Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ILKINJI NETIJELER JEMLENILDI, EMMA ESASY WAKALAR ÖŇDE
Ýazylan wagty: 07 апреля 2014 Ýazan NEXTTM

ILKINJI NETIJELER JEMLENILDI, EMMA ESASY WAKALAR ÖŇDE

Geçen hepde türkmen sport hereketini ösdürmegiň täze tapgyryny kesgitläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň müňlerçesini sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň nyşany astynda birleşdirdi: 1-nji aprelde Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we ilatly ýerlerinde «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda bir aý dowam etjek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri badalga aldy. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu umumymilli derejesindäki waka türkmen jemgyýetinde ýaş nesli terbiýelemekde, jemgyýetiň ahlak we beden saglygyny artdyrmakda sportuň we bedenterbiýäniň eýeleýän ornunyň möhümdigi we ähmiýetiniň uludygy baradaky düşünjäniň has-da berkeýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

3-5-nji aprelde Sergi köşgünde guralan «Aşgabat — Aziada—2017-niň paýtagty» atly halkara sergi sport biraýlygynyň çäklerindäki çäreleriň has ähmiýetlisi boldy. Serginiň işine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Ispaniýadan we beýleki ýurtlardan kompaniýalaryň 60-dan gowragy gatnaşdylar. Olar iri sport desgalaryny gurmak, halkara ýaryşlaryny, şol sanda olimpiadalary geçirmek, ýokary derejeli türgenleri kemala getirmek we beýlekiler babatda teklipleriň giň toplumyny hödürlediler. 

Sergi baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, öz ekspozisiýalaryny
görkezen daşary ýurt kompaniýalaryň köpüsi bilen Türkmenistanyň eýýäm birnäçe ýyl bäri hyzmatdaşlyk edýändigini aýtmak gerek. Şu günler hem sergini barşynda geçirilen geňeşmeler we gepleşikler netijesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda täze teklipler peýda boldy. Myhmanlar şeýle hem Türkmenistanyň has ähmiýetli halkara ýaryşlaryny kabul etmäge taýýarlygy barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we beýleki halkara sport guramalarynyň wekilleri hem sergä gatnaşyp, olar birinji tapgyry eýýäm ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Olimpiýa şäherçesiniň gurluşyk desgalary bilen tanyşlykdan soň bu pikire geldiler. Daşary ýurtly myhmanlar diňe bir sport binalarynyň gözelligini däl-de, eýsem halkara ülňülerine gabat gelýän sport meýdançalarynyň we arenalarynyň ýokary hillidigini aýtdylar. Şonuň üçin AOG-niň Aşgabat şäherine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň paýtagty derejesini bermek hakynda çözgüdine Türkmenistanyň Aziýanyň esasy sport döwletleriniň biri diýlip ykrar edilmegi hökmünde baha bermek bolar.

2017-nji ýylyň oýunlarynyň umumylykda kabul edilen geografik çäklerden çykjakdygyny aýratyn bellemek gerek. Hut türkmen Aziadasy ilkinji gezek Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleriniň we Awstraliýanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Munuň özi Oýunlaryň derejesini ýokarlandyryp, olar eýýäm häzirden jebisligiň we agzybirligiň nyşany hökmünde şertlendirilendir.

Halkara sergisi baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, Sergi merkeziniň ýarysyna golaýyny eýelän örän uly diwarlyk türkmen sport hereketiniň ösüşine hem, ägirt uly goşant goşýan özboluşly «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem türkmen sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, şu tomusda — 1-6-njy iýul aralygynda Hazaryň deňiz ýakasy windserfing boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolar. Oňa 40 ýurtdan türgenler gatnaşar, «Awazanyň» özünde Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň bir bölegini, hususan-da, söweş sungatlary boýunça bäsleşikleri geçirip biljekdigini aýtmak gerek.

Netijeli işewür gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, sergä gatnaşyjylar sport babatda tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Serginiň işlän üç gününiň dowamynda köp sanly duşuşyklar geçirilip, olarda geljegi uly taslamalar, şol sanda sport enjamlaryny, türgenler we meýletinçiler üçin lybaslary, sportuň dürli görnüşleri üçin nyşanlary taýýarlamak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol duşuşyklar bu möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat eder.

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara halkara nusgasyndaky diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Serginiň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize myhmansöýerlik hem-de serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ol türkmen sportuny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, Olimpiýa hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek işinde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge uly goşant boldy.

Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 6-njy aprelde geçirilen «Sagaldyş bedenterbiýesi we sport lukmançylygy» atly ylmy-amaly maslahat, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň sergisi sport biraýlygynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.

«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň çäklerinde gurulýan sport ýaryşlary barada aýdylanda, olaryň ençemesi geçen dynç günlerine gabat geldi. Ýaryşlaryň agramly bölegi paýtagtymyzyň sport toplumlarynda geçirildi. Şonda çeper gimnastika, welosport boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny, sambo, futbol, gylyşlaşmak we sportuň beýleki görüşleri boýunça saýlama şäher bäsleşikleri guraldy.

Sportuň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi «Galkynyş» sport toplumynyň giň zalynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar toparlaryň bäşisinde medallaryň alty toplumy ugrunda bäsleşdiler. Ýeňijiler çeper gimnastikanyň dört ugry — ýüpli, halkaly, pökgüli we erkin maşklarda utuklaryň jemi boýunça kesgitlendi.

Gimnastikanyň III derejeli türgenleriniň toparynda iki ýaş toparlary — 2003-nji we 2004-nji ýylda doglanlaryň toparlary kesgitlendi. Olarda altyn medallary degişlilikde Aşgabat toparyndan S.Boýnyýogyn we N.Nurgeldiýewa (Mary welaýaty) gazandylar.

Murgap jülgesinden bolan türgen zenanlaryň ýene-de biri W.Sawiçewa birinji derejelileriň toparynda hormat sekisiniň ýokary basgançagyna çykdy, deňiz ýakasyndaky welaýatyň ýygyndy toparynyň wekili
W.Şükürowa bolsa birinji ýaş derejesi bolan türgenleriň arasynda taý gelen bolmady.

Sport ussatlarynyň we ussatlyga dalaşgärleriň toparynda aşgabatly gimnastikaçylara tapawutlandylar: M.Rejebowa we D.Atanyýazowa ýokary derejedäki sylaglara mynasyp boldular.

Umumy toparlaýyn hasapda paýtagtymyzyň ýygyndy topary ýaryşyň soňunda birinji orny eýeledi. Aşgabatlylardan soňky orna marylylar mynasyp boldular we öňdebaryjylaryň üçlüginde iň soňky orny Balkan welaýatynyň topary eýeledi.

Eýýäm indiki aýda çeper gimnastika boýunça şu çempionata gatnaşyjylar milli ýaryşlarda öz aralarynda medallara dalaş ederler: olaryň öňünde «Galkynyş» sport toplumynda Türkmenistanyň kubogy ugrunda bäsleşmek wezipesi durýar.

Şu ýerde 5-nji aprelde erkekleriň we zenanlaryň arasynda gylyçlaşmak boýunça Aşgabadyň çempionaty bolar. Paýtagtymyzyň gylyçlaşmak boýunça türgenleriniň eýýäm bu ugurda garyşyk toparda bäsleşendiklerini ýatlap geçeliň. Indi türgenleriň öňünde Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmak üçin Aşgabadyň aýratynlykda erkekler we zenanlar ýygyndy toparlaryny kesgitlemek wezipesi öňde durýar, şol ýaryşlar Balkan welaýatynyň merkezinde 27-30-njy aprel aralygynda bolar.

Paýtagtymyzyň toparynyň düzüminde erkekler toparynyň ýeňijisi, sport ussatlygyna dalaşgär M.Esenow, birinji derejelileriň jemleýji ýaryşynda ýeňiş gazanan K.Baýramsähedowa deňiz ýakasyndaky welaýata gider. W.Gulýewa we Ş.Ataýewa bürünç medala mynasyp boldular.

Zenanlar toparynda sport ussatlygyna dalaşgär A.Kiçiýewa birinji orny eýeledi. Ikinji orna E.Sahybowa mynasyp boldy we üçünji orny A.Melikowa hem-de G.Taýyrowa paýlaşdylar.

Balkanabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionaty milli ýygyndy toparymyzyň düzümini kesgitlemäge kömek eder, olar gylyçlaşmak boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Dünýäniň, şol sanda biziň iň gowy gylyçlaşyjylarymyzyň ýaryşy maý aýynda Bolgariýada geçiriler.

Şenbe güni welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň dördünji tapgyry geçirildi, onuň barşynda 54 kilometr aralykda toparlaýyn ýaryşlarda güýçlüler kesgitlendi. Bir sagat 20, 07 minut wagt netijesi bilen pellehana gelen daşoguzlylar bu aralykda iň oňat wagty görkezdiler. Çempionatyň ýer eýesi hukugynda Aşgabat iki topary ýaryşa çykardy, olar şol ýaryşda ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

7-nji aprelde welosipedçiler 130 kilometr aralyga toparlaýyn ýaryşlara badalga alyp, ýaryşy dowam etdirerler. Şahsy hasapda dört tapgyryň umumy wagt netijesi boýunça Daşoguzdan Ş.Geldiýewiň öňde barýandygyny belläp geçmeli, ol duşenbede öňdebaryjynyň sary maýkasynda badalga alan welosipedçileriň toparynyň öňüni çeker.

Sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň açyk birinjiliginiň çäklerinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça ýaryş geçirildi. Şonda sylaglaryň 6 toplumy boýunça bäsleşildi. Tutuşlygyna alnanda, ýaryşa türgenleriň 150-den gowragy gatnaşdy.

Balkan welaýatyndan ýaş pälwanlar dürli agramlarda paýtagtymyzyň wekillerine mynasyp bäsdeş bolar diýip çaklandy. Emma olar edilen tamany ödemegi başarmadylar. Aşgabatlylaryň düzüminde bolsa olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinden samboçylaryň üçüsi, ýagny, 38 kilograma çenli agram toparynda A.Çaryýew, 55 kilograma çenli agram toparynda K.Kössekow we 55 kilogramdan ýokary agram toparynda D.Ýaganow, «Galkan» sport klubynyň wekilleri, ýagny başa-baş söweşiň sport mekdebinden Ý.Ysmaýylow (42 kilograma çenli), we A.Karraýew (50 kilograma çenli), K.Gurbanow (46 kilograma çenli) altyn medallara mynasyp boldular.

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynda 6-njy aprelde 1996-1998-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşlara toparlaryň onusy, ýagny çagalar-ýetginjekler ýöriteleşdirilen olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinden 4 topar, şäher sport komitetiniň Aşgatdaky futbol sport mekdebinden 4 topar, paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebinden «Olimp» topary we Ahal welaýatynyň «Änew» topary gatnaşýarlar. Bäsleşikler ýekşenbe günleri «Aşgabat» futbol meýdançasynda däl, eýsem, Bagyryň stadionynda geçiriler.

Welaýat merkezleriniň we etraplaryň häzirki zaman sport toplumlary geçen dynç günleri has köp adamly boldy. Ak bugdaý etrabynda 6-njy aprelde ýaş guşakly göreş ussatlary ýygnandylar, olar milli göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa gatnaşdylar. 1994-1996-njy ýyllarda doglan pälwanlaryň 100-den gowragy güýç synanyşdy.

Aşgabadyň guşakly göreş mekdebinde terbiýelenýänleriň üçüsi (74 kilograma çenli P.Gurbandurdyýew, 82 kilograma çenli A.Potdyýew, 90 kilograma çenli D.Makdyýew) we olaryň Lebapdan bolan bäsdeşleri (57 kilograma çenli Ş.Hydyrow, 68 kilograma çenli H.Allakow, 100 kilogramdan ýokary M.Ýusupbaýew) birinji orny eýelediler. Şeýle hem aşgabatly pälwan A.Nazarow (62 kilograma çenli) we Balkan welaýatyndan T.Togalakow (100 kilograma çenli) altyn medala mynasyp boldular.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň 8-nji sport mekdebinde ýekşenbe güni boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ol 6 günüň dowamynda geçirildi. Ähli welaýatlardan we Aşgabatdan iň güýçli boksçylar Türkmenabada geldiler.

Hormat sekisiniň ýokary basgançagynda 5 gezek çykan paýtagtymyzyň boksçylary Z.Jumaýew (52 kilograma çenli), Ý.Meredow (56 kilograma çenli), A.Bebitow (64 kilograma çenli), S.Hudaýberdiýew (69 kilograma çenli) we A.Aşyrow (81 kilograma çenli) oňat sport taýýarlygyny görkezdiler.

Çempionatyň ýer eýeleri Ş.Durdyýew (60 kilograma çenli), A.Açylow (75 kilograma çenli) we O.Abitow (91 kilograma çenli) birinji orny eýelediler. Balkan welaýatyndan O.Hajyýew 49 kilograma çenli derejede ýeňiş gazandy, daşoguzly A.Artykow bolsa 91 kilogramdan ýokary agramda birinjilige mynasyp boldy.

Sport aýynyň ilkinji günleriniň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu çäräniň türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsini öz nyşanlary astynda birleşdiren milli derejedäki giň gerimli ýaryşlar hökmünde eýýäm türkmen sport hereketini ösdürmegiň taryhyna girendigini ikirjeňlenmän aýtmak bolar.

Doly bolmadyk bu hepdäniň dowamynda türkmenistanlylar Köpetdagyň gerişlerinden çekilen meşhur Saglyk ýolundan geçdiler; uzak aralyga köp kilometrlik ylgaw, ençeme kilometr aralyga welosipedli sport ýaryşlary guraldy, intellektual ýaryşlarda çykyş edildi, futbol, woleýbol, basketbol ýaryşlary we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Munuň özi sport baýramçylygynyň diňe başlangyjydyr, ol ýene-de 3,5 hepde dowam eder, şonuň üçin esasy wakalar entek öňde!
Okalan sany: 606   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
07 апреля 2014

Sport atly ajaýyp sungat biziň ýurdumyzda gülleýär. Geçirilen sport ýaryşlary bilen giňişleýin tanyşdyranynyza sagboluň

Sasoltan
08 апреля 2014

Sport habarlaryny özlerine degişli sport suratlary bilen bezäp bize ýetireniňize sagboluň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07941 sek. ýüklenen baýt: 47951