Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA GUTLAG
Ýazylan wagty: 07 апреля 2014 Ýazan NEXTTM


GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýramyň şanyna ýurdumyzda geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna pugta ynanýaryn.

Bedenterbiýe we sport ýurdumyzy we jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem biz häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir raýatynyň aň-düşünjesinde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini we endiklerini kemala getirmäge, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny ösdürmäge esaslanýan döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, aýdyň geljegimize tarap ynamly öňe barýarys.

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzy beýik maksatlara galkyndyrýan «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly bir aýlyk çäreleriň geçirilýän döwründe biz köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çärelerini ýaýbaňlandyrmak, täze medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek, aýdym-sazly dabaralary geçirmek arkaly, bu halkara baýramyň medeni-jemgyýetçilik ähmiýetini has-da ýokarlandyrýarys.

Geçirilýän bu çäreler halkara bileleşigiň umumy ykrar edilen kadalaryny rowaçlandyrýan, parahatçylyksöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýän döwlet — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrýar.

Eziz watandaşlar!

Berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, watançy nesilleri terbiýelemek, ýaşlarda mähriban Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyk ýörelgelerimize, maşgala gymmatlyklarymyza, zähmete we sporta söýgini ösdürmek, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak biziň öňümizde goýan esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bolelin, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Biz bu ugurda kabul eden maksatnamalarymyzy we toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň çäklerinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözel görküni has-da artdyrýan hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we şypahanalar giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berilýär. Merjen şäherimiz Aşgabatda Orta Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk iri taslamalaryň biri bolan Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.
Okalan sany: 311   Jogaplar: ( 0 )


Sahypaň ýüklenen wagty 0,06073 sek. ýüklenen baýt: 33359