Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk”
Ýazylan wagty: 06 апреля 2014 Ýazan Mayichka

Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş medeni çäreler mynasybetli Sport baradaky Döwlet komitetinde hem-de Milli Sport we Syýahatçylyk institutynda geçirilen maslahatlara işjeň häsiýet mahsus boldy. Çykyş edenler guşakly we milli göreş boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Milli Liderimiziň karara gol çekmeginiň türgenleri her bir raýaty ruhlandyrandygyny nygtamak bilen Milli Liderimize hoşallyk bildirdiler. Guşakly göreş boýunça Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň talybynyň geçen ýyl Dünýäniň, Uniwersiýadanyň çempiony bolandygy maslahatda bellenilip geçildi. Häzirki günlerde bir aýlygyň çäreleri ýurdumuzyň ähli künjegini gurşap alýar. Sport bäsleşikleriniň ýokary netijelere beslenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Köpçülikleýin bedenterbiýe bilen birlikde sport ýaryşlaryna giň gerim berilmegi bir aýlygyň özboluşly bezegine öwrülýär.


   Paýtagtymyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça ýaryş geçirildi. Ol Sagdyn Jemgyýeti Howpsuzlugyny goraýyş Döwlet gullugunyň merkezi edarasy, Aşgabat şäheriniň baş Bilim müdürligi, Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guraldy. Paýtagtymyzyň Berkararlyk, Çandybil etrap ýaşlar guramalary, Ruhabat etrap Bilim bölümüniň geçiren ýaryşlarynda ökdeler öňe saýlandylar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş medeni çäreler mynasybetli sport bäsleşiklerine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem giň gerim berilýär.


 


Okalan sany: 406   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
08 апреля 2014

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş medeni çäreler mynasybetli ýurdumuzyň ähli künjeginde yzygiderli sport ýaryşlary geçirilip durulýar. Bu ýaryşlar bolsa türkmen türgenlerine öňdäki halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerine uly ýardam berýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05794 sek. ýüklenen baýt: 32284