Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Düýe sagýan gyzyň aýdymy
Ýazylan wagty: 07 апреля 2014 Ýazan NEXTTM

Düýe sagýan gyzyň aýdymy
 
Başyň dik, göwnüň kiçi,
Höräm, höräm, hörelim.
Süýt sagyp, aýran içip,
Hözirini göreliň!
 
Dünýe maly diýilen,
Süýdi, ýüňi, eti em.
Uzak-uzak menzile,
Maýa münüp ýetiler.
 
Aýran içen nähoşam,
Hassalykdan halasdyr.
Ýüňüne näme diýjek,
Ýorgan-düşek, palasdyr.
 
Iki ýyldan bir gezek,
Ýüzüň düşýär köşege.
Ýüz gezek nesip etsin,
Ýene döläp-döşeme.
 
Köşejigiň ulalsa,
Atyp şoňa kejebe.
Gelnalyja gideris —
Şeý diýýän men ejeme.
 
Başy dik, göwni kiçi,
Höräm, höräm, höreläm.
Süýt sagyp, aýran içip,
Hözirini göreliň!

Okalan sany: 770   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
07 апреля 2014


WAÝ BUZ ÝALY DÜÝE ÇALY BOLSADY.

Sasoltan
08 апреля 2014

Gyşyna çal bolanok öýdýän, şonuň üçin jora bolsa-dy ekme.

Sasoltan
08 апреля 2014


Menem düýe çalynyň muşdagy ýöne, dükanymyzda henizä düýe çaly ýok,


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06517 sek. ýüklenen baýt: 32133