Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň talyplarynyň nobatdaky halkara üstünligi
Ýazylan wagty: 17 апреля 2014 Ýazan Krassavchik
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 2014-nji ýylyň 5-9-njy marty aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde, George Asaki adyndaky Tehniki uniwersitetinde geçirilen 8-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa matematika olimpiadasyndan dürli derejedäki medallaryň birbada 6-syny getirdiler. Bu abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň dürli ýurtlaryna wekilçilik edýän 27 toparyň düzüminde 200-e golaý talyp gatnaşdy. 

“SEEMOUS-2014” olimpiadasynyň barşynda talyplara matematikanyň dürli ugurlary boýunça çylşyrymly meseleleriň 4-si hödürlendi. Intellektual bäsleşigiň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň ikinji ýyl talyplary Gurtmyrat Motukow altyn medala, Pälwan Agamyradow we Kerwen Durdymyradow kümüş medala, Serdar Hojaýew, Hojamyrat Arazow hem-de birinji ýyl talyby Ilşat Waliýew bürünç medala mynasyp boldular. 

Türkmen talyplarynyň halkara intellektual bäsleşigindäki bu üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan täze döwrebap okuw-pedagogiki edaralaryň onlarçasy açyldy. Her ýyl bilim ulgamynyň köpsanly täze desgalary – mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler ulanmaga berilýär. Şol desgalar şäherlerde, şeýle hem alysdaky obalarda gurulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň geljegini, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Türkmen talyplarynyň bu ajaýyp ýeňşi häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleriň täze nesliniň – täzeçe pikirlenmegi başarýan alymlaryň nesliniň çalt kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol nesil bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmelidir.
Okalan sany: 349   Jogaplar: ( 1 )

admin
18 апреля 2014

goodgoodgoodgoodgoodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07652 sek. ýüklenen baýt: 32382