Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri K.Oraznepesowyň 70 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisi
Ýazylan wagty: 25 апреля 2014 Ýazan NEXTTM
      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda bolşy ýaly Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem toýdur-baýramçylyk çärelerine bagyşlanan we suratkeşleriň şahsy sergileri yzygiderli geçirilip durulýar. Onda Watanymyzyň taryhynyň, gazanylýan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň waspy reňkleriň üsti bilen ýetirilip, tomaşaçylara hödürlenýär. Şeýle sergileriň biri-de, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş  Kakajan Oraznepesowyň eserleriniň sergisidir. Bu sergi düýn ýagny, 2014-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne sagat 16:00-da Aşgabat şäherinde ýerleşen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri K.Oraznepesowyň 70 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama  sergisi hökmünde açyldy.

     1944-nji ýylda  Mary welaýatynyň Sakarçäge  etrabynyň Akýap obasynda doglan K.Oraznepesow 1958-1963-nji ýyllarda Aşgabadyň Çeperçilik mekdebinde okaýar. 1965-1970-nji ýyllarda Moskwada SSSR Suratkeşler birleşiginiň merkezi okuw-synag studiýasynda okuwyny dowam etdirýär. 1967-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy bolup durýan Kakajan aganyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken ýadawsyz zähmedini, döreden ajaýyp sungat işlerini, ýurdumyzyň durmuşyny wasp etmekde bitiren işlerini göz öňünde tutup 1991-nji ýylda oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakylýar.

    Kakajan Oraznepesowyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen milliligi onuň sungatyny has-da kalba ýakyn edip görkezýär. Muny, aýratynam  onuň “Türkmen hünärleri” diýen toplumda döreden “Keçeçiler”, “Küýzeçiler”, “Tikinçiler”, “Halyçylar” atly işlerinde aýdyň duýmak bolýär. Onda türkmeniň gadymdan gelýän el hünärleri barada söhbet açylyp, bu hysyrdyly hem jogapkärli işleriň netijesinde döreýän sungat eserleri barada gürrüň edilýär. Awtoryň “Baba”, “Mama”, “Agtyk” diýen üçlüginde çagalyk, garrylyk barada açyk reňkler bilen adamzat ömri, maşgala durmuşy beýan edilýär. Onuň eserlerinde ýurdumyzyň oba hojalygy, ondaky batly depginler bilen barýan ösüşler, agyr senagatda alnyp barylýan işler, işçileriň gaýratly zähmetleri aýdyňlygy bilen suratlandyrylypdyr.  “Suw geldi” atly işinde bolsa “Garagum” derýasynyň gelmegi bilen adamlaryň şatlykdan joşýan pursatlary kendire geçirilipdir. Kakajan aganyň ýurduň durmuşyndan ýazan şeýle eserleriniň sanawyny näçe uzaltsaň uzalyp gidip otyr. Sergide onuň zergärçilikde ýerine ýetiren işleri baradaky maglumatlar bilenem tanşyp bilersiňiz.

   Ussat suratkeş Kakajan Oraznepesow özüniň sungat eserleri bilen türkmen halkynyň kalbynda  nesillere halypa mekdebi bolup ýaşaýar.


Okalan sany: 1255   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
25 апреля 2014

goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07603 sek. ýüklenen baýt: 32300