Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Sport täsinlikleri we rekordlar.
Ýazylan wagty: 24 апреля 2014 Ýazan Sasoltan


   21 sany žurnalist daýwing üçin niýetlenen eşikde Awstriýanyň  Traun kölüne girdiler, olar öňünden ýörite suw geçirmeýän kagyzlary taýynlapdyrlar. Prezentasiýa geçirmek üçin niýetlenen leksion plakady hem goýulypdyr.  Bu press-konferensiýa daýwingyň täze posobiýasynyň çykmagyny bagyşlanypdyr.


    Üç ýaşly ýüzüji Ginnessiň rekordlar kitabyna girmegi mümkin.


   Hytaýyň deňiz ýakasyndaky Şençženiň  (Guanduň günorta welaýaty) üç ýaşly  ýaşaýjysy Ginnessiň rekordlar kitabyna özüniň ýeten sepgitlaeri bilen  girmeklige bäsdeş edýär : 90 minudyň dowamynda 1,2 kilometr aralygy ýüzüp geçmeklik oňa başardypdyr.


Barnaully okuwçy Ginnessiň rekordlar kitabyna girmegi başarypdyr. 


14 ýaşly Denis Zawýortkin metbugat  we Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 20 sekundyň dowamynda 2196 sahypaly  galyňlykdaky maglumat kitapçasynyň üçüsini birlikde ýyrtmagy başardy.  Bu uly adamlaryň ýeten sepgidi hökmünde bellenildi.


Ukrainanyň okuwçysy Ginnessiň rekordlar kitabyna girer.


16 ýaşly ukrainanyň okuwçysy Wladimir Leonow Ginnessiň rekordlar kitabyna girer. Munuň üçin ol 4 sagadyň dowamynda  1013 gezek perekladinada  ýokary galma aýlowyny ýerine ýetirdi.


                     Ylgaw ýaryşy ( ýeňil atletika)


Iň oňat wagty trans-amerikan (San-Fransisko – Nýu-ýork) ylgaw ýaryşynda görkezilendir, ol 46 gün 8 sagat 23 minut dowam edipdir. Bu rekord  Frenk Janinno-kiçä degişlidir (ABŞ), ol 4989 km aralykdaky uzaklyga  sentýabr aýynyň birine starta  çykýar we 1980-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne finişa ýetýär.


 


       Olimp oýunlarynda iň köp medal gazanan sportsmen.


Erkek adamlaryň arasynda iň köp gazanylam medalyň sany- 15 (7 altyn, 5 kümüş, 3 bürünç) – ony 1972-nji we 1980-nji ýyllar aralygynda  (SSSR) 19 ýaşdan 27 ýaşa çenli Nikolaý Andriýanow eýe boldy.


 


          Biatlon boýunça iň köp altyn medal gazanan


Biatlonda- atmak we lyža sürme boýunça ýaryşlarda şahsy titullaryň iň köp sanyna  (2) gyşky olimp oýunlarynda Aleksandr Tihonow (SSSR) eýe boldy,ol  1986-njy ýylda biatlonda  7,5 uzaklykdaky estofetada 4 sany altyn medalyny we 1986-njy ýylda 20 kilometr aralygyndakyda kümüş medalyny gazandy.


 


Konkida uly tizlikde ylgamak boýunça ýaryşynda iň köp altyn medalyna eýe bolan 


Erkek adamlaryň arasynda konkida uly  tizlikde ylgamak boýunça ýaryşda iň köp gazanylan altyn madallaryň sany 5-e ýetýär.  Ähli altyn  medallaryny 1980-nji ýylda  gazanan Erik Artur Haýden (ABŞ) rekort goýýar.


 


Konkida figuraly typmak ýaryşynda iň köp gazanylan  medallaryň sany


Konkida figuraly typmak ýaryşynda iň köp gazanylan altyn medallaryň sany -3, oňa Irina (SSSR), bir möwsümde : Deýw Pirson (1976-njy ýyl) eýe bolýarlar.


 


                       Arkalynça aşak düşmek


Aýallaryň arasynda dünýä çempionaty boýunça arkalynça uly tizlikde aşak düşmek ýaryşynda gazanylan medakkaryň sany -4. Ony 1973-nji. 1975-nji we 1977-nji ýyllarda Margit Şumann (GDR) gazandy. Şeýle hem ol 1976-njy ýylda olimpil altyn medalyna eýe boldy.


 


       Iň çalt trans-amerikan ylgaw ýaryşy (ýeňil atletika)


Aýallaryň arasynda rekort 59 güne 2 sagat 40 minuda deň. Ol rekordy 1978-nji ýylyň  12-nji martynda  starta duran we 21-nji maýda finişa gelen Mewis Hatçinson (ÝUAR) goýdy.


 


 Spidweý ýaryşy boyunça geçirilen dünýä çempionatynda  iň köp gazanylan ýeňişler  (welo-moto sporty)


Spidweý ýaryşy boýunça geçirilen dünýä çempionatynda gazanylan şahsy ýeňişleriň sany -6. Ony 1968-1970-nji , 1972-nji, 1977-nji, 1978-nji ýyllarda Iwan Mauger (Täze Zenlandiýa) gazandy.


 


Kriket ýaryşy boýunça derňelen iň köp utuklaryň sany (kriket)


Allan Border derňelen 165  ýaryşlarda 1978-1994-nji ýyllarda 11 174 utuk gazanmany başardy.


 


Gandbol boýunça dünýä çempionatynda  aýallaryň  arasynda  iň köp gazanylan ýeňişler


Aýallaryň arasynda dünýä boýunça 3 gezek birinjiligi 1971-nji, 1975-nji we 1978-nji ýylda Germaniýa gazandy.


 


AFL ýaryşynda haýran galdyryjy hasap


Bu-345 utuk, 1978-nji ýylyň maý aýynyň 6-na Sent-Kil-d komandasy Melburny 204:141 utuk bilen ýeňiş gazanýar.


              Irland hokkeýi: uly aralyga uçmak


Tom Merfinyň urup uçuran şaýbasy (Tri zamk – komandasy, Killkenni, Irlandiýa) 118metr aralygy ýeňip geçdi. Bu rekort 1906-njy ýylda goýuldy.


 


        Futbol ýaryşynda bir oýunçynyň salan goly


Olimpik oýunlarynda bir oýunçynyň salan golunyň sany 10 deň, bu rekordy Daniýa toparyndan  Fransiýanyň garşysyna oýnan Sofus Nilsen 1908-nji ýylda goýdy( gutarnykly  hasap 17:1).


 


Olimpik oýunlarynda yzly-yzyna  iň köp  gazanylan şahsy altyn medallaryň sany


   1900-nji, 1904-nji, 1906-njy we 1908-nji  ýyllarda Raýmond Klarens Ýuri (ABŞ) 4 gezek yzly-yzyna geçirilen  uzak aralyga  we beýiklige bökmek boýunça ýaryşlarda ýeňiş gazandy.( Goşmaça oýunlar 1906-njy ýylda Halkara Olimpik Komiteti tarapyndan gurnaldy).


Okalan sany: 1100   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05428 sek. ýüklenen baýt: 47586