Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sagdyn bolaýyn diýseňiz !
Ýazylan wagty: 05 апреля 2014 Ýazan Mayichka

Sagdyn  bolaýyn  diýseňiz !


 


Durmuşyňyzdaky  hemişeki ýetmezçilik  edýän hereketleriňizi doly ýerine ýetirmegiňiz  üçin, özüňizi  günüň  dowamynda sagdyn, ruhubelent we şähdaçyk duýmaklygyňyz  üçin, şu  aşakdaky görkezilen  maşklar  toplumyny  Size hödürleýärin. Türgenleşikde  ýerine  ýetirilýän maşklar  toplumynyň  dowamlylygy 15-20 minut bolmaly.


Ilki  bilen  göni  duruň,  egniňizi   göneldiň, uludan dem alyň, duran ýeriňizde-ýöräň! 30-45 sekund.


I  B.ý. (başlangyç  ýagdaý) - esasy  duruş. Bir-iki (1-2) sana barmaklaryňyzyň ujuna galyň, elleriňizi daşky aýlow bilen ýokaryk galdyryň. 3-4 sana demiňizi alyň. Dabanyňyza doly düşüp, elleriňizi aýlow bilen aşak göýberiň. Demiňizi göýberiň.


3-5 gezek  gaýtalaň.


 


II B.ý.- esasy duruş.


1.Çep aýagyňyzy gapdala geçirip, barmagyňyzyň ujuna duruň. Sag eliňizi ýokaryk, çep eliňizi biliňize goýuň. Demiňizi alyň.


2-3.Iki pružin şekilli egilmeleri çep tarapa ýerine  ýetiriň. Demiňizi göýberiň.


4.B.ý. 1-4. Şonuň ýaly sag tarapa. Her tarapa 3-5 gezek gaýtalaň.


 


III B.ý.- aýaklaryňyzy egniň giňliginde goýuň.


1.Elleriňizi gapdala. Demiňizi alyň. 2-3. Iki pružin şekilli egilmeleri öňe ýerine ýetiriň. Demiňizi göýberiň


4.B.ý.


4-8 gezek gaýtalaň.


 


IV B.ý.-esasy duruş.


1.      Çep aýagyňyzy yza geçirip, barmagyňyzyň ujuna duruň. Elleriňizi ýokaryk  galdyryň. Demiňizi alyň.


2.      Çep aýagyňyz bilen öňe salgaň. Şol bir wagtda elleriňizi gapdallaýyn aşak-yza göýberiň. Demiňizi göýberiň.


3.      Edil 1 sandaky ýaly. Demiňizi alyň.


4.      B.ý. Demiňizi göýberiň.


1-4. Edil şonuň ýaly sag  aýagyňyz bilen.


Her aýagyňyz bilen 4-6  gezek  gaýtalaň.


 


V B.ý.- aýaklaryňyzy egniň giňliginde goýuň, elleriňizi billeriňizde saklaň.


1-4. Kelläňiz  bilen  aýlowly hereketleri ýerine ýetiriň.


1-4. Edil şonuň ýaly sag tarapa.


Her tarapa  4-5 gezek gaýtalaň.


 


VI B.ý.-esasy duruş.


1-2. Barmagyňyzyň ujunda duruň, dyzlaryňyzy gapdala açyň, elleriňizi öňe goýup, oturyp turuň. Demiňizi göýberiň.


3-4. B.ý. Demiňizi alyň.


8-10 gezek gaýtalaň.


 


VII Duran ýeriňde ýöremek 30-45 sekund. Dem alşyňyz deň derejeli bolmaly.


 


VIII B.ý.- esasy duruş.


1.Çep aýagyňyzy öňe geçirip, barmagyňyzyň ujunda duruň, elleriňizi öňe goýuň.


2. Çep aýagyňyzy gapdala geçiriň, elleriňizi gapdala goýuň.


3. Çep aýagyňyzy yza geçirip, barmagyňyzyň  ujunda duruň, elleriňizi öňe goýuň.


4.B.ý.


1-4. Edil şonuň ýaly sag aýagyňyz  bilen.


3-4 gezek gaýtalaň.


 


Janyňyzyň sag, ruhuňyzyň belent bolmagyny arzuw edýärin.


 


Okalan sany: 408   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
08 апреля 2014

Maşklary yzygiderli ýaltalyk etmän gaýtalabersem men biraz horlanyp bilermikäm a jora ? ýa bu maşklary gaýtalamak maňa başartmazmy...


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05968 sek. ýüklenen baýt: 45599