Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Milli göreşiň geljegi we sport görnüşi.
Ýazylan wagty: 22 апреля 2014 Ýazan Sasoltan

                       Milli göreşiň geljegi  we sport görnüşi.


   Türkmeniň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen Milli göreşimizde hem belli bir derejede öňedidişlikler ýüze çykdy. Türkmen toýlary bagşysyz, pälwansyz geçmeýär. Ata-babalarymyzyň nika,tam,galpak,çile,toýlarda göreş tutdurmak,it, horaz,bedene uruşdyrmak,bagşy aýtdyrmak,halat ýapmak dessurlary bar. Oguz han döwründen bäri dowam edip gelýan göreş,ýaglyga towusmak,at gapyşygy ,owlak gapdy,goç almak,ýaly gadymy Milli oýunlarymyz türkmen toý-tomaşalarynyň bezegi bolupdyr. Merkezi Aziýada ýaşaýan türkmenleriň,özbekleriň, gyrgyzlaryň,şol sanda gazaklaryň milli eşikleriniň biri-birine ýakyndygyny biz bilýaris. Munuň özi şu halklaryň geçmişde ýaşaýyş ussularynyň  meňzeşdiginden ,howa şertleriniň meňzeş ugurda ýerleşýändiginden habar berýar.Şeýle bolansoň ýaşaýyş üçin edilýän hereketler hem meňzeş bolýar.Şu milletler, esasan,yssy ýurtlarda gara zähmetleri bilen meşgullanypdyrlar.Ýagny ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolýandyklary üçin elmydama billeri  guşakly bolmaly bolupdyr we  Günüň şohlesinden goranmak üçin uzyn don hem geýipdirler.Şeýlelikde,durmuşyň talabyna  görä ýuwaş-ýuwaşdan şol halklaryň milli eşikleriň daş görnüşi ýuze çykypdyr. Elbetde, geçmişde  göreş şol gezilip we işlenip ýoren ýerinde tutulypdyr. Donly we bili guşakly pälwanlar guşaklaryndan tutuşyp göreşmekligi amaly hasap edip we işlenip ýoren ýerlerinde tutulypdyr. Donly we bili guşakly pälwänlar guşaklaryndan tutluşyp göreşmekligi amaly hasap edipdirler.Şu halklaryň  milli göreşleriniň  guşakdan tutulyp göreşilýändigi sebäpli emelleriň ýerine ýetirilşinde-de,ýeňşiň kesgitlenilişinede-de,göreşiň başlanyşynda-da meňzeşlikler bardyr. Türkmen Milli göreşinde türkmen  milli eşigi bolan don ,gyýma balak,milli köýnek,guşak ulanylýar. Türkmen Milli göreşi gadymy döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynda has giň ornaşypdyr. Milli  göreşimiz bilen Oguz han  döwründe hem meşgullanypdyr.Gadymy döwür pälwanlardan Hezreti Alyny,halk gahrymanlary Rüstem Zal ogluny,Görögly begi,Bezirgen pälwany, aýal maşgalalardan bolsa Harmandälini we Aýsoltany görkezmek bolar. Türkmen milli göreşiň has gadymy  döwürlerde esasy synaglaryň  biri bolandygy hakynda “Oguznama”eserinde aýdylýar. Mahmyt Pälwan /Pilmahmyt/ (1247-1326)ady bilen meşhur bolup geçen pälwan öz ýaşap geçen döwründe ýeňilmän bu dünýäden ötüpdir.Onuň gubury häzirki Hiwa şäherinde ýerleşýär.Göreş esasan  toý- dabaralarda giň gerim bilen tutulýar.Ol şeýleräk geçipdir. Märeke meýdançasy 30 m golaý töwerek şekilli durýar,orta bolsa şol giňlikde gum ýaýradylýar.Göreşi geçirmek üçin  hormatly ýaşulardan,ozal göreşip at goýan pälwanlardan ybarat bolan eminler düzülýär.Eminler gaty adalatly adamlar bolmalydyrlar.Olaryň pikiri boýunça ýeňijini kesgitleýärler. Eminleriň sany täk bolmalydyr. Ortada ýörite jarçy emin bellenilýär, ol bolsa guşak daňlyşmaklaryny,pälwanlaryň el tutmagyny kadalaşdyryp,göreşiň başlanandyçyny yglan edip durýar.Haýsy pälwanyň ýeňiş gazanandygy hakynda bolsa öz pikirini aýdýar. Köp ýerlerde  her bir tutluşygyna gatnaşyjylaryň biri ýerli pälwan ,beýlekisi bolsa myhman pälwan bolmaly diýip talap edýärler. Türkmen halkynyň öz milli göreşini biçak  söýendigini şu aşakdaky göreş bilen baglanşykly çuň manyly nakyllaryň döremeginde görmek bolýar.Mysal üçin  “Göreşen ýykjakdyr,ýaryşan ozjakdyr.”,“Ýykylan göreşden doýmaz ”we başgalar.Milli sportumyzyň özeni bolup durýan göreşimiziňindi öňki ýaly öz akymlaýyn däl-de , belli bir ýola düşdi.Türkmen milli göreşi indi ýaryşlar geçirmek arkaly ösdürlip başlanyldy. Türkmen milli göreşi boýunça  ilkinji sport ussady we at gazanan tälimçi Hudaýberdi Paltaýewi agzap geçmek bolar.Halypa pälwan birnäçe şägirtleri ösdürip ýetişdirdi. Mundan başgada daşoguzly pälwanlar Ata Öwezowy, Mätweli Mämiýewi, maryly pälwanlar doganlar  Rozyýewleriň, balkanabatly boýy 2 m golaý, agramy 152 kg bolan Hudaýberdi pälwanyň hem-de Hemra Ýusubowyň, garrygalaly Jummy pälwany türkmen milli göreşiň abraýyny galdyran şahsyýetler diýseň boljak. Biziň medeniýetimiziň aýrylmaz  bir bölegi bolup durýan milli göreşimizi ösdürmeklige hem giň ýol açyldy.1992-nji ýyldan bäri milli göreş boýunça Halkara ýaryşlar geçirlip başlady. Bu halkara ýaryşlara Özbegistandan,Gyrgyzystandan, Demirgazyk Kawkazdan, Täjigistandan, Başgyrystandan, Tatarystandan, Eýran Islam Döwletinden we  Türkmenistandan güýçli pälwanlar gatnaşýarlar we türkmen halkynyň pälwanlaryň  göreş ussatlyklaryny görkezýärler. Çüňki bu  Halkara ýaryşlarda türkmen pälwanlary ýeňiji bolmagy başardylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyň talyplary  Russiýa Federasiýasynyň Kazan  şäherinde geçirilen  talyplaryň XXVII Bütündünýä Unwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.Ýeňiji bolan pälwanlardan esasan hem halkara derejeli  sport ussady Gylyç Jumaýewi, tatar göreşinden hem dünýaniň çempiony Tirkişgeldi Aýazowy, halkara derejeli sport ussady Kerim Rejebowy, sport ussady Hakberdy  Annamowy  belläp geçmek bolar.


Okalan sany: 381   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
22 апреля 2014

Toýlarymyzyň bezegi milli göreşimiziň taryhyndan gyzykly maglumatlary bilerin diýseňiz ýokarda ýazylan makalany okaň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05379 sek. ýüklenen baýt: 37359