Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň işini halkara derejesine ýetirmek
Ýazylan wagty: 24 апреля 2014 Ýazan Krassavchik

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly we taryhy ähmiýetli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 11498 belgili «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hakynda» kararyna laýyklykda ýurdumyzyň bank ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda zerur çäreler bellenildi. 


Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe maliýe we bank ulgamynda birnäçe möhüm özgertmeler durmuşa geçirildi. Ýagny,  2011-nji ýylyň 25-nji martynda «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» we «Karz edaralary we bank işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmekde taryhy taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem, bank ulgamy üçin ýene-de  bir möhüm kanunlaryň biri  2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Kanuny bolup durýar.  2008-nji ýylyň 1-nji maýynda manadyň ABŞ dollaryna gatnaşygynda ýeke-täk hümmetiniň girizilmegi, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda manadyň denominasiýasynyň geçirilmegi, täze pul birlikleriniň dolanyşyga girizilmegi, pul alyş-çalyş amallarynyň kämilleşdirilmegi we banklaryň alyş-çalyş nokatlarynyň giň gerimde işläp başlamagy bank ulgamyndaky özgertmeleriň birnäçesine mysal hökmünde görkezip bolar. 


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 9847 belgili «Daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak we milli puluň ýeke-täk hümmetini saklamak boýunça esasy çäreler hakynda» Karary bilen Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy hakyndaky Düzgünnama we Birža söwdasynyň Kadalary tassyklanyldy. Bellenen Düzgünnamanyň we Kadalaryň esasynda bankyň her iş güni daşary ýurt pul serişdesini satmak we satyn almak üçin birža söwdalary geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan biržanyň söwdalarynda ABŞ-nyň dollaryna, Ýewro, Rus rublyna, Beýik Britan funt-sterlingine, Şweýsar frankyna we başga  pul birliklerine isleg bildirilýär.


Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzüm birligi bolup, onuň içinde iki bölüm hereket edýär. Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň Düzgünnamasynda bellenilen maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bölümleriň arasynda degişliligi boýunça ýerine ýetirmeli işler beýan edildi.

Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň işiniň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:
Türkmenistanda birža walýuta bazaryny tapgyrma–tapgyr ösdürmek we düzgünleşdirmek;
milli puluň we daşary ýurt pulunyň hümmetlerini bazar şertlerinde kesgitlemegiň netijeli usulyny emele getirmek;
birža walýuta bazarynyň ähli gatnaşyjylary üçin adalatly söwdany üpjün edýän şertleri döretmek;
birža walýuta bazarynyň gatnaşyjylaryna ygtybarly söwda we hasaplaşyk- kliring hyzmatlaryny üpjün etmek;
birža walýuta bazarynyň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň oňa gatnaşyjylar üçin açyk we elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
öz infrastrukturasyny ösdürmek, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalarynyň we telekommunikasiýalarynyň binýadyny birža maglumat ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak.

Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň işiniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
birža söwdasyny guramak we geçirmek, onuň ähli gatnaşyjylary üçin amatly we deň şertleri döretmek;
birža söwdasyny düzgünleşdirmek;
daşary ýurt pulundaky serişdeleri jemlemek hem-de bazar usullary arkaly ykdysadyýetiň bir pudagyndan beýleki pudagyna geçirmek;
milli puluň we daşary ýurt pulunyň birža hümmetlerini adalatly söwda şertlerinde bazardaky hakyky islege we teklibe laýyklykda kesgitlemek;
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt pullaryny satyn almagynyň we/ýa-da satmagynyň maksada laýykdygyna baha bermek;
baglaşylan birža geleşikleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
beýleki ýurtlaryň walýuta biržalary bilen hyzmatdaşlyk etmek. 
“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” walýuta biržasy boýunça geçirilmeli çäreler bellenildi:
Birinji tapgyr-2011-2015-nji ýyllar;

  1. Türkmenistanda daşary ýurt pulunyň bazaryny tapgyrma-tapgyr ösdürmekde we düzgünleşdirmekde degişli işleri geçirmek,
  2. Daşary ýurtlaryň walýuta biržalary bilen hyzmatdaşlyk etmek,
  3. Bank kartlarynyň üsti bilen walýuta alyş-çalyş hyzmatlaryny ýola goýmak.

Ikinji tapgyr-2016-2020-nji ýyllar;

  1. Türkmenistanda daşary ýurt pulunda nagt däl pul bazaryny ösdürmek, Türkmenistanyň Hökümetiniň Çözgütleri we degişli tabşyryklary esasynda  emele gelen ykdysady şertlere baglylykda, ösen döwletleriň tejribesiniň esasynda alyş-çalyş hümmetini emele getirmegiň usullaryny kämilleşdirmek,
  2. Manadyň daşary ýurt pullaryna bolan alyş-çalyş hümmetini durnukly saklamak, onuň halkara maliýe bazarlaryndaky abraýyny pugtalandyrmagyň üstünde işlemek,
  3. Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynda daşary ýurt puluny satyn almak we ony satmak bilen bagly resminama aýlanyşygyny elektron görnüşine geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmak,
  4. Daşary ýurt pulundaky amallaryň geçirilişini çaltlandyrmak we onuň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň söwdalaryny we onuň bilen bagly beýleki amallary elektron ulgamlaryň üsti bilen geçirmek.

Üçünji tapgyr-2021-2030-njy ýyllar;

  1. Biržanyň gurluşyny ösdürmek, şol sanda döwrüň talaplaryna görä tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň binýadynda biržanyň maglumat ulgamyny kämilleşdirmek.

Şeýle hem, şu Döwlet maksatnamasynda bellenilişi ýaly alyş-çalyş hümmetiniň sazlaşygyny ýokarlandyrmak şertlerinde, Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy möhletli maliýe gurallarynyň (fýuçers, forward, opsion) bazaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi hem-de bar bolan islege laýyklykda bu ugurda zerur işleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu gurallar alyş-çalyş hümmetiniň töwekgelçiligini ätiýaçlandyrmaga we maliýe bazarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.


Okalan sany: 630   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06171 sek. ýüklenen baýt: 37203