Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Maliýe ulgamynyň globallaşmagy
Ýazylan wagty: 21 апреля 2014 Ýazan Krassavchik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurduň ykdysady ulgamy üýtgedilip gurulýar we barha kämilleşdirilýär. Ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de ilatyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak üçin öňde goýlan wezipäni çözmekde býujet, maliýe, salgyt we bank ulgamlary düýpgöter täzeden gurnaldy.

Ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň globallaşmagyna aralaşmazdan öň ilki maliýe ulgamynyň düýp manysyny açyp görkezmek zerurdyr. Maliýe ulgamy – bu degişli guramalar tarapyndan dolandyrylýan pul toplumlaryny we gaznalaryny döretmek hem-de ulanmak sebäpli önümçilik we önümçilik däl işiň dürli ugurlarynda emele gelýän, biri-birinden bölünip aýrylan, ýöne özara baglanyşykly maliýe gatnaşyklar gurşawynyň we düzümleriniň jemidir. Türkmenistanyň maliýe ulgamyna döwlet maliýesi, kärhanalarynyň maliýesi, we ätiýaçlandyryş guramalarynyň maliýesi degişlidir.

Maliýe ulgamynyň her bir düzüm bölegi öz nobatynda maliýe arabaglanyşyklarynyň içki gurluşyna baglylykda kiçi düzüm böleklere bölünýär. Mysal üçin, döwlet maliýesi öz gezeginde - merkezi býujet, ýerli býujet, býujetden daşary gaznalardan we döwlet karzyndan düzülýär, kärhanalaryň maliýesi - täjirçilik başlangyçlarynda hereket edýän edara görnüşli taraplaryň maliýesinden senagatyň maliýesini, oba hojalygynyň maliýesini, söwdanyň maliýesini, ulag kärhanalarynyň maliýesini we ş.m., eýeçiligiň görnüşine baglylykda döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň maliýesini, şereketleriň, paýdarlar jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň maliýesini bölüp aýyrmak bolýar. Täjirçilik başlangyçlarynda hereket edýän edara görnüşli taraplaryň pudak we ykdysady aýratynlyklary maliýe gatnaşyklarynyň gurluşyna, maksatly ugurlarda ulanylýan pul gaznalaryň düzümine, olaryň emele gelşiniň we ulanylyşynyň tertibine düýpli täsir edýärler.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli reformalar maliýe ulgamyny ösdürmekde oňyn netijeliligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maksatlaýyn we toplumlaýyn esasda milli ykdysadyýetiň täze nusgasynyň döredilmegine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki bähbitlerini, ýurdumyzyň dünýä bileleşigine we ählumumy ýagdaýlara goşulyşmagyny göz öňünde tutmak arkaly durmuşy ugur edinýän çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanmagy hem-de ol üstünlikleriň halkara abraýly jemgyýetçilik we maliýe guramalary tarapyndan ykrar edilýändigi üçin, şol nusga halkara bilermenlerinde, synçylarda, syýasatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Globallaşmagyň häzirki döwründe dünýä maliýe ulgamynyň düýpgöter özgerýändigini göz öňünde tutsak, onda wagtyň geçmegi bilen ykdysadyýetiň maliýe bölegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň gurallary öz netijeliligini ýitirýändigi sebäpli, ýurdumyzyň ykdysady kanunlarynyň ençemesi gaýtadan işlenilip, has-da kämilleşdirilidi. Şeýlelikde, ýurdumyzda globallaşmagyň täsirini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň maliýe bölegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek ulgamy döwrebaplaşdyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasat barha rowaçlanýar. Globallaşmagyň, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň we ykdysadyýetiň maliýe böleginiň arasyndaky arabaglanyşygynyň özara hereket ulgamyny döredýänligini göz öňünde tutup, ýurduň maliýe, şol sanda býujet ulgamy kämilleşdirildi, býujetara gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň täze usullary işlenip taýýarlanyldy. 
Globallaşma dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýlidir. Dünýä hojalygynda bolup geçýän globallaşma prosesi biziň milli ykdysadyýetimizden sowa geçmeýär. Çünki milli ykdysadyýetimiz dünýä hojalygynyň bir bölegidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarda düýpli öňegidişlik gazanyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýeti soňky 5-6 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşiň görkezmesi boýunça ýeke bir sebitde däl-de, dünýä möçberinde hem öňdäki döwletleriň hatarynda durýar. Islendik milli ykdysadyýet daşary söwda bilen baglanşyklydyr. Ýurduň dünýä hojalygyndaky orny onuň daşary söwdasynyň möçberi bilen kesgitlenýär. Ýurduň daşary söwdasynyň möçberi  näçe uly bolsa, onda ol dünýä hojalygynda şonçada möhüm orny eýeleýär. Bazar ykdysadyýetli ösen ýurtlar dünýä hojalygynda has uly orny eýeleýärler. Sebäbi olaryň daşky ykdysady gatnaşyklary (haryt, hyzmat, maýa goýum, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy) ösüp gelýän ýurtlar bilen deňeşdireniňde has ýokarydyr. 
Belli bolşy ýaly, maliýe we bank ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek global ykdysadyýetiň berkarar bolmagynda örän möhüm şert bolup durýar. Halkara ykdysady guramalar halkara pul-maliýe gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmak prosesiniň esasy subýektleridir. Hut şolar global strategiýalary durmuşa geçirmek arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär we milli, sebitleýin we halkara maliýe ulgamlaryny birleşdirýän dünýä maliýe arhitekturasynyň ulgam dörediji edaralary hökmünde çykyş edýärler.
Ýurdumyzyň maliýe – ykdysady ulgamynyň öňünde ýene bir möhüm wezipe, oýlanyşykly pul-karz we walýuta syýasatyny ýöredip, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmek wezipesi bolup durýar. Möhüm ykdysady reformanyň, manadyň denominasiýasynyň geçirilmeginden soňra bu wezipäniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki milli puluň hümmetiniň durnukly saklanmagy, halkyň milli pula bolan ynamynyň berkemegi pul reformasynyň üstünlikli netijesini gazanmagyň esasy güwäsidir. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüş gazanmagy üçin ähli ykdysady mehanizmleriň sazlaşykly işlemegini gazanmak zerur bolup durýar. Ýurduň daşary söwdasynyň oňyn galyndysy, döwlet býujetiniň kadaly ýerine ýetirilmegi, döwletiň ygtybarly pul ätiýaçlyklary, maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň esasynda durýar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm we uly möçberli ykdysady özgertmeler we çäreler ýurduň ykdysady ösüşini täze derejä çykarmak bilen, onuň çökgünliklere, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara durnuklylygyny we goraglylygyny üpjün edýär. Bu babatda milli pulumyzyň hümmetini berkitmek bilen bagly özgertmeleri bellemek bolar. Milli manadymyzyň daşary ýurt puluna gatnaşykda ýeke-täk hümmetiniň girizilmegi, ýurdumyzda banklaryň alyş-çalyş nokatlarynyň açylmagy, manadyň gymmatynyň üýtgedilmegi (denominasiýa) milli puluň ýörgünliligini we abraýyny düýpli artdyrdy, bütindünýä ykdysady çökgünligine seretmezden, ýurtda önümçilik-söwda gatnaşyklarynyň ösmegine oňaýly täsirini ýetirdi. 
Öňde belent maksatlaryň goýulmagy biziň iş ýüzünde hem uly ösüşleri gazanmagymyzyň esasy kepili bolup hyzmat edýär. Maksatnamalaýyn we anyk wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda çekilen zähmetiň netijesinde ýurdumyza uly üstünlikler gazanmak başartdy. Önümleriň öndürilişiniň depgini has-da artdyryldy we zähmet öndürijiligi ýokarlandyryldy.
Türkmenistan Orta Aziýa sebitinde amatly geosyýasy ýerleşişe eýe bolup, sebit we dünýä möçberinde ähliumumy rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelmegine goşant goşmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda türkmen döwleti halkara ulgamyna gatnaşygyny has-da işjeňleşdirip, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Bikanun ýol bilen gazanylan puly kanunlaşdyrmaga garşy göreşmek çärelerini işläp düzmek baradaky topar, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy durmak boýunça Ýewraziýa topary ýaly esasy maliýe we ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çägini ep-esli giňeltdi.
Şunda dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy halkara ykdysady guramalarynyň işiniň daşky ulgamyny kemala getirýär, olaryň özara gatnaşyklaryna, şeýle hem milli hökümetler we maliýe taýdan kadalaşdyryjy edaralar bilen gatnaşyklaryna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda sebitleýin we global möçberde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly daýanç nokadyna öwrülen forumlaryň derwaýysdygyny we örän ähmiýetlidigini bellemek gerek. 

 

Okalan sany: 2056   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07216 sek. ýüklenen baýt: 38258