Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Öňe türkmen sporty
Ýazylan wagty: 18 апреля 2014 Ýazan Sasoltan

             Öňe türkmen sporty


 


Ýürekleriň buýsanjy barha galýar belende,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


Aslynda şeýle bolýar bagtyň çüwüp gelende,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Arkadagyň paýhasy ganat berýär ak ýola,


Şoň üçinem bu sport baglanypdyr ykbala,


Tüweleme, türkmenler ýetýär arzuw-hyýala,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Dünýä ýüzi tanaýar bu gün türkmeniň adyn,


Türgenlermiz parladýar ýurduň ýaşyl Baýdagyn,


Zybanymda wasp edip, bolmaz ondan doýdumym,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Olimpiada bolsun, ýa-da Uniwersiada,


Türkmen mynasyp bolýar çempion diýen  ada,


Şeýle beýik ýeňişler durmuşda indi kada,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Sport biziň hemramyz, badalgadyr saglyga,


Saglyk tapan adamlar eýe bolýar baýlyga,


Sagdyn  beden — sagdyn ruh, maksadymyz gowluga,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Ýeňişleň gözbaşynda halkymyň Arkadagy,


Sport dogan-dost eýlär ýakyn bilen yragy,


Öňde şöhlesin saçýar üstnülikleň çyragy,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Okalan sany: 592   Jogaplar: ( 2 )

admin
18 апреля 2014

good

admin
18 апреля 2014

Öňe , öňe diňe, türkmen sportsmenleri !!!good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06151 sek. ýüklenen baýt: 40468