aýlyk okuwlary
gurnamakda beren tabşyryklary esasynda, bu bölümde 2012–2013-nji okuw ýylyndan
başlap, bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça iki
aýlyk okuwlar ýola goýuldy.



Iki
aýlyk okuwlar, 2012-nji ýylyň sentýabr-oktýabr, 2013-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda
geçirilip, olarda jemi 55 hünärmen «Bank işi», «Banklarda daşary ýurt pul we
halkara amallary», «Salgytlar we salgyt salmak», «Bank hukugy», «Bank
karzlaşdyrmasy» derslerinden synaglary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady
ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Milli ykdysadyýet we bazar gatnaşyklarynyň
esaslary», »Türkmenistanyň maliýe ulga-my, pul dolanyşygy we karz syýasaty»,
«Ekonometriýa we statistikanyň esaslary», «Banklarda buhgalter hasaby», «Bank
töwekgelçiligini dolandyrmak», «Bank menejmenti» ýaly derslerden hasaplary
üstünlikli tabşyryp, hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.



Geçirilýän
hünäri ýokarlandyryş okuwlaryň çäklerinde ýene-de bir bellemeli zat, ol hem
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 4-nji noýabrynda çykaran 11891
belgili Kararyna laýyklykda, 2012–2013-nji okuw ýylynyň dowamynda ABŞ-nyň
degişli hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Maliýe
gözegçiligi müdirliginiň işgärlerine, şeýle hem bank edaralary üçin
«Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we
terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda dünýäniň
öňdebaryjy tejribeleri» atly bäş günlük okuw maslahatynyň geçirilmegidir. Bu
okuw Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň
Tehniki kömegi baradaky Edarasynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan
girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy
hereket etmek babatda Tehniki kömegini bermek hakynda gol çekilen iki ýyllyk
ylalaşygyň çäklerinde gurnaldy.



Şeýlelikde,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda Bank mekdebiniň hünäri
ýokarlandyryş bölüminde geçirilýän bu okuwlar toplumy hormatly Prezidentimiziň
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklarynyň
durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.



 

Okalan sany: 676   Jogaplar: ( 1 )

marala
04 апреля 2014

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05419 sek. ýüklenen baýt: 43314