Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Derwüş (Hekaýa)
Ýazylan wagty: 05 апреля 2014 Ýazan Betman
Derwüş (Hekaýa)

Bir garyp ýigit ülkäniň patyşasynyň gyzyna aşyk bolyar. Bu umytsyz yşkyny ülkede ýaşaýan meşhur derwüşlerden biriniň ýanyna baryp, gürrüň berýär, ondan kömek soraýar. Derwüş: “Oglum, sen şäheriň giriş derwezesiniň agzynda otur, kim näme diýse diýsin, diňe “Allah” diýip jogap ber” diýýär. 
Garyp ýigit diýleni edýär. Derwüş-de günlük iyjek-içjegini getirip duryar. Günler, aýlar geçýär. Agzyndan “Allah” sözünden gaýry söz çykmaýan ýigit halk arasynda meşhurlyk gazanyp, ol barada dürli gürrüňler ýaýraýar. Ahyry bir gün bu gürrüňler patyşanyň hem gulagyna ýetýär. Ol hem ýigit barada gyzyklanyp, derwüşi ýanyna çagyryp, ondan ýigit hakda maglumat soraýar. 
Derwüş ýigidiň döwrüň möhüm ruhy şahsyýetlerinden biridigini aýdyar. Patyşa ýigidi görmäge barýar. “Kimsiň? Näme derdiň bar? Näme islegiň bar?” diýip sorasa-da, ýigidiň agzyndan “Allah” diýmekden başga söz çykmaýar. 
Derwüş agşam ýigidiň ýanyna baryp: “Patyşa saňa “Gyzymy bereýin” diýýänçä hiç bir sowalyna jogap berme!” diýip berk tabşyrýar. Ahyry bir gün patyşa gelip: “Näme islegiň bar? Ayt. Isleseň, gyzymy seniň bilen nikalaýyn” diýende, ýigit: “Ýok” diýýär. 
Ýigidiň bu kesgitli jogabyny eşiden derwüş “Edýäniň näme?” diýýän manyda oňa seredýär. 
Ýigit sözüni şeyle dowam edýär: 
— Indi ony hem islämok. Men aslyýetinde, şunça wagtlap sizden şu sözi eşitmek üçin “Allah” diýdim. Allah döwrüň patyşasyny aýagyma getirip, meniň ýaly pukara ýigide öz gyzy bilen öýlenmegi teklip etdirdi. Hut Onuň öz hormatyna, Onuň razylygyny gazanmak üçin “Allah” diýen bolsam, kim bilýär, nähili bolardy? Men mundan beýläk Ondan başgasyny islemeýärin.

Okalan sany: 496   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08430 sek. ýüklenen baýt: 32512