Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Bedew – türkmeniñ uçar ganaty
Ýazylan wagty: 26 апреля 2014 Ýazan Meret


Bedew – türkmeniñ uçar ganaty

Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ halkymyzyñ röwşen geljegi üçin alyp
barýan öñdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyz gülläp
ösýär, giñ möçberli işler durmuşa geçirilip, ilatyñ hal-ýagdaýy ýokarlanýar,
durmuş ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ulgamlarda düýpli özgertmeler bolup
geçýär. Bu gün beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda türkmen halkynyñ gadymdan
gelýän milli ýörelgeleri, edim-gylymlary döwlet syýasatynyñ aýrylmaz bölegine
öwrülýär.  Türkmeniñ köñül buýsanjy, uçar
ganaty hasaplanylýan behişdi  bedewleriñ
taryhyna ser salsañ, onuñ añyrsynda asman giñişligi ýaly giñ hem çuñ hakydanyñ
ýatandygyny merdana milletimiziñ şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda
türkmen bedewleriniñ ornunyñ uludygyny görmek bolýar. Ençeme ýyllaryñ,
asyrlaryñ, taryhy eýýamlaryñ geçendigine garamazdan, türkmen halky özüniñ
medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlygyny saklap galmagy başaran halkdyr.
Türkmen halkynyñ  taryhynyñ ähli
döwürlerinde hem asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy üçin
owadan we syratly, ganatly bedewlere uly sarpa goýlupdyr.  Kuwwatly döwletleri döreden türkmenleriñ
ata-babalarynyñ beýik ýörişlerini, şöhratly ýeñişlerini bedewsiz göz öñüne
getirmek kyndyr. Türkmeniñ behişdi bedewi onuñ ýow güni gardaşy, doganyndan eý
görýän syrdaşy bolup gelipdir. Türkmen üçin bedew atyñ üsti Süleýmanyñ
tagtyndan zyýada hasaplanypdyr. Türkmen edebiýatynda hem bedew atlara berilýän
orun diýseň uludyr. „Oguznama“, „Gorkut ata“, „Görogly“, „Kowusnama“,
„Syýasatnama“ ýaly eserlerde bedew atlarymyzyñ çalasynlygy we syratlylygy hem
aýratyn mähirliligi, özüne çekiji y
нsanpisint
häsiýetleri bilen köpleri haýrana goýandygy barada aýdylýar.  Hormatly Prezidentimiz: „ At – türkmen üçin
hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müñlerçe nakyllar we
atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiñ gahrymanyna
öwrüldi “ diýip belläp geçýär. Danalarymyz bedew at bilen bagly döreden
nakyllarynda türkmeniñ milli parasatyny bütin aýdyñlygy, berkligi bilen belläp
geçipdirler: „At dosty – ata dosty“, „At almankañ, eýer al“,„At almaz, seýis
alar“,„At alsañ, aslyn sora“, „Aty baryñ - ganaty bar“, „At - myrat“. Şygryýet
ummanynyñ parlak ýyldyzlary Magtymgulynyñ, Seýdiniñ, Mätajiniñ...
döredijiliginde hem türkmen bedewiniñ waspy öz mynasyp beýanyny tapýar.

Türkmenistanyñ
Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady tutulan
berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe türkmeniñ milli guwanjy ahalteke
atlary öz mynasyp ornuny tapdy. Ýyndamlykda, owadanlykda deñi-taýy bolmadyk
ahalteke bedewleriniñ şöhraty dünýä ýaýylýar. Ahalteke atçylygynda täze ugurlar
bilen işlemäge we döretmäge, asyl bedew atlary ösdürip ýetişdirmäge ak ýol
açyldy. Hormatly Prezidentimiz: „Ahalteke bedewi – biziñ buýsanjymyz we
şöhratymyz“ atly kitabynda: „Gadymy türkmen taryhynyñ  tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyñ aýratyn
zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniñ gany bilen ähli münülýän atlaryñ
görnüşlerini yzda galdyryp,
йer ýüzüniñ
atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiñ hötdesinden geldi. Ol özi
barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen dünýäniñ medeni
giñişliginde owadanlygyñ ajaýyp nusgasyna öwrüldi“ diýmek bilen türkmen
bedewlerine aýratyn sarpa goýýar. Türkmen halkynyñ medeni we ruhy durmuşynda
bedewler uly orun tutýar. At münmek, atly gezelençleri etmek hem beden
saglygynyñ girewi bolup ýaşlarda çalasynlygy, ugurtapyjylygy, batyrgaýlygy we
edermenligi terbiýeleýär. Hormatly Prezidentimiziñ tagallasy bilen dürli sport
çärelerine beslenen „Sagdynlyk we bagtyýarlyk“ aýynda at münmek, atçylyk sporty
we at üstündäki dürli oýunlar bilen iş salyşmak hem sagdyn jemgyýeti
terbiýelemäge kömek edýär we sportuñ bu görnüşi özboluşly aýratynlygy bilen
tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewi barada: „Biz geljekde hem
bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziñ buýsanjymyz we
şöhratymyzdyr, biziñ ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke
bedewi tebigatda ynsanyñ zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüñ, sagdynlygyñ
we gözelligiñ simwolydyr“ diýip türkmeniñ buýsanjy bolan be
хişdi bedewlerimiziñ at owazasyny arşa galdyrýar. Ahalteke
bedewleri ähli döwürlerde-de özleriniñ owadanlygy, syratlylygy, gelşikliligi
hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanypdyr. Biziñ günlerimizde-de bedewlerimiz
özleriniñ ajaýyp alamatlaryny ýitirmän saklaýarlar. Ýyndamlygy, çydamlylygy we
özboluşly gözelligi bilen göreni haýran edýän ahalteke bedewlerimiziñ dünýä
dolan şan-şöhraty has-da belende galýar.

Munuñ şeýle bolmagyna Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyñ başlangyjy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp
barylýan ägirt uly işleri şaýatlyk 
edýar. Beýik pederlerimiziñ şeýle belent sarpa goýan, ýüwrük
bedewlerimiziñ şanyna Garaşsyz diýarymyzda her ýylyñ aprel aýynyñ soñky
ýekşenbesinde dabaraly toýlar tutulýar. Türkmen halkynyñ: „ Biziñ milli
buýsajymyz Türkmenistanyñ Döwlet Tugrasynyñ bezegi bolan ahalteke bedewi
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyñ hakyky simwolydyr we onuñ parahatçylyga we
dünýäniñ ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyñ şaýadydyr“ diýýän  Gahryman Arkadagynyñ töweregine berk
jebisleşip, bagtyýarlyk döwrüniñ ak ýoly bilen öñe ädýän ädimleri, bu ak
ýollarda hormatly Prezidentimiziñ beýik tutumlary rowaç alsyn! Mähriban
Prezidentimiziñ saýasynda toýlanjak Bedew baýramy hem ähli türkmen halky üçin
gutly-mübärek bolsun!

Okalan sany: 3769   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05751 sek. ýüklenen baýt: 36678