Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Geçiriljek sport ýaryşlarynyň tertibi.
Ýazylan wagty: 18 апреля 2014 Ýazan Sasoltan

    “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe sport we sagdyn durmuş medeni çäreler mynasybetli ýurdumyzda dürli derejedeäki sport ýaryşlary geçirilýär. Sözüň doly manysynda bir aýlygyň çäreleri ýurdumuzyň ähli künjegini gurşap alýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe bilen birlikde sport ýaryşlaryna giň gerim berilmegi bir aýlygyň özboluşly bezegine öwrülýär.Türkmenistanda sport hereketini ösdürmegiň täze tapgyryny kesgitläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň müňlerçesini sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň nyşany astynda birleşdirdi. «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň çäklerinde  gurulýan sport ýaryşlary barada aýdylanda, olaryň ençemesi ýakynda geçirilip, köpüsi bolsa dowam edýär. Ýaryşlaryň agramly bölegi paýtagtymyzyň sport toplumlarynda geçirilýär.


   Aprel aýynyň 18-21 aralygynda “Köpetdag” stadionynda sagat 16:00-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly bäsleşik geçiriler.


   Aprel aýynyň 22-24-ne Türkmenistanyň  Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda (oglanlar) woleýbol boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly bäsleşik geçiriler.


   21-25-nji Aprel aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň sport mekdebinde sagat 10:00-da Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Şol gün “Aşgabat” köpugurly stadionynda sagat 10:00-da Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.


   Aprel aýynyň 21-27-ne Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebinde Küşt boýunça 8-16 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler. Ýene-de şol gün Welosport boýunça Türkmenistanyň çempionaty Aşgabat şäherindäki “Köpetdag” şaýolunda 08:00-da geçiriler.


   Aprel aýynyň 27-ne hepdäniň ýekşenbe güni Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki atçylyk sport toplumlarynda sagat 10:00-da Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli milli oýunlary hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary we bäsleşikleri geçiriler.


   Aprel aýynyň 25-30-na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Woleýbol boýunça ýokary liga klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionaty sagat 10:00-da geçiriler.


   Aprel aýynyň 25-30 aralygynda “Gyşky oýunlar” sport toplumynda sagat 10:00-da klub toparlarynyň arasynda hokkeý boýunça açyk ýaryş geçiriler.


   Aprel aýynyň 27-30-na Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde sagat 10:00-da Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.


   Aprel aýynyň 28-30 aralygynda “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda gandbol boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly bäsleşik geçiriler.


   Aprel aýynyň 28-30 aralygynda D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň (gyzlar) arasynda basketbol boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly bäsleşik geçiriler.


   Aprel aýynyň 30-na Mary welaýatynyň Mary şäheriniň umumylaşdyrylan sport mekdebinde sagat 10:00-da Taekwondo ITF boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty sagat 10:00-da başlanar.


   Aprel aýynyň 30-na “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ýapylyş dabarasy we “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly V sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy mynasybetli çäreler geçiriler.


   Sport bäsleşikleriniň ýokary netijelere beslenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu umumymilli derejesindäki sport wakasy türkmen jemgyýetinde ýaş nesli terbiýelemekde, jemgyýetiň ahlak we beden saglygyny artdyrmakda sportuň we bedenterbiýäniň eýeleýän ornunyň möhümdigi we ähmiýetiniň uludygy baradaky düşünjäniň has-da berkeýändigini nobatdaky gezek tassyklady.


 


Okalan sany: 395   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
22 апреля 2014

Ýaryşlara gatnaşanlaryňyz barmy? Ýa-da janköýerlik edenleriňiz.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05735 sek. ýüklenen baýt: 39616